Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Çap edildi 17.09.2025
1428

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy hem-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu gün biz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesiniň we Garaşsyzlyk baýramymyzyň öň ýanynda gözel Diýarymyzyň ähli ýerlerinde täze binalardyr desgalaryň açylyş dabaralarynyň şaýady bolýarys. Gysga döwrüň içinde Ahal welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem uly işler amala aşyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň Bagtly zamana obasynda gurlan, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda merkezi, geňeşligiň edara binasy häzirki wagtda gülläp ösýän türkmen döwletiniň şu günki we ýakyn geljekdäki ýüzlerçe obadyr şäherleriniň nusgalyk keşbidir. Bagtly zamana obasy geňeşligiň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, oba ýaşaýjylarynyň medeni-durmuş derejesiniň we hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam eder. Obanyň gurluşygynyň giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilmegi aýratyn guwandyryjydyr.

Bu gün gözel Diýarymyzyň welaýatlary, etraplary we şäherleri barha özgerýär. Nusgalyk obalardyr şäherçelerde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Durmuş eşretleri ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin gurulýan ähli obalary gurşap alýar. Bu işleriň düýp many-mazmuny bolsa ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatda kesgitlenendir.

Eziz watandaşlar!

Türkmen topragynyň dürli künjeklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümleriň döredilmegi, ähli pudaklara ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilýän ägirt uly maýa goýum serişdeleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna we ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzy, beýleki şäherlerimizi bezeýän ajaýyp binagärlik toplumlary, önümçilik kärhanalary, saglygy goraýyş, medeni, sport desgalary, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, çagalar edaralarynyň täze binalary soňky ýyllarda batly depginler bilen öňe barýan Watanymyzyň artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edip, döwletimizde adam baradaky aladanyň ileri tutulýandygyny görkezýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýan işleriň ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmakda, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýeti bardyr. Geljekde hem ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli strategiýany amala aşyryp, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etdireris.

Halkymyzyň bähbitleri we abadan durmuşy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyzda täze taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmeler hut şu maksatlara gönükdirilýär. Geljekde hem Garaşsyz Watanymyzyň her bir ilatly ýerinde adamlaryň gowy ýaşamaklary, dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertleri döretmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolar.

Hormatly adamlar!

Sizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy hem-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän Bagtly zamana obasynyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrini kabul etdi
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
2025-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary
07.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitindäki ÇYKYŞY
07.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
07.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 31 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary — adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamynyň kemala gelmegine möhüm goşant
top-arrow