Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary
Syýasat habarlary
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary
Çap edildi 18.10.2023
1975

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.

Ir bilen Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Halk ýygnaklar öýüne bardy.

...Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda HHR bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň barha okgunly ösdürilmegi iki dostlukly ýurduň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýandyklary bilen şertlendirilendir. Muny döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda HHR-e amala aşyran saparlarynyň jemleri hem nobatdaky gezek subut etdi.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakynlygy ýa-da gabat gelmegi döwletlerimiziň arasyndaky ynanyşmak dialogynyň ösdürilmegine ýardam berýär. Şunda iki dostlukly ýurt iri halkara guramalaryň hem-de sebit düzümleriniň, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny özara goldaýarlar. Taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek üçin anyk çäreleri görýändiklerini bellemek gerek. Şeýlelikde, ýurtlarymyz Beýik Ýüpek ýoly zamanasyndan gözbaşyny alyp gaýdýan köpasyrlyk dostluk, özara düşünişmek ýörelgelerine berk ygrarlydyklaryny tassyklaýarlar.

Türkmenistan möhüm ulag geçelgeleriniň çatrygynda geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly çäkde ýerleşmek bilen, oňyn başlangyçlary öňe sürýär hem-de bu gadymy söwda ýoluny gaýtadan dikeltmek üçin ähli tagallalary edýär. Şeýle-de Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda netijeli dialogy üstünlikli ilerletmek üçin amatly ýagdaýyň kemala gelmegine ýardam berýär. Munuň özi “Bir guşak, bir ýol” halkara başlangyjynyň öňbaşçysy bolan Hytaýyň-da maksatlaryna gönüden-göni laýyk gelýär. Bu babatda “Bir guşak, bir ýoly” ýokary hilli gurmak hem-de umumy ösüşe we abadançylyga bilelikde ýetmek” şygary astynda geçirilýän şu gezekki wekilçilikli çäre dostlukly halklaryň, Ýewraziýa yklymynda we bütin dünýäde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine foruma gatnaşyjy ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlygynyň tutuş toplumynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna goşant goşar.

2013-nji ýylda Si Szinpin tarapyndan teklip edilen “Bir guşak, bir ýol” konsepsiýasy dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp boldy. Bu başlangyjyň maksady has köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda hem-de gyzyklanma bildirýän döwletleriň serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Bu başlangyja eýýäm 150-den gowrak ýurt, halkara guramalaryň hem 30-dan köpüsi goşuldy. Şol bir wagtda, bu konsepsiýa Merkezi Aziýa, Ýewropa we Afrika ýurtlarynyň onlarçasyny birleşdirýän söwda-ulag geçelgeleriniň hereket edýänleriniň kämilleşdirilmegine, olaryň täzeleriniň döredilmegine gönükdirilendir.

Geçen 10 ýylyň dowamynda bu başlangyç dürli agza döwletleriň ösüşine ykdysady-durmuş taýdan täsirini ýetirdi, köp sanly iş orunlarynyň döredilmegine, maýa goýumlaryň möçberiniň artmagyna, söwdanyň ösmegine, ulaglaryň özara baglanyşygynyň pugtalandyrylmagyna, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam etdi. Ilatyň durmuş we abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagynda uly orun eýeledi. Şu ýyllaryň içinde ägirt uly möçberde maýa goýum çekildi hem-de hyzmatdaşlygyň müňlerçe düzümi kemala getirildi. Bu başlangyç tutuş halkara giňişlikde döredijilikli hem-de oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça köptaraplaýyn tagallalar bilen utgaşýar. Dünýäde bolup geçýän düýpli özgertmeler bilen baglylykda, agzalan taslama oňyn netijesini berýär hem-de BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady döredýär.

...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy HHR-iň Halk ýygnaklar öýüniň merkezi girelgesiniň ýanynda saklanýar. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylady. Bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, foruma gatnaşyjylar HHR-iň Halk ýygnaklar öýüniň uly zalyna barýarlar. Bu ýerde ýokary derejeli duşuşygyň resmi açylyşy boldy.

Giň gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de iri halkara guramalaryň 30-dan köpüsinden wekiller, şol sanda döwlet Baştutanlary, guramalaryň, ministrlikleriň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin foruma gatnaşyjylara Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” taslamasynyň çäklerinde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, netijeli halkara gatnaşyklaryň maksatdyr wezipelerine bagyşlanan maksatnamalaýyn çykyşy bilen ýüzlendi. Bellenilişi ýaly, bilelikde maslahatlaşmak, gurmak we peýdalanmak, açyklyk, ekologik ugur, ýokary ölçegleriň, halklaryň abadançylygynyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi bu konsepsiýanyň bilelikde ýokary hilli kemala getirilmeginiň möhüm ugurlarydyr. Şeýle hem COVID-19 pandemiýasy ýüze çykandan soňra, bu strategiýa durmuş we saglyk ýoluna öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, HHR-iň Başlygy Si Szinpin başlangyjyň çäklerinde kemala gelen özara baglanyşygyň ählumumy ulgamyň müňlerçe ýyl taryhy bolan Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki eýýamda täze ýaşaýyş, durmuş kuwwatyna öwrülendigini nygtady. Ol soňky ýyllarda “Bir guşak, bir ýol” formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki gözýetimlerini kesgitlemek nukdaýnazaryndan gatnaşyklaryň içgin, oýlanyşykly şertlerini işläp taýýarlamak tapgyryna geçendigini, öňde goýlan meýilnamalaryň bolsa iş ýüzünde amala aşyrylan taslamalara öwrülip, oňat netijeleri berendigini kanagatlanma bilen belledi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu gezekki forum HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň öňe süren başlangyjynyň onýyllygynyň dolan döwründe geçýär hem-de, hakykatdan-da, örän möhüm, ählumumy derejeli, uzak geljege, has adalatly köpugurly parahatçylygyň, gatnaşyklar ulgamynyň kemala gelmegine gönükdirilendir. Wagtyň bu strategiýanyň uly islege eýedigini subut edendigine aýratyn üns çekildi. Häzirki wagtda ol ählumumy derejeli ägirt uly taslama öwrüldi. Dünýäniň aglaba döwletleriniň ösen medeni köpdürlülige we her bir döwletiň öz ösüş ýoluna hormat goýulmagynda, ählumumy durnukly, uzak möhletleýin ykdysady ösüşe, durmuş abadançylygyna ýetmek maksady bilen, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk taglymatyny paýlaşýandygy nygtaldy.

Üçünji ýokary derejeli maslahatyň resmi açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Işewürlik günortanlyk nahary görnüşinde geçen duşuşygyň öň ýanynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy boldy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Soňky ýyllarda taraplaryň özara tagallalary netijesinde bu hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe boldy.

Bellenilişi ýaly, HHR Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyz häzirki wagtda durmuş-ykdysady ösüşiň durnukly depginini saklamaga hem-de häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge düýpgöter täze çemeleşmeleri görkezýär. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa şu gezekki saparyna we “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagyna däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr hökmünde garalýar.

Söhbetdeşler taraplaryň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde geljekde-de ýakyn hyzmatdaşlyga berk ygrarlydyklary barada aýdyp, iki döwletiň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi özara bähbitlere laýyk gelýän ynanyşmak dialogynyň kemala gelmegine şert döredýär. Umumy taryha esaslanýan, döwletleriň we halklaryň abadançylygyna, gülläp ösüşine ýardam berýän biziň ýurdumyzyň häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça strategiýasynyň hem-de HHR-iň “Bir guşak, bir ýol” konsepsiýasynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn ugur boldy. Bilelikdäki wajyp taslamalar, şol sanda ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi — Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň mysallarydyr.

Duşuşygyň dowamynda netijeli döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň esasy çemeleşmeleri bellenildi. Şu ýyl Hytaýa amala aşyran saparlarynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine ýokary baha berdiler.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk pudaklary we beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, özara tagallalaryň has netijeli hasap edilýän ulgamlarynda bilelikdäki hereketleri giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Türkmen we hytaý halklarynyň arasynda dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleriniň berkidilmegine ýardam berýän däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine uly üns berildi. Kanun çykaryjy edaralaryň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň, HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň parlamentara dostluk toparynyň döredilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu düzümiň alyp barýan işi okgunly ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine we berkidilmegine ýardam berýär.

