Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
Jemgyýet
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
Çap edildi 13.09.2025
39

Şu gün paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap seýilgäh özüniň binagärlik çözgüdi bilen paýtagtymyzyň durmuş maksatly desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirdi. Ýatda galyjy pursatlara beslenen dabara  ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgady hökmünde kabul edildi.

Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly sene mynasybetli guralan dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar we bagtyýar körpe nesiller, şäheriň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Bu ýerde guralan dabarada edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyp ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!»  diýen ynsanperwer ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. 

Täze seýilgähde çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ýörite meýdançalar, güller we dürli baglar seýilgähiň ajaýyp keşbinde sazlaşyk döredýär. Welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary, yşyklandyryş sütünleri bu ýerde ähli ýaşdaky raýatlaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün eder.

Soňky habarlar
13.09
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy
13.09
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi
13.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara
12.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
12.09
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halk Maslahatynyň gün tertibi
11.09
Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýolunda möhüm başlangyçlar
11.09
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
11.09
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
10.09
2025-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
top-arrow