Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmeler syýasaty netijesinde gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň berk binýadydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyny ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli guralan esasy dabaralaryň hatarynda görkezmek bolar. Bu täze desganyň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrdy. Bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge ukyply täze kärhanada ýerli çig malyň ulanylmagy diňe bir önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek bilen çäklenmän, eýsem, önümçilik işiniň bökdençsiz dowam etmegini-de üpjün edýär.
Kärhana dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, şol sanda Germaniýanyň «Horn Glass Industries», Italiýanyň «Vetromeccanica Srl» we “Bottera” kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edildi. Açylyş dabarasynda kompaniýalaryň wekilleri döwrebap senagat desgasynyň işe girizilmegi mynasybetli bu ýere ýygnananlary gutlap, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda edýän tagallalary hem-de taslamany durmuşa geçirmek babatda döreden ähli zerur şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Soňra Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine täze kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň hil, daşky gurşaw we howpsuzlyk taýdan halkara standartlaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini, şeýle standartlara laýyk gelýän toplumlaýyn dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylandygyny tassyklaýan güwänamalar gowşuryldy.
Täze kärhananyň döredilmeginiň möhüm durmuş ähmiýeti bar. Zawod ýerli ilaty ýüzlerçe täze iş orny bilen üpjün eder. Bu ýerde öndürilýän ähli önümler awtomatlaşdyrylan we datçikler bilen üpjün edilen enjamlar arkaly tapgyrlaýyn hil barlaglaryndan geçirilýär. Munuň özi önümleriň ýokary hilini üpjün edip, döwrebap zawodyň eksport mümkinçiligini has-da artdyrar. Önümhananyň işe girizilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalydyr. Mundan başga-da, Watanymyzyň dürli künjeklerinde durmuş maksatly desgalar ulanmaga berler. Bularyň ählisi Garaşsyzlyk baýramynda halkymyza uly sowgat bolar.
9-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ol Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny öz durmuşynda görýär. Baýramçylyk günlerinde ulanmaga berilýän täze, döwrebap obalary, şäherçäni, durmuş maksatly binalary synlamaga göz gerek. Halkara ölçeglere laýyk gelýän şeýle gurluşyk taslamalarynyň türkmen gurluşykçylarynyň güýji bilen ýerine ýetirilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.
Täze oba 400 sany ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, söwda merkezini özünde jemleýär. Bu ýerde döwrebap ýol-ulag, aragatnaşyk, suw, elektrik, gaz üpjünçilik hem-de lagym ulgamlary göz öňünde tutulypdyr. Giň we yşyklandyryş ulgamy çekilen awtomobil ýollarynyň ugrunda gök zolaklaryň, ýörite seýilgähiň döredilmegi taslamanyň durmuşa geçirilişine hemmetaraplaýyn, şol sanda ekologik abadançylyk nukdaýnazaryndan oýlanyşykly çemeleşilendigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, 10-njy sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi — pagta ýygymy badalga aldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerlerde pagta ýygymyny bökdençsiz geçirmek üçin tehnikalara gije-gündizleýin hyzmatlar ýola goýuldy, mehanizatorlaryň we pagtaçylaryň netijeli işlemegi, dynç almagy babatda talabalaýyk şertler döredildi.
11-nji sentýabrda täze Bitaraplyk şäherçesiniň hem-de awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýuna bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň üstüni ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň açylyş dabarasy mynasybetli iberen Gutlagynda bu desgalaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýan türkmen telekeçileri tarapyndan gurulmagynyň aýratyn bellenilmäge mynasypdygyny, munuň bolsa ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, Watanymyzyň öndürijilik kuwwatyny artdyrmak boýunça tutumly işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýändigini nygtady.
Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde geçirilen bu dabara «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.
Bitaraplyk şäherçesi 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, önümçilik maksatly häzirki zaman desgalaryny özünde jemleýär. Şeýle hem bu ýerde körpeleriň 160-syna niýetlenen çagalar bagy, 420 orunlyk orta mekdep, 200 orunlyk medeniýet öýi, 500 orunlyk toý mekany, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, ýangyn söndüriji gullugyň desgasy, seýilgäh bar. Täze şäherçede gurlan söwda merkezinde alyjylara harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Döwrebap ýol-ulag desgalary awtoulaglaryň iki tarapa hem bökdençsiz hereket etmegini üpjün edýär. Köprüleriň ugrunda germewler, yşyklandyryş ulgamlary çekilipdir.