Duşuşygyň ahyrynda ýola goýlan hem-de türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan netijeli döwletara dialogyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji halkara forumynyň çäklerinde ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan ýokary derejeli forumy açyk diýip yglan etdi hem-de ýygnananlary mübärekläp, indi Pekinde üçünji gezek geçirilýän bu maslahatyň ähmiýetini belledi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi. Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz çykyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyny çagyrmak başlangyjy, onuň ýokary derejede guralandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, bu duşuşygyň geçirilmegi örän derwaýys we zerur wakadyr. Soňky döwrüň ýagdaýlary — pandemiýa, durnuksyzlygyň artmagy, ynanyşmagyň peselmegi ählumumy ykdysady işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirdi, özara arabaglanyşykda kynçylyklary ýüze çykardy, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň derejesini peseltdi. Şu ýaramaz ýagdaýlary ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi, hoşmeýilli erk-islege daýanýan döredijilikli, oňyn gün tertibini berkarar etmek işinde olaryň raýdaşlygy, jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi talap edilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Şu nukdaýnazardan, “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” türkmen strategiýasy many-mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geljekki geoykdysady landşafty baradaky garaýyşlaryna, şeýle hem Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” strategiýasyna laýyk gelýär. Şunda deňhukuklylyk, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we ykrar etmek, özara bähbitlilik, medeni, ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligine hormat goýmak esasy ýörelgeler hökmünde çykyş edýär. Hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmagyny aradan aýyrmak, energetika we ulag akymlarynyň birtaraplaýynlygyndan el çekmek, olaryň giň halkara gatnaşyklar üçin diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, elýeterliligini üpjün etmek türkmen tarapynyň çemeleşmesiniň möhüm ugry bolup durýar.

Türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň baý taryhy tejribesine daýanmak, häzirki wagtda özara obýektiw bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu iki strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, olaryň utgaşdyrylmagy, biri-biriniň üstüniň ýetirilmegi babatda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Olaryň ikisiniň hem Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda giňişlikleri birleşdirip, özara baglaşan önümçilik we tehnologik tapgyrlary, senagat guşaklaryny kemala getirmek bilen, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, abadançylygyny artdyrmaga gönükdirilendigine üns çekildi. Türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygy şeýle çemeleşmäniň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi. Hususan-da, 2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijiniň işe girizilmegi yklymyň energetika ulgamynda gatnaşyklaryň täze arhitekturasynyň kemala gelmeginiň başyny başlady, özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda beýleki döwletleriň taslamasyna goşulyşmak mümkinçiliklerini açdy. Beýleki iri halkara taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem hut şu nukdaýnazardan amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda biz türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň we halkara derejede iberilýän möçberini artdyrmagyň üstünde işleýäris. Türkmenistandan Owganystana hem-de Pakistana elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň gün tertibinde iri taslamalaryň ýene-de birnäçesi bar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri beýleki bir möhüm ugruň ulag bilen baglanyşyklydygyny belläp, häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag-logistika düzüminiň köpşahaly ulgamyny döredýändigini aýtdy. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. Munuň özi Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda örän derwaýysdyr. Hususan-da, gürrüň Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginiň üsti bilen Hazaryň türkmen kenaryna, şeýle-de Eýrana, Ýakyn we Orta Gündogara uzaýan ulag geçelgeleri barada barýar. Bu geçelge Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Günorta Aziýa ýurtlaryna barýan ugurlarda hem ulanylyp bilner.

Biziň tagallalarymyz ulaglaryň ähli görnüşi, şol sanda demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary arkaly transkontinental daşamalaryň kuwwatyny doly açmaga, baglanyşdyryjy nokatlarda logistik terminallary döretmäge gönükdirilendir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem şolaryň biri bolup biler. Biz hyzmatdaşlaryň bähbitlerine ulanmak üçin onuň kuwwatlyklaryny hödürlemäge taýýardyrys diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Halkara geçelgeleriň, logistik ulgamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerinde umumy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen ylalaşykly ulag diplomatiýasy barha uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ulag ulgamynda ählumumy dialogyň başyny başlaýjylaryň biri bolmak bilen, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýändigini nygtamak gerek. Ýurdumyzyň tutanýerli, maksada okgunly işiniň netijesinde, Baş Assambleýa tarapyndan soňky ýyllaryň dowamynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça ulag ulgamynda Kararnamalaryň altysy kabul edildi.

