Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Gurluşyk we senagat toplumynyň batly gadamlary
Jemgyýet
Gurluşyk we senagat toplumynyň batly gadamlary
Çap edildi 13.09.2023
1435

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urup, dünýäniň kuwwatly, durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň asyrlara barabar gazanan üstünlikleri, halkara derejede gün-günden beýgelýän abraýy, ylmy esasda, innowasion taslamalaryň binýadynda milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagy, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy dünýä derejesinde ykrar edilýän mizemez hakykatdyr. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat toplumy hem uly üstünliklere eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işleriň, döwrebap özgertmeleriň, taryhy wakalaryň, dünýä ýaň salýan halkara ähmiýetli başlangyçlaryň dowam edýän zamanasynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar, asuda, bolelin durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» şygary astynda ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.

Bu günki gün mähriban halkymyz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görýär. Bu döwürde ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda toplumlaýyn işler durmuşa geçirildi. Şonuň esasynda bolsa milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda uly ösüşler gazanyldy. Bu işler bilen bir hatarda, gurluşyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna we olaryň görnüşleriniň artdyrylmagyna, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagyna hem aýratyn üns berilýär.

Şu ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, dünýä binagärliginiň taryhynda-da şanly waka öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda, täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda durmuş-medeni we beýleki dürli maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Şolaryň hatarynda Ruhyýet köşgi, Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binasy, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň binalary, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, «Märkaw» myhmanhanasy, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, orta hünär okuw mekdepleri, Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana, 10 müň orunlyk stadion, köpugurly sport toplumy we sport merkezi, 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi we beýleki desgalar bar. Desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy, milli binagärligiň iň gowy däpleri hem-de binagärlik we bezeg ulgamyndaky döwrebap ýörelgeler sazlaşykly utgaşdyryldy. Ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, 2, 5, 7, 9 gatdan ybarat bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 258-si, durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumy, şol sanda çagalar baglary, mekdepler, ýöriteleşdirilen bilim edaralary, saglygy goraýyş, medeni, söwda, hyzmatlar ulgamynyň edaralary, sport desgalary, edara ediş binalary gurlup ulanmaga berildi.

Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 90-a golaýy ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda gurlan 73 sany 2 gatly, Büzmeýin etrabynda 14 sany 4 gatly, “Parahat” ýaşaýyş toplumynda 2 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýlary bar. Şeýle-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde 4 sany 4 gatly, Mary welaýatynyň Mary şäherinde 2 sany 4 gatly, Baýramaly şäherinde 4 gatly ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Aşgabat Halkara howa menzilinde täze angarlar toplumy, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 500 aty saklamaga niýetlenen atçylyk toplumy, Balkan welaýatynyň Adalat bölüminiň welaýat döwlet kepillendiriş edarasynyň we welaýat adwokatlar kollegiýasynyň edara binasy, Balkanabat şäherinde 3 sany harby bölüm, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherinde hem-de Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda Polisiýa bölüminiň edara binasy, Mary welaýatynyň Mary şäherinde we Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Kerki şäherinde dermanhana işe girizildi.

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda, ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäherinde döwrebap bilim edaralary — Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, şeýle hem 320 we 720 orunlyk mekdebe çenli hem-de mekdep bölümlerini özünde jemleýän ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumy, 9 sany çagalar bagy açylyp ulanmaga berildi. Şol gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Şeýle-de Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň düýbi tutuldy. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Akdepe obasynda 960 orunlyk, Sarahs etrabynyň Kiçi aga geňeşliginiň Berkarar obasynda 600 orunlyk, Kaka etrabynyň Gowşut obasynda 400 orunlyk, Şükür bagşy obasynda 600 orunlyk, Garahan obasynda 400 orunlyk orta mekdepler ulanmaga berildi. Mundan başga-da, Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 320 orunlyk çagalar bagy açyldy.

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynda 320 orunlyk, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäherinde 600 orunlyk, Çärjew etrabynyň Farap şäherinde 960 orunlyk, bu etrabyň Zerger geňeşliginiň Gyzylýap obasynda 600 orunlyk, Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde 500 orunlyk, Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Akýap obasynda 500 orunlyk, Köýtendag şäherinde we Köýtendag etrabynyň Megejik geňeşliginde her biri 790 orunlyk, etrabyň Burguçy geňeşliginiň Daýhan obasynda 210 orunlyk mekdepler dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem Kerki etrabynyň Gowak geňeşliginde 160 orunlyk çagalar bagy açyldy. Mary welaýatynda Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň Böri obasynda 900 orunlyk, Ýolöten etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň Söýünalybeden obasynda 960 orunlyk mekdepleriň açylmagy, Mary şäheriniň “Gökje” ýaşaýyş jaý toplumynda 320 orunlyk çagalar bagynyň täze binasynyň ulanmaga berilmegi bilimler baýramynyň dabarasyny has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan häzirki wagtda ýurdumyzda gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň täze önümçiliklerini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.

