Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Hünärmenleri taýýarlamak — döwletiň intellektual kuwwatyny artdyrmagyň möhüm şerti
Jemgyýet
Hünärmenleri taýýarlamak — döwletiň intellektual kuwwatyny artdyrmagyň möhüm şerti
Çap edildi 15.07.2024
925

Şu gün ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy.

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň, şeýle-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Bu möhüm möwsümiň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga hem gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet toparyna 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde birnäçe möhüm wezipeleri goýdy. Ýokary okuw mekdeplerine ýaş nesliň zehinli, has mynasyp wekillerini kabul etmek, giriş synaglarynyň guramaçylykly we adalatly geçirilmegini üpjün etmek şol wezipeleriň hataryndadyr. Mundan başga-da, täze okuw ýylyna talabalaýyk taýýarlyk görülmegini guramak, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmek tabşyryldy. Bilim maksatnamalarynydyr meýilnamalaryny kämilleşdirmek, mekdepleri okuw kitaplary we gollanmalary bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek hem ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Bu günki gün okuw kitaplaryny taýýarlamaga uly mugallymçylyk tejribesi bolan hünärmenler, professorlar, ylymlaryň kandidatlary, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri çekilýär. Okuw kitaplary bilim bermek işiniň hökmany bölegi bolmak bilen, köp babatda, hususan-da, ösüp gelýän ýaş nesli ahlak gymmatlyklary esasynda, watançylyk ruhunda terbiýelemekde bu işiň netijeliligini kesgitleýär. Şu nukdaýnazardan, türkmen hünärmenleri ynsanperwer ylymlara aýratyn üns berýärler. Çünki ylmyň bu ugruna terbiýeçilik häsiýeti mahsusdyr.

Ýurdumyzda ýokary bilimli, kämil ahlakly, özbaşdak çözgüt kabul edip bilýän, işjeň hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde intellektual we tehnologik bäsdeşligiň döwründe bilim döwletimiziň döwrüň talabyna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün edip biljek kesgitleýji şert bolup durýar. Şoňa görä, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dalaşgärlere dürli ugurlar boýunça bilim almagy hödürleýär. Şunda bu ugurlaryň üsti yzygiderli ýetirilýär, täze-täze hünärler açylýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlary, öňdebaryjy tejribe önümçilige, bilim, medeniýet, durmuş ulgamlaryna işjeň ornaşdyrylýar. Jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilim syýasatynyň kanunçylyk taýdan berkidilmegi “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapýar.

Jemgyýetiň ykdysady, syýasy, ruhy ösüşi, ilkinji nobatda, nesilleriň hünär taýdan taýýarlygyna baglydyr. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan baş çykarýan ýokary bilimli milli hünärmenleri taýýarlamagyň netijeli ulgamynyň döredilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 8-si “UI GreenMetric” dünýä reýtinginiň 2023-nji ýylda çap edilen sanawyna girizildi. Bu reýting uniwersitetleriň ekologik infrastrukturany kämilleşdirmek boýunça tagallalaryna we olaryň daşky gurşawy goramak ulgamynda durnukly ösüşe goşýan goşandyna baha berýär. Geçen ýylyň maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 9-sy Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň işjeň agzasy bolup durýar.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde elektron okuw portallary döredildi. Olar elektron bilim maglumatyny, okuw sapaklarynyň wideoýazgylaryny, synaglary geçirmek ulgamyny, bilim we synag bahalarynyň žurnallaryny özünde jemleýär. Kompýuterleriň, multimedia, interaktiw usullaryň, tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, internete elýeterliligiň üpjün edilmegi, milli ylym-bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy ýaşlaryň ýokary bilim derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Hünärmenleri taýýarlamak boýunça baglaşylan halkara ylalaşyklar esasynda Türkmenistanyň ýaşlary daşary ýurtlaryň öňdebaryjy bilim ojaklarynda okuwlaryny dowam etdirýärler.

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler we öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalaryny, meýilnamalaryny, okuw kitaplaryny, gollanmalary yzygiderli kämilleşdirýärler. Raýatlaryň alan döwrebap bilimleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda iş ýüzünde peýdalanylmalydyr. Çünki häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Hil taýdan täze derejä çykarylan milli bilim ulgamy döwrebap tehnologiýalary, intellektual mümkinçilikleri özleşdirmek babatda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara ýaryşlarda, şol sanda internet olimpiadalarynda jemi 156 altyn, 242 kümüş, 339 bürünç medaly gazanmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsüminiň eýýäm ilkinji gününden başlap işjeň häsiýete eýe bolandygyny bellemek gerek. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň täze bilimleri, hünär ussatlygyny ele almaga, ýurdumyzyň intellektual we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşmaga çalyşýandyklaryny tassyklaýar. Bu möwsümiň öňüsyrasynda ýaşlaryň, mekdep uçurymlarynyň arasynda köpçülikleýin wagyz-düşündiriş işleriniň geçirilendigini, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine, olarda geçirilen “Açyk gapylar” günlerine bagyşlanan ýörite telegepleşikleriň görkezilendigini, makalalaryň çap edilendigini bellemek gerek.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýaş raýatlaryna ýokary hilli bilim almak hem-de hünär saýlamak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şoňa görä-de, “Türkmenistanyň röwşen geljegi bar” diýip ynamly aýdyp bileris. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty, şol sanda milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alyp barýan syýasaty munuň şeýle bolmagyna ýardam berýär.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow