Geçen hepde parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini aýdyň şöhlelendirýän möhüm wakalara baý boldy. Aşgabat şäheriniň güni hem-de nobatdaky okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Soňky jaň» dabaralary giňden bellenildi. Milli däp-dessurlara laýyklykda, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gurbanlyk sadakalary berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen giň gerimli taslamalary, döredijilikli başlangyçlary hormatly Prezidentimiz üstünlikli dowam etdirýär. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň ruhy-ahlak binýadyny düzýän, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlara, ynsanperwer ýörelgelere daýanyp, jemgyýetde agzybirligi, durnuklylygy pugtalandyrmak, ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini üpjün etmek ugrunda uly tagallalary edýär.
25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ony bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem ýazlyk ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, bu işlerde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Berkararlyk etrabynyň 8-nji kiçi etrapçasynda 5 gatly, 60 öýli, 5 gatly, 80 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Şeýle hem Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 2 gatly, 5 otagly 78 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň açarlary täze öý eýelerine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Açylyş dabaralarynyň dowamynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Aşgabat şäheriniň gününde ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde nobatdaky okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen baglylykda, «Soňky jaň» dabarasy geçirildi. Asylly däbe görä, ir bilen mekdep uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, berkararlygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle-de welaýatlaryň baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary boldy. Mekdep ýyllarynda dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara, şeýle-de bilim ulgamynyň işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
«Soňky jaň» dabarasy mynasybetli uçurymlar üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlere, seýilgählere gezelençler guraldy. Agşam «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, uçurymlar, bilim işgärleri gatnaşdylar. Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy.
25-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Diýarymyzda möhüm ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere garaldy.
Ahmet Çalyk Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi, tutuş türkmen halkyny Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady.
Türkiýeli işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işlejek, sebitde iri döwrebap elektrik stansiýasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan karbamid öndürýän täze toplumyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. «Çalyk Holding» kompaniýalar topary ýurdumyzyň senagat we durmuş maksatly möhüm binalarynyň, döwrebap saglyk merkezleriniň gurluşygyna işjeň gatnaşýar, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerini ýerine ýetirýär.
Ahmet Çalyk “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Stambul şäherinde geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraga mynasyp bolmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy gutlady. Işewür bu festiwala Bilal Ärdoganyň hem gatnaşyp, behişdi türkmen bedewleriniň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa edendigini we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza salamyny, “Galkynyş” toparynyň gazanan ýeňşi mynasybetli gutlaglaryny iberendigini aýtdy.
Işewür Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atçylyk ulgamyna degişli çärelere gatnaşmaga isleg bildirýändigini belledi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha artýandygyny görkezýär.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli taslamalara hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan, innowasion hem-de ýokary netijeli çözgütleriň girizilmegini goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň mundan beýläk-de iň täze innowasion tehnologiýalary, kämil enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet hem-de sebit ähmiýetli täze taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri dowam etdirjekdigine ynam bildirildi.
Duşuşykda Milli Liderimiz Ahmet Çalygyň kakasy Mahmyt Çalygyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi we işewüre hem-de onuň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna medet beriji sözlerini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň 24 ýurdundan, şol sanda Ýaponiýa, Müsür, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Ispaniýa, Litwa, Russiýa, Italiýa, Özbegistan, Meksika, Bangladeş, Gruziýa, Liwan, Tanzaniýa we beýleki döwletlerden müňden gowrak wekili bir ýere jemlän 8-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşandygyny bellemek gerek. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar öz halklarynyň däp-dessurlaryny, at üstündäki oýunlaryny, sportuň milli görnüşlerini görkezdiler.
26-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeleri we ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz Ýaşulular geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän, belent ahlak gymmatlyklaryny, ynsanperwerligi dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we okaljak aýat-töwirleriň, ediljek doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri wagyz etmek, ýerlerde ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara hemaýat bermek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna we beýleki meselelere seredildi. Mejlisiň dowamynda Milli Liderimize ýakynda doglan we hossarsyz galyp, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenilýän gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky teklip bilen ýüzlenildi. Gahryman Arkadagymyz bu çaganyň mukaddes Gurban aýynda doglandygyny nazara alyp, ýurdumyzda sahawatly senelere goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany hökmünde oňa Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakmagy maslahat berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda hossarsyz-howandarsyz çagalaryň ýokdugyny, kuwwatly döwletimiziň olaryň arkasynda dag ýaly bolup durandygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň düzümine wekili bellemek baradaky meselä degip geçmek bilen, özüniň hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçysy hökmünde Arkadag şäherine wekilçilik etjekdigini we döwletimizde amala aşyrylýan işlere her bir wekiliň mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirýändigini aýtdy.
Geçen hepdede Gurban baýramy mynasybetli dabaralar Diýarymyzy gurşap aldy. 27-nji maýda ýurdumyzyň welaýatlarynda, ak mermerli Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde säher bilen jemagat bolup baýram namazynyň okalmagy halkymyzyň agzybirligini, jebisligini ýene bir gezek äşgär etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Gurban baýramynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan baýram namazyny okady. Jemagat bolup okalan namaza Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary, köp sanly daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Namazdan soňra, Milli Liderimiz Ýaşulular geňeşiniň agzalary we daşary ýurtly diplomatlar bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň we onuň maşgala agzalarynyň aram tapan ýerine baryp, aýat okadylar.
Hajy Arkadagymyz Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan 30 müň orunlyk metjidiň gurulýan ýerine baryp, gurluşyk işleriniň depgini, içerki ýyladyş ulgamy, namazlyklarynyň görnüşleri, kaşaň binanyň diwarlarynda ýerleşdiriljek ýazgylar, minaralaryň özboluşlylygy, mermer düşekleriň we metjidiň haly düşekleriniň görnüşleri, mährabyň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Döwrebap şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, Milli Liderimiz metjidiň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy.
Hajy Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeşliginiň dowamynda Gurban baýramynyň agzybirligiň, jebisligiň baýramydygyny, ony ýakyn dostlar, doganlyk halklar bilen bilelikde dabaralandyrmagyň türkmen halkyna mahsus ýörelgeleriň biridigini nygtady.
Milli Liderimiziň Arkadag şäherindäki «Märkaw» myhmanhanasynda beren gurbanlyk sadakasy pederlerimiziň asylly wesýetlerine we belent ruhy borja ygrarlylygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Däp bolşy ýaly, her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenilýär. Şu ýyl bu baýramçylyk mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi geçirildi. Mejlise belli alymlar we hünärmenler, ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň wekilleri, ylym-bilim, medeniýet, sungat işgärleri, dünýäniň ylmy, işewür jemgyýetçiliginiň agzalary, alymlar, halyşynaslar gatnaşdylar.
Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, halylarymyzyň gözelligini, nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy geçirildi. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan türki dünýäde halyçylyk senediniň ösdürilmegine goşýan goşantlary üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşigine ýörite diplom we öňdebaryjy halyçylara Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Bellenilişi ýaly, halylar diňe bir dokma önümi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türki halklaryň taryhy köklerini, çeper döredijiligini, ruhy baýlygyny özünde jemleýän maddy gymmatlykdyr, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we gaýtalanmajak mirasydyr.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzyň ykdysady we ruhy taýdan ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.