Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
Teswirlemeler
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
Çap edildi 21.11.2024
542

Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny berkitmek, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Bu günki gün biziň ählimiz parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň ajaýyp üstünliklerine buýsanmaga haklydyrys.

Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisindäki çykyşynda belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz belent sepgitlere ýetdi. Döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň görkezijisi bolup hyzmat edýär.

Döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmak, maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişini dowam etdirmek, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz ýakyn we uzak möhletleýin geljek üçin maksatlary kesgitlemek bilen, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryň özleşdiriljekdigini aýtdy. Durmuşa geçirilýän özgertmeler türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlaryň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeler geljek ýylda-da dowam etdiriler. Şu maksat bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemegi tabşyrdy.

Döwlet býujeti ykdysadyýeti meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Şeýlelikde, Döwlet býujetiniň çykdajy bölegini maksatnamalaýyn peýdalanmak we özleşdirmek üpjün edildi. Girdeji bölegi barada aýdylanda bolsa, ol ykdysadyýeti özgertmegiň, innowasion ösüşi gazanmagyň, hususy pudagyň paýyny giňeltmegiň hasabyna artdyryldy. Döwlet Baştutanymyz bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini saklamak boýunça geçirilen özgertmeleriň durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün edendigine ünsi çekdi. Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylar.

Nebitgaz pudagyny giň gerimde ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryna degişli iri desgalaryň açylyş we gurluşygyna badalga bermek dabaralary geçirildi. Bu şanly wakalar türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryna aýratyn orun degişlidir.

Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygy dowam etdirilýär. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde alyp barýan syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy birleşdirmek boýunça hem netijeli işleriň amala aşyrylandygyny belledi. Elektroenergetika pudagynyň desgalary döwrebaplaşdyrylyp, täzeleri gurulýar.

Alnyp barylýan durmuş syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde — sebitlerde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýylyň-ýylyna durnukly ösüş depgini hasaba alynýar. Şu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhynda gurlan ilkinji «akylly» şäheriň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygynyň ýokary derejede baýram edilendigi bellärliklidir. Mälim bolşy ýaly, Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide Arkadag şäheri üç sany baýraga, şol sanda iň tapawutlanan “akylly” şäher hökmünde baş baýraga mynasyp boldy. Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geljekde-de ilerlediljekdigine aýratyn ünsi çekdi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar.

Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň mejlisdäki çykyşynda nygtaýşy ýaly, bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek üçin şu ýylyň hasylyndan başlap, bu önümleriň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. Ekerançylyk bilen bir hatarda, ýüpekçiligi, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek boýunça wezipeler netijeli çözülýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we olaryň baş sanyny köpeltmek, türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda-da uly işler alnyp barylýar.

Tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga, köpeltmäge degişli çäreler hem üns merkezindedir. Şu ýyl ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga gönükdirilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Milli tokaý maksatnamasy esasynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň önümçiliginde metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça uly tagallalar edilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna eýe bolan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini hem-de «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklipler bilen çykyş edýär.

Söwda toplumy hem milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biridir. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlarymyza dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberi we ugurlary artdyrylýar. Dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça-da möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Halkymyzyň dünýä meşhur milli halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işi barada durup geçip, birleşmäniň agzalarynyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda iş alyp barmak bilen, gysga döwrüň içinde guwandyryjy netijeleri gazanýandyklaryny nygtady. Ýurdumyzda geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler.

Milli ulag-aragatnaşyk pudagynda gadymy söwda ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ulagyň ähli görnüşi bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny işjeňleşdirmek, halkara üstaşyr ulag mümkinçiliklerini doly ulanmak babatda zerur tagallalar edilýär. Bu ugurda Türkmenistan iri halkara guramalar, şol sanda BMG bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Bilim ulgamynda giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn terbiýelemek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny, mekdep-gimnaziýalaryny we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalaryny açyp ulanmaga bermek hem möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz çykyşynda ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmeginiň, täze tehnologiýalaryň döremeginiň bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýändigini aýtdy.

Halkymyzyň saglygyny goramak we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä, ilata dünýä ülňülerine laýyk gelýän, elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda täze saglygy goraýyş edaralarynyň gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Bu işleriň ählisi keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär.

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek babatda-da uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan iri halkara we sebitleýin ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen bir hatarda, Aziýanyň Tennis federasiýasy paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumyny «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýip yglan etdi. Bu wakalar Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki abraýyny has-da belende göterdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, medeniýet we sungat halkymyzyň ruhy baýlygydyr. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda bu ulgama uly orun degişlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylky Medeniýet hepdeliginiň Arkadag şäherinde geçirilendigi, geljek ýylda bolsa bu özboluşly sungat baýramçylygynyň Ahal welaýatynda guraljakdygy bellärliklidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek we şahyryň belent başly heýkelini döretmek boýunça başlangyçlary öňe sürdi. Netijede, şu ýyl paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, akyldar şahyrymyzyň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara maslahatlaryň, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň şanyna beýleki iri çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Geçen döwürde ýurdumyzyň täsin taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, özboluşly däp-dessurlary, tebigy gözellikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk geljekde hem ösdüriler. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda ýokarda ady agzalan sanawlara täze hödürnamalary girizmek üçin degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi. Bu Arkadag şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, onuň bilim edaralaryny bolsa guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizmek meselelerine-de degişlidir.

“Dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hem-de Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, biz ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi hem Bitaraplygymyzyň bütin dünýä üçin nusgalykdygyny subut edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini bellemek möhümdir. Bu geljek ýylda örän wajyp taryhy we şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen garşylamaga düýpli taýýarlyk görmegi şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny hem nygtady. Şol bir wagtda täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we olary yzygiderli kämilleşdirip durmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. “Durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler biziň ählimizden jogapkärçilikli, yhlasly zähmet çekmegi, ýokary netijeleri gazanmagy talap edýär. Şoňa görä-de, eziz Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizi nazara alyp, ýurdumyzyň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmelidiris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyzyň bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludygyny, geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biziň mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gitjekdigimizi nygtady. Iň esasysy bolsa, agzybirlikde, bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris. “Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we geljek ýylda öňde goýlan ähli wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetiriljekdigine berk ynam bildirdi. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerine ygrarly bolan, gazanylan üstünliklerden we täze döredijilikli maksatlardan ruhlanýan halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, tutanýerli zähmeti bolsa munuň berk binýadydyr.

Soňky habarlar
30.11
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
29.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
29.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
29.11
Budapeştde Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady
29.11
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
28.11
Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk
28.11
Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
28.11
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
top-arrow