Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Döredijilikli syýasat täze üstünlikleriň gözbaşydyr
Hepdäniň wakalary
Döredijilikli syýasat täze üstünlikleriň gözbaşydyr
Çap edildi 05.02.2023
1416

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan toplumlaýyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi döwürlerdir nesilleriň dowamat-dowam bolýandygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýandygynyň aýdyň beýanydyr.

30-njy ýanwarda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda tabşyryklary berdi. Bugdaýa ideg etmegiň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagynyň gözegçilikde saklanylmagy, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriniň taýýarlanylmagy babatda welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklar berildi.

Şeýle-de ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, etraplarda, şäherlerde, şäherçelerde ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, suw bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amal edilmegi babatda-da anyk görkezmeler berildi.

30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň dostlukly we strategik häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň döwletara gatnaşyklara mahsus bolan ýokary derejesi netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin berk binýat bolup durýar.

Söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag we beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklaryň köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýändigi nygtaldy. Iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň ýene-de bir möhüm guraly hökmünde garalýan parlamentara hyzmatdaşlyk söhbetdeşligiň aýratyn ugry boldy. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň, kabul edilen çözgütleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi üçin bu ugry ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.

Şeýle hem iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň duşuşygy boldy. Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy rus parlamentarilerini ýurdumyzda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlaryna halkara synçy hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Döwlet Dumasynyň Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara öz wekillerini gatnaşdyrjakdygyny aýtdy.

W.Wolodin Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş edip, rus tarapynyň Türkmenistan bilen strategik häsiýete eýe bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. Myhman döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtap, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini kanunçylyk taýdan üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalary etmegiň möhümdigini aýtdy. Şunda parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Munuň özi 2022-nji ýylyň iýun aýynda Russiýanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda gol çeken Jarnamasynda kesgitlenen wezipeleriň biridir.

3-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine, Milli howpsuzlyk ministrligine, şeýle-de Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçylar bellenildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Mejlisiniň karary esasynda, goşun generaly diýen harby adyň dakylmagy bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň hem-de işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlap, Watan goragçylarynyň eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly bolmak bilen, mundan beýläk-de jan aýaman gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby at baradaky nyşan dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hökmünde goşun generaly diýen harby adyň dakylmagy meni eziz Watanymyzyň goranmak kuwwatyny berkitmekde, ýurdumyzda asudalygy we parahatçylygy üpjün etmekde, halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşy ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen zähmet çekmäge borçly edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow merdana halkymyz bilen agzybirlikde we jebislikde öňde goýlan belent maksatlara doly ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,8 göterim köpeldi. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda oňyn netijeler gazanyldy. Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 115,7 göterim, çykdajy böleginiňki bolsa 97,4 göterim berjaý edildi.

Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijeleri boýunça görkezijiler barada aýdyldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny düýpli artdyrmagyň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny, önümçilik desgalaryny işjeň ýagdaýda saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmeginiň, önüm berijiligi peselen guýulary abatlamagyň, geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Garagum derýasynyň durkuny täzelemek we kenaryny berkitmek işlerine girişmek üçin taýýarlyk görüp başlamagyň, bu ugurda edilmeli işleriň taslamasyny taýýarlamagyň, ony amala aşyrjak potratçyny gözlemegiň zerurdygyny nygtady. Şonuň ýaly-da, suw hojalygynyň ýagdaýyny seljermek, ýurdumyzyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Şeýle hem Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalary gurmak boýunça iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek, döwrebap läbik sorujylary we ýörite tehnikalary satyn almak boýunça degişli işleri alyp barmak tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz gurluşyk-senagat toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işlemegini gazanmak, himiýa kärhanalaryny doly kuwwatyna çykarmak, ilaty we senagat kärhanalaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de täze awtomobil ýollaryny gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek, welaýatlarda onkologiýa we beýleki saglygy goraýyş maksatly merkezleri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumyny gurmak işlerini çaltlandyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýolagçy we ýük dolanyşygyny depginli artdyrmagyň, üstaşyr we halkara ýük daşamalaryň möçberini has-da ýokarlandyrmagyň, pudaga sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda döwrebap gämileriň hem-de läbik sorujylaryň gurulmagyny ýola goýmagyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, ýanwar aýynyň deslapky netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň bolandygyny, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz senagat pudaklarynda önümçiligiň möçberiniň artdyrylmagyny, bar bolan kuwwatlyklaryň netijeli ulanylmagyny, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň geriminiň giňeldilmegini, daşary söwda dolanyşygynyň oňyn ösüşiniň üpjün edilmegini ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda belledi. Döwlet býujetiniň girdeji we çykdajy böleklerini meýilleşdirilen möçberde amal etmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek zerurdyr.

Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artykdyr. Ýylyň başyndan düýpli maýa goýumlary özleşdirmegiň möçberiniň ýokary bolmagy täze senagat desgalaryny işe girizmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döretdi. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý ýygýan kombaýnlar, sürüm we bejergi traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, tigirleri, çalgy ýaglaryny, sarp ediş serişdelerini satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, çeper höwesjeň kollektiwlerine “Halk” adyny bermegiň tertibi we şertleri hem-de 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Özbegistan Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän we dag gerişlerinde gurlan Saglyk ýoluny döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan işleriň barşy, Nurmuhammet Andalyp we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde Halk Maslahatynyň Başlygy çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleri synlady, soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowyň, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni ugur edinýän şähergurluşyk maksatnamasynyň meselelerine deglip geçildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri dürli maksatly binalaryň halkara ölçeglere laýyklykda gurulmagynyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramaga degişli edaralaryň iň täze tehnologik enjamlar bilen üpjün edilmeginiň möhümdigini belledi.

Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda boldy. Mejlisiň dowamynda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine hem-de şu ýyl üçin öňde goýlan wezipelere garaldy. Toparyň iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda bellenilişi ýaly, adam hukuklaryny goramak babatda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, halkara bilermenleriň gatnaşmagynda maslahatlary, iş duşuşyklaryny, geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde döwlet özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň çäklerinde gurlan täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy. Umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan bir gatly binada müşderiler üçin niýetlenen giň we oňaýly söwda zaly, derman serişdeleriniň, lukmançylyk enjamlarynyň bölümleri, ammar jaýy göz öňünde tutulypdyr.

Täze açylan dermanhanada ýurdumyzda öndürilýän we Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň dürli görnüşli derman serişdeleri, lukmançylyk önümleridir enjamlary, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler elýeterli bahalardan müşderilere hödürlenilýär. Dermanhana arakesmesiz we dynç günsüz sagat 7:00-dan 23:00-a çenli işleýär. Satyn alnan harytlar üçin nagt we nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirip bolýar. Mundan başga-da, bu ýerde sorag-jogap gullugy hereket edýär, eltip bermek hyzmatyny guramak hem meýilleşdirilýär.

Synymyzyň dowamynda «Arkadagly ýaşlar» atly täze elektron žurnalyň okyjylaryna gowşandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň täze žurnaly elektron görnüşde www.turkmenmetbugat.gov.tm web saýtynda ýerleşdirildi. Täze elektron neşir zehinli türkmen ýaşlarynyň geçirýän ylmy barlaglarynyň hem-de innowasion işläp taýýarlamalarynyň ähmiýetini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany boldy.

Soňky habarlar
23.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.02
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlary gowşurylar
23.02
N.M.Annagurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
23.02
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
22.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
22.02
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady
22.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady
22.02
Türkmenistanyň Prezidenti Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltanyny gutlady
22.02
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany
top-arrow