Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
Jemgyýet
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
Çap edildi 08.03.2024
1787

Şu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli hem-de ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň şanyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly dabara geçirildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp bahar baýramy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde geçirilýär. Akyldar şahyryň eserlerinde türkmen zenanlarynyň dünýäsine mahsus ruhy päklik, näziklik we gözellik ussatlyk bilen wasp edilýär. Gelin-gyzlarymyza goýulýan hormat-sarpa edebiýatymyzda, sungatymyzda öz beýanyny tapmak bilen, häzirki wagtda köpasyrlyk medeni-ahlak ýörelgeleriniň esasynda eneleri, uýalary, gelin-gyzlary üns-alada bilen gurşap almagyň ygtybarly binýady döredildi. Şu günki geçirilen baýramçylyk konserti hem bu ýörelgeleriň mynasyp dowam edýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Oňa Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelin-gyzlar tomaşaçy hökmünde gatnaşdylar.

Baýramçylyk konsertine ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy. Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri bar. Şeýle hem dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, halkara düzümleriň zenan işgärleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna iberen baýramçylyk Gutlagynda türkmen halkynyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagynda, mertebesiniň beýgelmeginde, gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetmeginde eziz enelerimiziň, mährem gelin-gyzlarymyzyň hyzmatynyň uludygy bellenilýär. “Belent ruhly, kämil nesli kemala getirmekde enelerimiz, gelin-gyzlarymyz tarapyndan döredilen hüwdüler, läleler, monjugatdylar ýaly halk döredijiliginiň nusgalary ýaşlarda lebzihalallygy, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, ululary sylamagy, il-güne wepalylygy, belent ahlaklylygy terbiýeleýän, türkmeniň ähli ýagşy gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýän edep mekdebidir” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

Müňýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, halkymyz maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligini saklap gelýär. Ol nesillerde ynsaplylyk, pespällik we zähmetsöýerlik, enelere hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri terbiýeleýär. Ähli döwürlerde hem türkmen jemgyýetinde enelere aýratyn sarpa goýlupdyr. Zenanlar maşgala ojagyny, jemgyýetiň ahlak esaslaryny, ruhy we ynsanperwer gymmatlyklary goraýan beýik ynsanlardyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň zenanlary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň hatarynda başarjaň ýolbaşçylar, alymlar, mugallymlardyr lukmanlar, telekeçiler, deputatlar hem-de diplomatlar bar. Şol bir wagtyň özünde, olar mähriban ene, wepaly ýanýoldaş, maşgala ojaklarynyň eýeleridir. Täze taryhy döwrüň döredilmegine işjeň gatnaşýan zenanlaryň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmeginde eýeleýän orny hem barha artýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gelin-gyzlarymyzyň ruhy, zehin we ahlak mümkinçiliklerine ýokary baha berip, olaryň jemgyýetçilik bähbitli başlangyçlara, oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, jemgyýetde demokratik, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine, medeni däp-dessurlaryň goralyp saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine goşýan goşantlaryny aýratyn belleýär. Jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde bu gün döwletimiz tarapyndan zenanlaryň mynasyp durmuşy we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin zerur şertler döredilýär, gender deňligi kanun esasynda üpjün edilýär. Olaryň hukuklaryny, bähbitlerini üpjün etmek, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak babatda hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi zenanlarymyzyň buýsanjyny has-da artdyryp, “Döwlet adam üçindir!”, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrülýär.

Döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallalary zenanlaryň aň-paýhas, durmuş mümkinçiliklerini ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegine, olaryň hukuklaryny goramakda kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegine, enäniň we çaganyň saglygynyň goralmagyna, köp çagaly maşgalalara goldaw berilmegine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar.

Zenanlar dessanlaryň, rowaýatlaryň, gahrymançylykly eposlaryň we söýgi hakdaky şygyrlaryň, kalplarda orun alan halk aýdymlarynyň gahrymanlarydyr. Ussat zergärler hem gymmat bahaly metallardan we daşlardan şaý-seplerini zenanlara bagyşlapdyrlar. Türkmen zenanlary milli halyçylyk, keşdeçilik ýaly deňi-taýy bolmadyk sungatymyzda şöhratly taryhymyzy aýdyň we hemmetaraplaýyn esasda beýan etmegi başarýarlar. Munuň özi milli döredijilik mekdebiniň esasyny düzýän ýörelgelerdir. Bu ýörelgeler häzirki zaman türkmen medeniýetinde mynasyp dowam etdirilip, öz ösüşinde täze galkynyşa eýe boldy.

Her ýyl ýurdumyzda gelin-gyzlaryň şanyna söýginiň, näzikligiň, gözelligiň we wepalylygyň baýramy bolan Halkara zenanlar güni bellenilýär. Baýramçylyk dabaralarynyň iň ýatda galyjy wakalarynyň biri hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagydyr. Mälim bolşy ýaly, bu hormatly at sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere berilýär. Şu ýylda-da zenanlaryň ýüzlerçesi bu hormatly ada mynasyp boldular. Köp çagaly eneleriň uly toparyna ýokary amatlyklary bolan täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary hem gowşuryldy. Ýurdumyzda ak gyňaçly enelere, önümçilikde işleýän gelin-gyzlara, talyp we okuwçy gyzlara, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi.

Köp çagalylyk türkmen halkynyň hemişe maşgala gymmatlygy hem-de asylly däbi bolup gelýär. Bu ýörelgeleri dowam etdirmek, eneleriň we ýaş nesliň saglygyny goramak üçin Diýarymyzyň dürli künjeklerinde lukmançylyk, öňüni alyş, anyklaýyş edaralary, saglyk merkezleri, şypahana toplumlarynyň döwrebap ulgamy döredilýär. Bu giň gerimli işleriň çäklerinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň işi bellenilmäge mynasypdyr.

Döwletimiz tarapyndan edilýän yzygiderli aladany duýýan zenanlar hemmetaraplaýyn goldaw, maşgala ojaklarynyň abadançylygy, saýlan ugurlarynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri, ýaş nesilleriň kämil bilim almaklary, olaryň sazlaşykly ösüşi, hünär derejesini ýokarlandyrmak we mynasyp durmuşda ýaşamak babatda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler.

Zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek, maşgala hem-de enelige goldaw bermek jemgyýetiň ösüş derejesiniň iň möhüm görkezijileridir. Türkmenistanda bu meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary derejesine çykarylyp, ol anyk çärelerde öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda zenanlaryň durmuş derejesini gowulandyrmak, olaryň zehinini we başarnyklaryny has doly durmuşa geçirmekleri üçin şertleri döretmek babatda geljekde-de ähli çäreler görler. Şu gezekki ajaýyp bahar baýramy we Halkara zenanlar güni häzirki döwrüň ruhy bilen has sazlaşyp, güýjümizi, ynamymyzy, iň gowy umytlarymyzy artdyrýan döredijiligiň hem-de täze durmuşyň şatlygyny, ruhubelentligi, asylly başlangyçlary özünde jemleýär.

...Söwda-senagat edarasynyň dabaralar zalynda gelin-gyzlaryň şanyna Halkara zenanlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglar we iň gowy arzuwlar beýan edildi. Eneleriň mähribanlygy, aladasy, ruhy jomartlygy üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň barha artýandygy aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy, milli kanunçylygymyzyň degişli namalary, şeýle-de aýal-gyzlaryň bilimi, saglygy, olaryň durmuş-jemgyýetçilik derejesi bilen baglanyşykly ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýär.

Sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň, höwesjeň döredijilik toparlarynyň çykyşlary gözelligiň, söýginiň, baharyň, durmuşyň we türkmen zenanynyň keşbini alamatlandyrýan gymmatlyklaryň senasyna öwrüldi. «Zenan kalbynyň gözelligi» atly aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk maksatnamasynyň bezegi boldy. Oňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik topary gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylar çykyşa ünsli tomaşa etdiler. Bu ajaýyp sahna oýnunda gözellik, zenan bagty, wepalylyk, egsilmez ene söýgüsi hem-de mähribanlyk wasp edilýär. Zenanlaryň keşbi hut şu duýgular bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Baýramçylyk konsertinde ýerine ýetirilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly aýdym Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda özboluşly sena bolup ýaňlandy. Beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan medeni diplomatiýanyň gazananlaryny aýdyňlygy bilen görkezýär.

Zenanlaryň hormatyna aýdymçylar halkymyzyň söýgüsini gazanan häzirki zaman aýdymlary ýerine ýetirdiler. Baýramçylyk çykyşlarynda söýgi we mähir, gelin-gyzlar, tebigatyň gözelligi baradaky aýdymlar italýan, rus, fransuz dillerinde ýaňlandy. Watançylyk aýdymlary söýgi mukamlary we gadymy äheňler, halk döredijilik çykyşlary boýunça kompozisiýalar estrada çykyşlary hem-de halk sazlarynyň döwrebap derejede täzeden işlenen nusgalary bilen utgaşdyryldy. Konsert maksatnamasyna meşhur şahyrlaryň sözlerine döredilen eserler hem girizildi. Ýüreklere ýakym paýlan aýdym-saz eserleri şowhunly çykyşlar bilen utgaşyp, dabara gatnaşyjylary tans meýdançasyna çagyrdy. Kalbyňy tolgundyrýan çykyşlar, joşgunly tanslar şowhunly el çarpyşmalara, baýramçylyk gutlaglaryna ulaşdy. Aýdym-sazly şüweleň şahyrlara, kompozitorlara we aýdymçylara joşgunly ylham berýän türkmen baharynyň gülleýşini, zenan gözelligini beýan etdi.

Türkmenistanyň halk artisti A.Myratdurdyýewiň Gahryman Arkadagymyzyň “Kalbymda sen” atly aýdymyny ýerine ýetirmegi dabara gatnaşyjylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Tomaşaçylar zenan bagty we wepadarlygy, ene söýgüsi, Watanymyzyň baky gözelligi baradaky ajaýyp aýdymy uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Dabara gatnaşyjylar türkmen baharynyň köpöwüşginliligini özünde jemleýän çykyşlaryň ählisini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Sungat ussatlarynyň çykyşlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda eneligi we çagalygy döwlet tarapyndan goldamak, gelin-gyzlaryň hukuklaryny goramak, olaryň hünär, zehin mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri, döredijilik ukyplaryny açmaklary üçin ähli şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan asylly işleri beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşdyryldy. Baýramçylyk konserti dünýäniň bezegi, sazlaşygyň gözbaşy bolan, şatlyk we ruhubelentlik paýlaýan enelere, uýalara, gyzlara, mährem zenanlara tüýs ýürekden arzuwlar beýan edilýän “Bagtyýar zenanlar, bagtly sonalar” atly aýdym bilen tamamlandy.

Dabara gatnaşyjylar abadan durmuşda ýaşamak, döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

***

Şu gün — Halkara zenanlar gününde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary geçirildi.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyklar mynasybetli ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek däbi Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň, durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijeliliginiň aýdyň güwäsidir.

Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde bir sany 4 gatly, 64 öýli täze ýaşaýyş jaýynda öý eýelerine açarlary gowşurmak dabarasy boldy. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde iki sany 4 gatly, 40 öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezindäki A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda dört sany 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylmagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy guraldy. Şeýle dabaralar Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň ugrunda we Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň Şypaly şaýolunyň ugrunda-da geçirildi. Bu ýerlerde, degişlilikde, üç sany 4 gatly, 24 öýli we bir sany 4 gatly, 32 öýli, bir sany 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy boldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda yzygiderli ulanmaga berilýän şeýle döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň taslamasy düzülende we gurlanda, rahat ýaşamak hem-de dynç almak üçin amatly şertler göz öňünde tutulýar. Täze ýaşaýyş toplumlaryny ösdürmegiň meýilnamasy döwrebap durmuş infrastrukturasyny, ýaşaýjylaryň işjeň we netijeli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri üpjün edýär.

Dabaraly çärä ýygnananlar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze binalaryň ýanyndaky meýdançalarda Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow