Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Çap edildi 05.08.2025
1993

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyzda bolýan Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri ýurdumyzda bildirilen myhmansöýerlik hem-de Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, bu maslahatyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi we şeýle giň gerimli forumyň türkmen topragynda geçirilmeginiň Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ygrarlydygynyň güwäsidigini aýtdy. Şeýle-de belent mertebeli myhman Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän maslahata gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan ulag, logistika, infrastruktura meselelerini çözmäge, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, durnukly we inklýuziw ösüş üçin şertleri döretmäge gönükdirilen täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolar.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki syýasy dialogyň işjeňleşendigine kanagatlanma bildirip, Irakliý Kobahidzäniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Aşgabatda geçirilen netijeli gepleşiklere aýratyn ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-gruzin döwletara dialogynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, ýurtlarymyz ulag, senagat, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ulag-logistika ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan “Gara deňiz — Hazar deňzi”, “Lapis Lazuli” ulag geçelgeleriniň durmuşa geçirilmegine we ösdürilmegine gyzyklanma bildirýär.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine üns çekip, ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda bilelikde işlemek, tejribe alyşmak üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň we Gruziýanyň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
13.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.03
Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
13.03
“Türkmennebit” döwlet konsernine maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
13.03
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi
13.03
Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer ýüküni ibermek bellenildi
12.03
Türkmenistanyň himiýa senagaty: ösüşiň we eksportyň täze ugurlary
top-arrow