Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senäniň – Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar.
Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy maslahatyň ähmiýetini we derejesini belende göterdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, ösüşiň, berkararlygyň we rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň agzybirligimizi, jebisligimizi hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uly bolar.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu guramanyň işiniň ähmiýetini has-da artdyrmaga, oňyn döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.