Türkmenistanyň ulag strategiýasynyň häzirki zamanyň ýagdaýlary we dünýä ykdysadyýetiniň obýektiw islegleri bilen sazlaşýandygyny nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri şol strategiýanyň bu möhüm ugurda netijeli, durnukly, adalatly ulgamy döretmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň aglabasynyň bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýandygyny aýtdy.

Önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Biziň “Ýaşyl Ýüpek ýola” garaýşymyzyň many-mazmuny şuňa esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen düzümi — howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibini oýlanyşykly we öz wagtynda ädilen ädim hasaplaýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň işlemegi üçin ýurdumyzyň paýtagtynda — Aşgabat şäherinde ähli zerur bolan tehniki, guramaçylyk şertlerini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

Kömürturşy gazynyň, metanyň zyňyndylarynyň atmosfera ýaramaz netijelerini azaltmak we aradan aýyrmak hem Türkmenistanyň ekologiýa strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, energetika, senagat we ulag ulgamlarynda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ulanmaga tapgyrlaýyn geçmek barada barýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň wodorod energiýasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirýändigine, Türkmenistanyň bu ädimlerini hyzmatdaşlygyň “ýaşyl” geçelgelerini döretmäge, şol sanda “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” we “Bir guşak, bir ýol” strategiýalarynyň çäklerinde möhüm goşant hasaplaýandygyna ünsi çekdi.

Ykdysadyýetde özara arabaglanyşyk, tehnologiýalary, tejribäni we usullary halkara derejede alyşmak dünýä ösüşiniň obýektiw meýilleri bolup durýar. Olar önümçilikde has ysnyşykly kooperasiýany, goşulyşmak babatdaky tehnologik we sanly binýatlaryň, bilelikdäki kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bularyň ählisi diňe bir tehniki babatda däl, eýsem, ählumumy derejede-de hyzmatdaşlygyň bitewi we durnukly logistikasyny döretmäge ýardam etmelidir.

Biziň pikirimizçe, häzirki wagtda “syýasy logistika” düşünjesi örän wajypdyr. Ony ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlaryny hem-de mümkinçiliklerini paýlaşýan döwletleriň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamy hökmünde görýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we şol hyzmatdaşlyga syýasylaşdyrmakdan, könelişen ideologik ýörelgelerden azat bolmak, deňlige, özara hormat goýmaga we birek-biregiň bähbitlerini nazara almaga esaslanmak hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Ägirt uly kuwwata eýe bolan onlarça döwletiň wekilleriniň gatnaşýan şu wekilçilikli we abraýly forumynyň bu işe hem-de öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýeterlik derejede itergi bermäge ukyplydygyna şübhelenmeýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda belledi.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan Gahryman Arkadagymyza many-mazmunly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, öňe sürlen oňyn teklipleriň ähmiýetini belledi.

Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine mümkinçilik döretmek bilen, ählumumy ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermäge ýardam eder hem-de dünýä ösüşi üçin täze giňişligi açar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, hemme ugurlarda özara baglanyşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary jemlemek boýunça ähli taraplaryň bilelikdäki işiniň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, bu ägirt uly taslama deňi-taýy bolmadyk giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk üçin netijeli binýada öwrüldi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işler medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýurtlaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna bahasyna ýetip bolmajak uly goşantdyr.

Ýokary derejeli maslahat tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Maslahatyň çäklerinde ulag-kommunikasiýalaryň ösdürilmegine, ekologiýa taslamalarynyň we sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýokary derejeli 3 forum geçirildi. Mundan başga-da, daşary söwda gatnaşyklaryny, medeni-ynsanperwer, seljermeler merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, sebitara hyzmatdaşlygy we deňiz taslamalaryny ilerletmek meselelerini öz içine alýan 6 maslahat, işewür toparlaryň wekilleriniň uly ýygnagy geçirildi. Şunuň bilen birlikde, anyk maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli täze ylalaşyklara gol çekildi.

“Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatynyň jemleri boýunça Özara baglanyşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Pekin başlangyjy; “Guşak we ýol” sanly ykdysadyýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk atly Pekin başlangyjy; “Guşak we ýol” “ýaşyl” ösüş boýunça Pekin başlangyjy; Sanly ykdysadyýet we “ýaşyl” ösüş üçin halkara söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň esaslary boýunça başlangyç kabul edildi. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde “ýaşyl” ylmy we tehnologiýany ösdürmek babatda iş meýilnamasyny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň dowamynda ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşdy. Hususan-da, ol günüň birinji ýarymynda Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp gördi. Bu muzeý 1990-njy ýylda esaslandyryldy, 2021-nji ýylda bolsa muzeýiň täze binasy guruldy. Onda Hytaýyň gadymy we häzirki zaman senetçiliginiň dürli ugurlary görkezilýär. Hususan-da, bu ýerde çeper külalçylygyň, tikin işleriniň, piliň süňkünden taýýarlanan önümleriň, nefritiň, agaç we daş ýonulyp ýasalan önümleriň, altyn, kümüş, mis bezeg şaýlarynyň, çeper nagyşlar bilen bezelen gaplaryň hem-de artefaktlaryň baý toplumy jemlenendir.

Binanyň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasyny Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuan mähirli garşylady we olar bu ýerde ýadygärlik surata düşdüler. Soňra HHR-iň Başlygynyň maşgalasynyň daşary ýurt wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň saparynyň dowamynda ýanlarynda bolýan maşgalalary bilen «Ýüpek ýoluň bagtly owazy» banneriniň öňünde bilelikdäki surata düşmek dabarasy geçirildi.

Soňra hormatly myhmanlar Pen Liýuan bilen “Dört deňziň joşuşy” atly zalda görkezilýän muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Olaryň hatarynda sujou we ýüpek keşdeçiliginiň nusgalary, el işleriniň önümleri, başga-da maddy däl medeni mirasyň gymmatlyklary bar. Zalda býenjoň milli saz guralynda ýerine ýetirilýän saz ýaňlanýar. Ol agaç çarçuwalara berkidilen dürli ölçegdäki jaňlaryň toplumyny özünde jemleýär. Ýörite çekiç bilen kakylanda, ondan owazly ses çykýar. Kakylyp çalynýan saz gurallarynyň bu gadymy görnüşi häzirki döwre çenli orkestr sazlarynda ulanylýar. Bu jaňlaryň sesi Hytaýyň ilatyna ybadat etmegiň wagty barada habar berip, dini dessurlaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Soňra daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary Hytaýyň “Doň” çagalar etnografik toparynyň ýerine ýetirmeginde “akapella” aýdymyny diňlediler. Bu ýerde çagalar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşüldi.

Belent mertebeli myhmanlar Hytaýyň milli teatr lybaslarynyň sergisi bilen hem tanyşdylar. Soňra HHR-iň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuan daşary döwletleriň we wekiliýet Baştutanlarynyň maşgalalaryny bilelikde Pekin operasynyň çykyşyna tomaşa etmäge çagyrdy.

Pekin operasy teatr sungatynyň iň iri görnüşleriniň biri bolup, Hytaýyň milli buýsanjy hasaplanýar. Bu sungat köpöwüşginli lybaslary, grimleri, ýokary drama ýerine ýetirijiligini, aýdym aýtmagy, gepleşikleri, pantomimalary, akrobatik çykyşlary, tanslary özünde jemleýär. Bularyň ählisi dürli keşpleri we olaryň duýgularyny aýdyň şöhlelendirmäge ýardam edýär. Hytaý sungatynyň bu nusgawy görnüşi 2010-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, häzirki wagta çenli diňe bir hytaý däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň hem çeperçilik we beýan edijilik gymmatyny saklap gelýär.

Gyzykly çykyş tamamlanandan soňra, myhmanlar artistler bilen bilelikde ýadygärlik surata düşmek üçin sahna çagyryldy. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuan daşary ýurt wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň maşgalalary bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk arzuw etdi.

...Günüň ikinji ýarymynda Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýyň Zenanlar we çagalar milli muzeýine baryp gördi. Baş girelgäniň öňünde muzeýiň ýolbaşçylary myhmany mähirli garşylaýarlar.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasynyň Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Milli komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue bilen çaý başyndaky söhbetdeşligi boldy. Hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa mähirli garşylanandygy, bildirilen myhmansöýerlik üçin Şen Ýueýue minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gün özüne hytaý topragyna ilkinji gezek myhman bolmagyň miýesser edendigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň baý taryhy bar. Ol gadymy Beýik Ýüpek ýoly döwründen gözbaş alýar. Häzirki wagtda biziň gatnaşyklarymyz ähli ugurlar boýunça ösdürilýär.

Şu gün Pekin şäherinde halkymyzyň milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilik döredildi. Munuň üçin hytaý tarapyna çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Biz şu günki sergimizi hem «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrýarys. Bu sergi iri halkara forumyň çäginde geçýär. Sergimizde nepis halylarymyzyň dürli görnüşlerini, şeýle hem el işleriniň nusgalaryny görkezeris. Bu gymmatlyklar bize ene-mamalarymyzdan miras galan gaýtalanmajak sungatdyr diýip, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa aýtdy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halyçylyk sungatynyň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasynyň aýrylmaz bölegidigi, halylaryň göllerinde, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygynda ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy, gahrymançylykly ýoly, ruhy gymmatlyklary şöhlelenip, halkymyzyň özboluşlylygynyň janlanýandygy, şeýlelikde, döwürleriň, ruhy mirasyň, özboluşly däpleriň dowamatlylygynyň janly arabaglanyşygy ýüze çykarylyp, olaryň aýawly saklanmak bilen çäklenmän, eýsem, yzygiderli ösdürilýändigi-de bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Ogulgerek Berdimuhamedowa ýaşlaryň nesil terbiýesi, zähmet endikleri bilen bagly birnäçe sowallar bilen ýüzlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň taryhynyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmek, medeni mirasynyň esasy ugurlaryny geljek nesillere ýetirmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, gyz çagalaryň edebi olaryň el hünärinden görünýär. Haly dokamagyň inçe syrlary türkmen maşgalalarynda nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Türkmen zenanlary özleriniň zehini we zähmeti bilen amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredipdirler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Duşuşygyň ahyrynda bilelikde ýadygärlik surata düşüldi.

Soňra belent mertebeli myhmanyň we Şen Ýueýueniň gatnaşmagynda türkmen halylaryna we el işlerine bagyşlanan, halkymyzyň köptaraply zehininiň aýdyň nyşanyna öwrülen milli amaly-haşam sungatynyň hem-de döredijiliginiň, halk senediniň görnüşlerini dolulygyna şöhlelendirýän milli serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Ägirt uly monitorlarda ýurdumyzda halyçylary sarpalap geçirilýän halkara forumlardan pursatlaryň şöhlelendirilmegi Garaşsyz Watanymyzda dünýäde şan-şöhrata eýe bolan halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň, onuň giňden wagyz edilmegi we kämilleşdirilmegi, gadymy halylaryň goralyp saklanylmagy üçin zerur şertleriň döredilýändiginiň beýanyna öwrüldi.

Türkmen halyçylyk sungatynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynda aýratyn orun eýeleýändigi bellärliklidir. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu senediň ösdürilmeginde we daşary ýurtlarda wagyz edilmeginde giň şertleri döredýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” ýaly hödürnamalar bilen bu sanawyň üsti ýetirildi.

Sergi üç bölümden ybarat bolup, olaryň birinjisi ýüň halylara we halyçylyga, ikinjisi ýüpek halylara, üçünjisi bolsa keteni — milli keşdeçilik we matalar bölümine bagyşlandy. Sergide arassa ýüňden, ýüpekden dokalan halylaryň nusgawy görnüşleri, tebigatyň özboluşly gözelligi şekillendirilen surat eserleri görkezildi. Olaryň ählisi reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy, gaýtalanmajak nepisligi, döredijilik çemeleşmeleri bilen tapawutlanýar. Bu ýerde haly-palas dokamagyň köp dürli görnüşleri, kilimler, sowgatlyk önümleriň uly toplumy, göze gelüwli torbalar, ketenä salnan milli nagyşlaryň we amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalary bar.

Köpöwüşginli sergi tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan türkmen halyçylyk sungatynyň täsin we köptaraply ugurlary bilen tanyşmaga hem-de türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň aýratynlyklaryna, milli däp-dessurlarynyň gelip çykyşyna düşünmäge ýardam berýär. Ýüň halylar ýurdumyzda ýetişdirilýän saryja goýunlaryň ýazlyk ýüňünden taýýarlanylýar. Ýüňden dokalýan halylar ynsan saglygyna-da örän peýdalydyr. Gelin-gyzlarymyz bu halylary inçe we syk dokaýarlar. Halynyň bir inedördül metrinde milliondan gowrak çitim bolup, şeýle halylara “suw geçirmeýän halylar” diýilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň ruhy we baý medeni mirasyna bagyşlanan “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” ýaly kitaplary türkmen halyçylygynyň şöhratyny ebedileşdirmekde möhüm taryhy sahypany açdy. Ýüň halylar bilen birlikde, ýüpek halylar hem dokalýar. Diňe tebigy boýaglaryň ulanylýandygy üçin türkmen halylary ýyl geçdigiçe reňk açýar, has öwüşginli bolýar we hiç haçan solmaýar.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň agtygy sergini synlamaga gelenlere alaja örmegiň usulyny ussatlyk bilen görkezdi. Munuň özi halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň nesilden-nesle geçirilip, mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Sergini synlamaga gelenler Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtygynyň ussatlyk bilen alaja örüşini uly gyzyklanma hem-de haýran galmak bilen synladylar.

Tutuş Ýer ýüzünde meşhurlyga eýe bolan türkmen halylary dünýäniň täsinlikleriniň biri bolmagynda galýar. Olaryň üsti bilen diňe bir türkmen halkynyň taryhyny däl, eýsem, ýaşaýyş ýörelgelerini-de öwrenmek bolýar. Ussat gelin-gyzlarymyzyň el işleri, alymlaryň, jahankeşdeleriň we ajaýyp el işlerine gadyr goýýanlaryň üsti bilen, irki döwürden Ýer ýüzüne ýaýrapdyr.

1949-njy ýylda Altaý daglarynyň Pazyryk belentliginde müdimi buzluklarda saklanyp galan iň gadymy halynyň üsti açylýar. Onuň döredilen döwri biziň eýýamymyzdan öňki, takmynan, V-IV asyrlara degişli bolup, meşhur türkmen halylarynyň ilkinji nusgasy hasaplanýar. Ol haly dokamagyň türkmen usullaryna mahsus görnüşde taýýarlanylypdyr. Halyda Oguz hanyň nesil daragtyny alamatlandyrýan 24 agtygynyň simmetrik görnüşdäki 24 göli şekillendirilipdir. Sergide görkezilýän gymmatlyklaryň hatarynda şol gadymy meşhur halynyň nagyşlaryny dolulygyna diýen ýaly gaýtalaýan, ilkinji gezek ýüpekde dokalan täsin nusgasy görkezilýär.

Gadymy gymmatlyklarymyzyň arasynda el işleriniň, milli lybaslaryň, şaý-sepleriň uly orny bar. Türkmen zenanlarynyň lybaslary, esasan, ýüpek keteniden taýýarlanylýar. Gelin-gyzlarymyz milli lybaslaryny keşde bilen nagyşlap, sungat derejesine ýetiripdirler we özleriniň başarnyklaryny, ussatlygyny ýaşlara öwredipdirler. Nesilden-nesle geçirmegiň asylly däbi ýaş nesliň zähmet we estetik terbiýesi bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmen zenany milli lybaslaryny geýip, şaý-seplerini dakynanda, aýratyn görke gelýär. Şol şaý-sepleriň jemi agramy bolsa 36 kilograma ýetýär.

Irki döwürlerde söwda kerwenleri häzirki wagtda täze görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly boýunça elde dokalan nepis halylary daşap, bu nepis sungatyň Gündogarda we Günbatarda ýaýramagyna şert döredipdirler. Häzirki döwürde hyzmatdaşlarymyz bu möhüm wezipäni — haly dokamak däplerini ösdürmek, gorap saklamak we dünýäniň dürli ýerinde wagyz etmek işlerini dowam etdirýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa mähirli kabul edilendigi, bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem Hytaýyň zenanlar we çagalar milli muzeýinde türkmen halylaryna, el işlerine bagyşlanan milli sergini guramaga we bu ýere gelýänlere halkymyzyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňky habarlar
26.12
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
top-arrow