12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu waka Milli goşunymyzyň goranmak ukybynyň pugtalandyrylýandygynyň, serhetçileriň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleriň döredilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.
Döwrebap serhet birikmesiniň täze binalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, naharhanadan, medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanasyndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, sport we sagaldyş toplumyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, durmuş maksatly binalardan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz birikmäniň dolandyryş binasynda döredilen şertler bilen tanyşlygyň dowamynda Watanymyzyň serhetlerinde gije-gündiziň dowamynda gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýän wideogözegçilik enjamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň işi bilen tanyşdy. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlardyr programmalar bilen üpjün edilmegi Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygynyň güwäsidir.
Döwlet Baştutanymyz serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilen esgerler ýatakhanasyna baryp gördi. Bu ýerde harby gullukçylaryň gündelik durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek üçin dellekhana, degişli lybaslary we beýleki goşlary saklamak üçin aýratyn bölümler göz öňünde tutulypdyr. Harby gullukçylaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Galkynyş otagy, baý gaznasy bolan, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary ýerleşdirilen döwrebap kitaphana hem serhetçileriň ygtyýaryna berildi.
Täze binalar toplumynyň naharhanasy häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelip, onda nahar taýýarlamak, azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ýörite otaglar, ammarlar göz öňünde tutulypdyr. Naharhana sowadyş we ýyladyş ulgamlary, enjamlaryň kämil görnüşleri, nahar taýýarlamak işini ep-esli ýeňilleşdirýän döwrebap tehnologiýalaryň birnäçesi bilen enjamlaşdyrylandyr. Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine aýratyn ähmiýet berler.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan, harby düzümleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşlygyň dowamynda harby gullukçylaryň, söweşjeň tehnikalara erk edýän ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýle-de bu ýerde harby gullukçylar üçin niýetlenen dürli harby lybaslar görkezildi.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 144 hojalyga niýetlenen, döwrebap mebeller we durmuş maksatly tehnikalar bilen üpjün edilen 4 sany, her biri 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlary-da gurlupdyr. Bu ýerde ýerleşýän dükan, oýun we sport meýdançasy harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň saglygyny berkitmeklerini, wagtyny peýdaly geçirmeklerini üpjün eder. Toplumyň çäklerinde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän lukmançylyk merkezi hem hereket edýär. Toplumyň çägindäki gündelik zerur harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýän söwda nokady bolsa döwlet Baştutanymyzyň ilaty azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda berýän tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Döwlet Baştutanymyz täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, döredilen şertler bilen gyzyklandy. Harby gullukçy Watan goragçylarynyň mukaddes gulluk borjuny berjaý etmekleri, dynç almaklary, maşgala agzalarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we harby kasama wepaly bolup, ýurdumyzyň asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. Harby gullukçynyň maşgala agzalary hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadançylygy ugrunda edýän hemmetaraplaýyn aladalary üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hoşallyklaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiz serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin amatly şertleri döretmek boýunça işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy.
Täze binalar toplumy bilen tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimize serhetçileriň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
13-nji sentýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyny geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Maslahatyň işine daşary ýurtlaryň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar. Häzirki döwürde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurt bölümleriniň 27-si hereket edýär. Olar Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri, halkymyzyň milli medeniýetini, sungatyny, edebi gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda, daşary ýurtly arkadaşlarymyz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde uly işleri alyp barýarlar.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi «Türkmen dünýäsi» gazeti bilen bilelikde her ýyl Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren miweleri we şanly seneler mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini guraýar. Şeýle bäsleşik Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz» diýen at bilen geçirildi. Şunda bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda birleşigiň agzalarynyň hem bardygyny nygtamak gerek.
13-nji sentýabrda paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap seýilgähiň ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Munuň özi ýurdumyzda raýatlaryň, hususan-da, çagalardyr ýaşlaryň göwnejaý dynç almaklary, döredijilik bilen meşgullanmaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli berjaý etmekleri üçin seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär. Seýilgäh zolaklary şäheriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edip, daşky gurşawy goramak babatda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.
Seýilgähde welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary we çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ýörite meýdançalar bar. Dabaranyň çäklerinde dürli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy, döredijilik we sport bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan çagalary sylaglamak dabarasy geçirildi. Olara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bagtyýar çagalar özleri barada edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Şeýlelikde, geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýan möhüm wakalara baýlygy bilen tapawutlandy.