Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 03.06.2026
23

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygy alamatlandyrýan sene — Bütindünýä welosiped güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Diýarymyzy ösen sport döwletine öwürmek ugrundaky tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta söýgi durmuşa söýgüdir. Sport raýatlaryň beden hem-de ruhy sagdynlygy babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir. Şoňa görä-de, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alnyp, ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek babatda ähli zerur şertler döredilýär. Siziň baştutanlygyňyzda paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi, döwrebap sport düzümleri döredildi. Ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, ýokary netijeli sporty wagyz etmäge hem üns berilýär. Şeýle binýatlaýyn esasda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada Siziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyňyzyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek ýaly asylly däbiň başynyň başlanylmagy bolsa sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen tebigata aýawly çemeleşmegiň özboluşly sazlaşygyny döredýär. Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň çäginde welosport boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçiligi bolan Welotrek binasynyň, paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Welosiped» binasynyň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Aşgabatda geçirilen iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň, iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem Diýarymyzda sportuň bu görnüşiniň tarapdarlarynyň barha artýandygyny görkezýär.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Häzirki zaman dünýäsinde welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi, işjeň we peýdaly dynç alyş üçin ajaýyp serişde hasaplanýar. Ol sportuň, ekologiýanyň, sagdynlygyň özara baglanyşygyny alamatlandyrýar. 2018-nji ýylda Garaşsyz döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň bu ugurda ählumumy tagallalara işjeň goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.

Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, şeýle hem bütindünýä Olimpiýa hereketine goşulmak üçin Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Sportda doping serişdelerini ulanmaga garşy göreş boýunça halkara Konwensiýasyny tassyklamagy, Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşulmagy, Milli antidoping agentliginiň döredilmegi, halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri sport ulgamynda durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijelidiginiň aýdyň beýanydyr.

Siziň başda durmagyňyzda bu günki gün Bütindünýä welosiped güni milli senenamamyzda aýratyn orny eýeläp, dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýar. Bu möhüm senäniň şanyna geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri eziz Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny has-da belende göterýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkara baýram hökmünde uly ruhubelentlikde bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, sport diplomatiýasyny has-da ilerletmek ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
03.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
02.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
02.06
Ykdysady we ruhy galkynyşyň belent sepgitlerine tarap
02.06
Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy
02.06
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
02.06
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
01.06
Türkmenistanda dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi
top-arrow