Bilşimiz ýaly, milli senagatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri-de sement önümçiligidir. Ministrligiň «Bäherden», «Balkan» we «Lebap» sement zawodlarynda häzirki wagtda täze, innowasion tehnologiýalaryň esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän portland kysymly sementiň dürli görnüşleri öndürilýär. «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy her ýylda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýüzi örtükli aýnanyň 1 million inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň, taplanan aýnanyň 300 müň, aýna paketleriniň bolsa 400 müň inedördül metrini öndürmäge niýetlenendir. Bulardan başga-da, float tehnologiýasy esasynda dury we reňkli aýnalar taplanan görnüşinde öndürilýär. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna dürli görnüşli çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça önümhananyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda her ýylda 60 müň tonna demir önümleriniň dürli görnüşini öndürmäge giň mümkinçilikler döredilip, onda dürli ölçegli gurluşyk armaturalary hem öndürilýär. «Demirbetonönümleri», «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanalarynda, gazbeton öndürýän zawodda diwar materiallary we gurnama demirbeton önümleri, örtgi hem-de bassyrma plitalary, basgançak meýdançalary, yşyklandyryş we demirbeton sütünleri taýýarlanylýar. Ýaşlyk keramzit zawodynda binalaryň üçekleri üçin niýetlenen keramzit önümleri öndürilýär.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kän müdirliklerinde we hojalyklarynda öndürilýän dürli görnüşdäki magdan däl gurluşyk materiallary ýurdumyzyň gurluşyklarynda giňden ulanylýar. «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ýokary hilli, dürli ölçegdäki bezeg daşlary, arhitektura şekilleri, sütün örtgi plitalary we ýolýaka jähek daşlary, Polimer önümleri zawodynda dürli göwrümli turbalar we geçirijiler gurlanda ulanylýan goşmaça enjamlar, şeýle hem halk hojalygynda giňden peýdalanylýan maýyşgak gurşawlar, azyk önümlerini salmaga niýetlenen bir gezek ulanylýan gapjagazlar, bulgurlar we beýleki polimer önümleri öndürilýär. Pudakda ýurdumyzyň elektron senagatyny kemala getirmek maksady bilen, uly isleg bildirilýän elektron we elektrotehniki önümleriň çykarylyşy ýola goýuldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde innowasion tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply elektron enjamlaryň ençemesi öndürilýär. Olardan awtomobil ýollaryny yşyklandyryjy çyralaryň önümçiligi, çagalar üçin öwrediji kompýuterleriň, dürli görnüşli noutbuklaryň, dürli ölçegli «Zemin», «Tolkun» we «Älem» smart-telewizorlarynyň, «Körpe» düwmeli telefonlarynyň, «Milli» smartfon telefonlarynyň, «Şowly» nyşanly monobloklaryň, «Mylaýym» brendli hojalyk howa sowadyjylarynyň, «Teşne» suw ulgamynyň, «Uçgun» internet toruny paýlaýjylaryň, «Aýtab» nyşanly planşetleriň önümçiligi ýola goýuldy. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde dürli görnüşli plastik kartlary öndürmek boýunça hem degişli işler geçirildi. Häzirki wagtda bu hojalyk jemgyýetinde dürli maksatly plastik kartlar, şol sanda nagt däl hasaplaşyklar üçin niýetlenen bank kartlary, ygtyýar beriş kartlary, şahsyýeti anyklaýjy kartlar, sürüjilik şahadatnama kartlary, SIM-kartlar, awtobus töleg kartlary öndürilip başlandy. Şeýle hem alýuminden torşer çyralarynyň we sütünleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Bulardan başga-da, häzirki wagtda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde dürli görnüşli LED ýol yşyklandyryjylarynyň we ýol belgileriniň önümçiligini gurnamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan şu ýyl «Bilimli» nyşanly kompýuterleriň 76 müňden gowragy öndürildi we olar ýerlerdäki bilim ojaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synpa okuwa baran çagalara gowşuryldy.

Ministrligiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy bilen «Algap» hususy kärhanasynyň gatnaşmagynda bilelikde döredilen «Senagat tehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde polat armaturasynyň ornuny tutýan bazalt kompozit armaturasynyň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen degişli synaglar geçirildi we nusgalyk bazalt süýümi alyndy. Şeýle hem bu ýerde aýna galyndylaryndan aýna süýüminiň önümçiligi ýola goýuldy. Häzirki wagtda öndürilýän aýna süýüminden kompozit armaturasynyň dürli ölçeglerini we goşmaça kompozit önümleriniň önümçiligini ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ministrligiň Köýtendag kän müdirligi tarapyndan täze kafel we keramika ýelimleýji gury gurluşyk garyndysynyň önümçiligine başlandy. Balkan kän müdirliginiň gatnaşmagynda «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. «Demir mehaniki» kärhanasynda ýerasty ýangyn gidrantlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda taslama kuwwatlylygy 1 million tonna bolan sement zawodlarynyň, Bäherden etrabynda ýylda 3,3 million inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürýän zawodyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde elektrik beketlerini gurmak, energiýa işläp çykarýan kuwwatlyklary ençeme esse artdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlaryň müňlerçe kilometrini täzelemek we çekmek işleri amala aşyryldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň binýadynda umumy kuwwatlylygy 6943,2 MWt-a deň bolan döwlet elektrik beketleriniň 12-si, önümçilik elektroulgam birleşikleriniň 7-si, müňlerçe kilometr howa elektrik geçirijileri, ýokary okuw mekdebi, orta hünär okuw mekdebi, elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça gurluşyk-gurnama kärhanalary hereket edýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini artdyrmak we kärhanany döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynda dünýäde meşhur «General Eleсtriс» amerikan kompaniýasynyň öndürýän gaz turbinalary oturdyldy, şeýle hem Daşoguz welaýatyny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek üçin Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Seýdi şäheriniň üsti bilen Daşoguz welaýatyna tarap 500 kW güýjenmeli «Serdar» bekedi guruldy. Bulardan başga-da, jemi kuwwatlylygy 126,4 MWt, her biriniň kuwwatlylygy 42,13 MWt bolan üç sany gaz turbinaly Balkanabat döwlet elektrik stansiýasy ulanyşa berildi. Şeýle hem Aşgabat döwlet elektrik stansiýasy, Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy gurlup ulanmaga berildi. Energetika enjamlaryny meýilnamalaýyn abatlamak we hyzmat etmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, türkmen elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlaryny we möçberini artdyrmak, şeýle hem goňşy döwletler bilen elektrik energetikasy babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. 2021-nji ýylyň awgust aýynda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan türkmen-owgan serhedine çenli uzynlygy 265 kilometr, güýjenmesi 220 kW bolan iki zynjyrly elektrik geçirijisiniň we elektrik bekediniň gurluşygy tamamlandy hem-de Owganystanyň energetika ulgamyna birikdirmek üçin taýýar ýagdaýa getirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda Ahal — Balkan, Balkan — Daşoguz we Ahal — Mary ugurlary boýunça halkalaýyn energetika ulgamyny döretmek üçin ýokary woltly asma elektrik geçirijileriniň hem-de beketleriniň gurluşygyna badalga berildi. 2021-nji ýylda bu halkalaýyn energetika ulgamynyň Ahal — Balkan bölegi ulanmaga berildi. Häzirki wagtda halkalaýyn ulgamyň Balkan — Daşoguz we Ahal — Mary ugurlarynda gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. Bu iki ugur boýunça gurluşyk-gurnama işlerini 2023-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda 10 MWt köpugurly elektrik stansiýasynyň gurluşygy, Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň we ony energetika ulgamyna birikdirmek üçin gerek bolan elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygy amala aşyrylar.

Türkmenistan energetika ulgamynda daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärli çemeleşýär. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap durmuş maksatly binalary we desgalary, senagat toplumlaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 MWt bolan ilkinji köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi. Desga ekologik taýdan arassa energiýany işläp, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde dörediljek ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder.

Häzirki döwürde adamlaryň gündelik durmuşyny, döwletiň ykdysady ösüşini himiýa önümlerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Pudagyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň himiýa senagatynyň kärhanalaryny öz içine alýan «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde iri döwrebap kärhanalary gurmak, bar bolan önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda mineral dökünleriň önümçiligini giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň ägirt uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolmagy azot dökünleriniň, hususan-da, karbamidiň önümçiligi boýunça täze kuwwatlyklaryň gurulmagyny geljegi uly bolan ugra öwürdi. Häzirki wagtda konserniň garamagynda jemi üç sany ammiak we karbamid öndürýän «Tejenkarbamid», «Marykarbamid» we «Garabogazkarbamid» zawodlary hereket edýär. Bu taslamalarda ammiak we karbamid önümçiliginde ýokary tehnologiýalardan peýdalanyldy hem-de ekologik taýdan arassa, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary hilli karbamid döküni öndürilip, daşary döwletlere we ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerine üznüksiz iberilýär.

«Maryazot» önümçilik birleşiginde oba hojalyk önüm öndürijileri tarapyndan ýokary isleg bildirilýän ammiak selitra döküni öndürilýär. Şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan dünýä bazarlarynda uly isleglerden peýdalanýan kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumy gurlup ulanmaga berildi. Fosfor dökünleri barada aýdylanda bolsa, Türkmenabatdaky himiýa zawody ýurdumyzyň oba hojalygy üçin zerur bolan ammonili superfosfat dökünini öndürýän ýeke-täk kärhana bolup çykyş edýär. Bu kärhananyň binýadynda täze kükürt kislotasyny öndürýän önümhana gurlup ulanmaga berildi.

Mineral dökünleriň önümçiligi bilen bir hatarda, ýurdumyzyň gidromineral baýlyklaryny özleşdirmek arkaly ýod, brom we brom önümlerini öndürmek, Garabogazköl aýlagynyň gidromineral baýlyklaryny toplumlaýyn özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şol maksat bilen, Balkan welaýatyndaky «Balkanabat» we «Bereket» zawodlarynda ýod önümçiligi ýola goýuldy. Şonuň ýaly-da, «Guwlyduz» kombinatynda ilat tarapyndan gündelik peýdalanylýan azyklyk ýodlaşdyrylan nahar duzy we senagat maksatly tehniki duz öndürilýär. Häzirki wagtda Guwly kölünden gazylyp alynýan däneli duzuň çykarylyşyny artdyrmak hem-de ondan peýdalanyp, ýokary hilli nahar duzunyň önümçiligini has-da ýokarlandyrmak, duzy çig mal görnüşinde ulanyp, halk hojalygynda giňden peýdalanylýan kalsinirlenen we kaustik sodany öndürmek meýilleşdirilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýol gurluşygyny ösdürmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýol-ulag düzüminiň barha kämilleşdirilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak esasynda täze awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurulmagy munuň aýdyň mysallary bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de awtomobil ýollarynyň gurluşyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň fewral aýynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi döredildi. Agentlik ýurdumyzda ýollaryň gurulmagyny, döwrebaplaşdyrylmagyny we olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini üpjün edýär.

Häzirki wagtda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň ýolgurluşyk edara-kärhanalary tarapyndan umumy uzynlygy 1676 kilometr bolan durky täzelenýän döwlet ähmiýetli Türkmenbaşy — Farap we Aşgabat — Garagum — Daşoguz awtomobil ýollarynyň gurluşyk işleri ýerine ýetirilýär. Ýükleriň we ýolagçylaryň üstaşyr geçirilmeginiň halkara derejede hem-de ýokary hilli bolmagyny gazanmak maksady bilen, uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşyk işleri doly tamamlanyp, 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Şeýle hem uzynlygy 252 kilometre deň bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi, uzynlygy 544 kilometr bolan Türkmenabat — Gazojak — Daşoguz, uzynlygy 330 kilometre deň bolan Mary — Serhetabat, uzynlygy 307 kilometr bolan Gumdag — Esenguly — Etrek — Gidrolum awtomobil ýollarynyň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

2022-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbi tutuldy. Uzynlygy 252 kilometr bolan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän uzynlygy 354 metr, ini 21 metr, iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň gurluşygyny 2024-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Aşgabat şäherinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde, ak mermerli paýtagtymyz dünýäniň iň gözel hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň ösdürilmegi, uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, onuň düzümleriniň kämilleşdirilmegi amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda belleýşi ýaly, bu gün paýtagtymyz ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, intellektual we medeni merkezi bolup durýar. Ak mermerli Aşgabat owadan we ýaşamak üçin has oňaýly bolmak bilen birlikde, döwrebap megapolise öwrülýär. Munuň özi onuň ähli durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlemeginde hem-de daşky keşbinde öz beýanyny tapýar.

Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, onda daşky gurşawyň täsirini gowulandyrmagyň has kämil gurallaryny we usullaryny, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde bu meseleler tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň hem üns merkezinde durýar. 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Munuň özi şäher üçin dürli syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmekde we ýaýbaňlandyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. 2022-nji ýylyň aprel aýynda bolsa BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we goşandy üçin halkara güwänama gowşuryldy.

Häzirki wagtda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça işler alnyp barylýar. 2022-nji ýylda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde «Dizaýn» ugry boýunça Aşgabat şäherini döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda hem zerur çäreler amala aşyrylyp, onuň çäklerinde paýtagtymyzda «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy hem-de «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi geçirildi.

2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy giňden belleniler. Aşgabat şäheriniň günorta böleginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärlik toplumynyň 2024-nji ýylda açylmagy bolsa şahyryň hormatyna guraljak giň möçberli dabaralara özboluşly badalga berer. Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň belent sütünleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň beýikligi 60 metr bolup, ýadygärlik toplumynyň umumy meýdany 76 gektara barabardyr. Bu ýerde suw çüwdürimleri, dynç alyş zolaklary, bassyrmalar we awtoduralgalar göz öňünde tutulandyr.

Umuman, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumy ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet üstünlikleri bilen barýar. Toplumda ýetilen belent sepgitleriň gözbaşynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary durandyr.

B.Annamämmedow,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow