Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýetleriň agzalary!
Türkmenistanyň halkynyň adyndan Sizi tüýs ýürekden mübärekleýärin we Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Bu ýokary wekilçilikli forumyň çäklerinde biz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyny geçirmegi teklip etdik. Bu başlangyjy goldandygyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Munuň özi biziň pikirlerimiziň umumydygyny, raýdaşlygymyzy, doganlyk ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň jogapkärçiligini, olaryň ösüşiň uly wezipelerini çözmekde ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda goňşy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini, öz nobatynda, munuň özüniň köptaraply gatnaşyklaryň täze usullaryny gözlemegiň we döretmegiň zerurdygyny şertlendirýändigini nygtamak isleýärin. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary şolaryň biridir. Häzirki wagtda şu duşuşyklar sebitiň her bir ýurdunda yzygiderli geçirilýär.
Tejribe konsultatiw duşuşyklary geçirmek başlangyjynyň örän zerurdygyny, derwaýys wezipeleri çözmekde hyzmatdaşlygyň ruhuna laýyk gelýändigini görkezdi. Bu gün onuň diňe bir syýasy dialogyň sebitleýin formaty bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara ähmiýetli çäredigini ynamly aýtmak bolar.
Konsultatiw duşuşyklar Merkezi Aziýada döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolmak bilen, şol bir wagtyň özünde goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitara hyzmatdaşlygyň nusgalaryny kemala getirmäge oňyn täsir edýär, köp babatda kontinental möçberde özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin şertleri üpjün edýär.
Konsultatiw duşuşyklarda kabul edilen çözgütleriň esasynda, netijeli umumy syýasy dialog ýola goýuldy. Sebitde we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek maksadynda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar, halkara düzümlerde tagallalary utgaşdyrmak kämilleşdirilýär, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça maslahat beriş we pikir alyşmak tejribesi ornaşdyrylýar.
Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýokary derejä çykaryldy. Şunuň netijesinde biz öz öňümizde uzak möhletleýin döwür üçin bilelikdäki wajyp we anyk wezipeleri goýup, iri taslamalaryň başyny başlap, özara gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny kesgitläp bilýäris. Munuň diňe bir biziň ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit proseslerine örän netijeli täsir etjekdigine, Merkezi Aziýanyň, goňşy döwletleriň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna çalt ýakynlaşmagyna, uly maýa goýumlary, täze tehnologiýalary, bilimleri çekmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Biziň gatnaşyklarymyzy döwrebap ýörelgelerde guramak bilen, umumy ösüş binýadyna daýanýandygymyzy, köpasyrlyk oňyn tejribäni ulanyp, taryhy dowamatlylygy, döwletlerimiziň häzirki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlardaky ornunyň dikeldilmegini üpjün edýändigimizi aýratyn nygtamak gerek.
Ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli we maksada okgunly pugtalandyrmak şu formatyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu babatda geljegiň örän uludygyny hem-de kuwwatlyklaryň birleşdirilmeginiň, umumy serişdeler, geografik, önümçilik, tehnologik mümkinçilikleriň ulanylmagynyň diňe bir milli ykdysadyýetleriň ösmegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, Ýewraziýada tutuş geoykdysady arhitektura düýbünden täze many-mazmun we häsiýet bermäge ýardam etjekdigini aýtsak, hakykatdan daşlaşdygymyz bolmaz.
Häzirki wagtda ykdysadyýet we onuň strategik pudaklary — energetika hem-de ulag biziň işimiziň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Energetika ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy. Biziň döwletlerimiziň çäkleri arkaly energiýa serişdeleriniň uly möçberi iberilýär. Ýurtlarymyzyň her biri olaryň möçberlerini artdyrmak, täze bazarlara çykmak babatda tagallalary edýär.
Merkezi Aziýa ýurtlary ägirt uly serişdeler binýadyna eýedir, energiýanyň dürli görnüşlerini çykarmak we işläp taýýarlamak boýunça yklymda öňdäki orunlary eýeleýärler, geografik taýdan amatly ýerleşýändigini nazara almak bilen, eksporta ibermegiň infrastrukturasyny ösdürýärler. Biz energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, olaryň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmäge esaslanýan umumy garaýyşlardan hem-de ýörelgelerden ugur alýarys. Bu babatda bilelikdäki giň gerimli taslamalary amala aşyrmak, döwrebap üstaşyr infrastrukturany gurmak üçin öz artykmaçlyklarymyzy we mümkinçiliklerimizi birleşdirmek möhüm bolup durýar.
Biziň ýurtlarymyz yklymda tebigy giňişligi emele getirýär. Munuň özi ygtybarly we durnukly ulag geçelgeleri arkaly Aziýany hem-de Ýewropany birleşdirmäge ýardam etmelidir. Biz Merkezi Aziýany we Hazar deňzi zolagyny Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça kuwwatly kontinental üstaşyr-logistika merkezine öwürmek, şeýlelikde, döwrebap ýörelgeler esasynda Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegini üpjün etmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna düşünýäris. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça şu maslahaty hem-de kabul edilmegi göz öňünde tutulýan çözgütler, biziň şu günki duşuşygymyz geljekki bilelikdäki hereketlerimizi meýilleşdirmek babatda möhüm ähmiýete eýe bolar diýip pikir edýärin. Munuň özi ekologiýa we howa bilen bagly meselelere hem gönüden-göni degişlidir. Türkmenistan häzirki ekologik wehimlere garşy durmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi, çölleşme, Aral meselesi, buzluklaryň eremegi ýaly wehimlere garşy göreşmek, suw serişdelerini rejeli ulanmak, tebigy landşafty aýawly saklamak, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak örän derwaýys wezipeleriň hatarynda durýar.
Pes uglerodly önümçilikleri ösdürmek, atmosfera zyňyndylary azaltmak boýunça çäreleri amala aşyrmaga gönükdirilen ädimleriň utgaşdyrylmagy hem örän möhümdir. Bu wezipeleri çözmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň hem-de özara goldawynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Ählumumy gün tertibinde kesgitlenen maksatlara ýetmekde saldamly goşant boljakdygyna ynanýaryn.
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
Biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň wajypdygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Häzirki wagtda dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, bu wezipe aýratyn derwaýyslyga eýe bolýar, olar boýunça ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap edýär. Biziň bilelikde diňe bir öz ösüşimiziň bähbidine däl, eýsem, tutuş dünýäniň bähbitlerine bu wezipäni mynasyp we netijeli çözüp bilmäge ukyplydygymyza ynanýaryn. Bu ynam umumy köpasyrlyk tejribä, ruhy we ahlak gymmatlyklaryň berkligine we mizemezligine esaslanýar.
Sözüň doly manysynda, biziň halklarymyz bitewüdir. Biz bir bitewi siwilizasion giňişligi emele getirýäris, şol bir gymmatlyklara eýerýäris, beýik ata-babalarymyzyň taryhy mirasyna daýanýarys. Olar bize doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we jebisligiň ynsanperwerlik ýörelgelerini miras galdyrdylar. Olara eýermek bolsa biziň döwletlerimiz üçin hemmetaraplaýyn ösüşiň we öňegidişligiň giň gözýetimlerini açýar. Häzirki wagtda bu mirasy aýawly saklamak we artdyrmak, halklarymyzyň arasynda özara düşünişmegi hem-de dostlugy pugtalandyrmak örän möhümdir. Şunda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň wekilleriniň, ýaşlaryň duşuşyklary aýratyn orun eýelemelidir. Olar giň we yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr diýip hasap edýärin.
Şeýle gatnaşyklaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy geljege goşantdyr, dowamatlylygyň hem-de häzirki wagtda bilelikdäki tagallalarymyz, şol sanda şu duşuşygyň barşynda edýän tagallalarymyz bilen has-da pugtalanýan däp-dessurlarymyzyň dowamydyr.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesine buýsanmaga haklydyrys. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak şol gatnaşyklaryň esasy häsiýetleridir. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy sebit howpsuzlygynyň strategik şerti, durnukly ösüşiň hem-de Ýewraziýada we tutuş dünýäde bähbitleriň deňagramlylygynyň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär.
Biziň mundan beýläk-de bilelikde işlemegimiz üçin özara gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatynyň, giň ugurlaryň bardygyna ynanýaryn.
Şu ýylyň noýabr aýynyň ortalarynda Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygy geçiriler. Bu duşuşygyň ýokary many-mazmun we guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine, möhüm çözgütlere beslenjekdigine şübhelenmeýärin. Şu günki mejlisimiz bolsa, gürrüňsiz, konsultatiw duşuşyga taýýarlyk görmekde möhüm tapgyr bolup durýar. Döwlet Baştutanlary tarapyndan kabul ediljek çözgütleriň biziň hyzmatdaşlygymyzyň ygtybarly syýasy-hukuk binýadyny pugtalandyrjakdygyna hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygyny, rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ähmiýetli maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Şu duşuşyga gatnaşýandygyňyz, bilelikdäki netijeli we döredijilikli işe taýýardygyňyz üçin Size ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
(Awaza, 2025-nji ýylyň 5-nji awgusty)