Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 05.08.2025
2339

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammed Ýunus Menfi bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary astynda geçýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Myhman ikiçäk duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Liwiýada dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi. Şeýle-de dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistanda geçirilýän bu maslahatyň üstaşyr ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin zerur şertleri döretmekde, bu ýurtlarda ýaşaýan halklaryň ýagty geljegi ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Liwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdiler.

Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde nebit-gaz ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin hem täze mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerinidir usullaryny gözlemek hem-de olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli dialogyň peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler iki ýurduň arasynda ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammed Ýunus Menfi iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.06
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow