Siziň Alyhezretleriňiz!
Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!
Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy jenap Filemon Ýang!
Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Başlygy jenap Lok Bahadur Thapa!
Hormatly döwletleriň, hökümetleriň Baştutanlary, halkara guramalaryň, wekiliýetleriň ýolbaşçylary we wekilleri!
Hanymlar we jenaplar!
Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýandygyňyz üçin Türkmenistanyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn hem-de minnetdarlyk bildirýärin. Bu maslahat dünýä ösüşiniň uly we derwaýys meselelerine gürrüňsiz degişlidir. Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli maksatnamalaryny, ilki bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, Geljegiň bähbidine paktyň strategik ýörelgelerine eýermäge dahyllydyr. Şoňa görä-de, şu belent münberden hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişe, bu guramanyň agzalary bolan döwletleriň ähli Baştutanlaryna we wekillerine biziň şu forumymyza üns berýändikleri we deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary hemmetaraplaýyn ösdürmäge berk eýerýändikleri üçin minnetdarlyk sözleri bilen ýüzlenýärin.
Biziň şu maslahatymyzda seredilýän meseläniň ählumumy ähmiýeti bardyr. Ol halkara işiň esasy ölçeglerini, ýagny ynsanperwer, ykdysady, durmuş, ekologiýa we beýleki ugurlary öz içine alýar.
Ilkinji nobatda, ynsanperwer meseleleriň möhümdigini bellemek isleýärin. Türkmenistanyň döwlet syýasaty adama, onuň isleglerine we zerurlyklaryna gönükdirilendir. Bu syýasat şahsyýetiň mümkinçiliklerini, döredijilik kuwwatyny ýüze çykarmakdan, ruhy we beden saglygyny üpjün etmekden, kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.
«Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyz diňe bir şygar däldir. Ol Türkmenistanyň içeri syýasatynyň, ýaşaýyş-durmuşynyň düýpli ugruny kesgitleýän, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we halkara işiniň esasydyr. Sebäbi adamlaryň durmuşynyň ýokary standartlaryny hem-de ýaşaýşynyň hilini üpjün etmek Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň esasydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň býujetiniň esasy bölegi durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş we bilim desgalarynyň gurluşygyna gönükdirilýär. Maşgalany, eneligi we çagalygy, ýaşlary hem-de ýaşuly nesli, mümkinçiligi çäkli adamlary, raýatlaryň beýleki toparlaryny goldamak üçin ulanylýar.
Lukmançylyk we ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjünçilik barada aýratyn durup geçmek isleýärin. Milli çäklerden çykýan bu mesele düýpli meseledir, onuň örän möhüm ähmiýeti bardyr. Durmuş syýasatyny alyp barýan döwlet hökmünde Türkmenistan bu işde baý tejribe toplady. Biz bu tejribäni ähli ýurtlar bilen paýlaşmaga, halkara guramalar bilen giňden hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýar.
Şu gün men bu forumyň münberinden «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny öňe sürýärin. Bolup geçen dünýä pandemiýasy, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýüze çykýan häzirki meseleler, keselçilikler we epidemiýalar raýdaşlyk we özara goldaw düşünjesiniň dünýä möçberinde adamyň saglygy, saglygyny goramaga hem-de bejergä bolan düýpli hukugy bilen birmeňzeşdigini görkezýär. Bu başlangyçda gürrüň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara lukmançylyk diplomatiýasynyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmak barada barýar. Biziň pikirimizçe, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen guramalary, maksatnamalary, gaznalary, institutlary bu işi goldamakda esasy utgaşdyryjynyň wezipesini öz üstüne almalydyr.
Şu forumda Türkmenistanyň şeýle başlangyjy öňe sürmegi ýöne ýere däldir, onuň maksady we esaslary bardyr. Deňze çykalganyň bolmazlygy häzirki döwürde lukmançylyk kömegini bermek, lukmançylyk enjamlaryny we derman serişdelerini ibermek, zerur bolan öňüni alyş çärelerini geçirmek, ähli saglygy goraýyş ulgamynyň işlemegini üpjün etmek üçin düýpli päsgelçilik bolup durýar.
Biziň ýurdumyz bu başlangyjy iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça öz garaýyşlaryny beýan etmäge hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümlerinde işe başlamaga taýýardyr.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Durnukly kommunikasiýalar ulgamyny döretmek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin möhüm meseledir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu örän möhüm ugur boýunça dialog üçin häzirki zaman halkara binýadyny döretmek başlangyjyny öňe sürenleriň biri boldy. Bu ugurda 2016-njy ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatynyň, şeýle hem ýurdumyzda 2022-nji ýylda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň üstünlikli geçirilendigini belläp geçmek isleýärin.
Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleri netijesinde, soňky ýyllarda biziň döwletimiziň halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada öňe süren başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň alty sany Kararnamasy kabul edildi.
Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Türkmenistan ulag arabaglanyşygyny çaltlandyrmagyň we bu ugurda täze garaýyşlaryň zerurdygyndan ugur alýar. Şoňa görä-de, geçen ýyl Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde biziň ýurdumyz hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşini — Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmegi teklip etdi. Foruma ähli gatnaşyjylardan şol başlangyja üns bilen seretmegi haýyş edýärin. Bu başlangyjyň amala aşyrylmagynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň bütindünýä ulag-logistika akymlaryna goşulyşmagyna düýpli ýardam berjekdigine ynanýaryn.
«Ýaşyl» gün tertibi bilen baglylykda, ulag ugurlarynyň ekologiýa howpsuzlygy bu işde örän möhüm mesele bolup durýar. Bu wezipäni, ilki bilen, häzirki zaman tehnologiýalaryny çekmek arkaly çözüp boljakdygyny görýäris.
Türkmenistan beýleki ugurlarda, şol sanda energetika babatda hem ekologiýa meselesine uly ähmiýet berýär. «Ýaşyl» energetika düşünjesi häzirki döwürde ýurduň içinde hem, halkara energiýa giňişliginde hem biziň energetika pudagyndaky işimiziň hökmany, düýpli ölçegi bolup durýar. Bu ugurda biz Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde kabul edilen halkara namalara berk laýyklykda iş alyp barýarys. Energetika üçlügine gatnaşyjylaryň ählisiniň, ýagny energiýany öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem sarp edijileriň halkara ekologiýa ölçeglerini we daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi babatdaky ylalaşyklary gyşarnyksyz berjaý etmelidigini beýan edýäris. Biziň ýurdumyz bu meselede gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak boýunça işi çaltlandyrmak ugrunda çykyş edýär.
Wodorod energetikasyny ösdürmäge gatnaşmaga-da taýýardygymyzy beýan edýäris. Bu meselede hyzmatdaşlyk etmegiň anyk bilelikdäki meýilnamalary we algoritmleri zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, 2030 — 2040-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny döretmek başlangyjyny öňe sürýäris. Şoňa görä-de, geljek ýyldan başlap, Birleşen Milletler Guramasynda şu maksatnamany işläp taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýäris.
Umuman, biz ähli ykdysady işi ekologiýa standartlary bilen utgaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýarys. Biziň ekologiýa syýasatymyzyň esasy ugry ykdysady ulgamy önümçilik pudagynyň tebigatyň bäsdeşi däl-de, eýsem, sazlaşdyryjysy we daýanjy bolar ýaly ýola goýmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýapyk aýlawly (sirkulýar) ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny döretmek barada Türkmenistanyň öňe süren teklibine ünsüňizi çekmek isleýärin.
Howa meselesiniň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň netijelidigini bellemek zerur diýip hasap edýärin. Munuň özi Konwensiýanyň taraplarynyň soňky maslahatlarynda aýratyn aýdyň ýüze çykdy. Şol maslahatlarda täze ählumumy howa gün tertibiniň tehnologik, hukuk we ykdysady esaslarynyň işlenip düzülýändigini bellemek gerek. Bu işde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mynasyp we saldamly orny bolmalydyr. Türkmenistan bu ugry goldaýar hem-de oňa döredijilikli we netijeli işi bilen doly goşulýar. Mysal üçin, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň howa babatdaky meselesi Hazar deňzini gorap saklamak we Araly halas etmek ýaly meseleler bilen baglydyr.
Şu foruma gatnaşyjy birnäçe döwletler üçin Hazar deňzi dünýä ummanyna çykmagyň örän möhüm suw ýoly bolup durýar. Şoňa görä-de, biziň ählimiziň deňziň ekologik abadançylygyna gyzyklanma bildirýändigimize, munuň bolsa onuň ykdysady we ulag mümkinçiliklerine gönüden-göni täsir edýändigine ynanýaryn. Şeýlelikde, Hazar deňziniň meseleleri sebit, hatda kontinental çäklerden hem çykýar. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Hazaryň daşky gurşawyny goramak bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça hünärmenleriň anyk dialogy hökmünde «Hazar ekologik başlangyjy» bilen çykyş etdi. Onuň wagty ýeten ençeme ekologiýa meselelerini çözmegi öňe sürdi. Häzirki döwürde şol örän möhüm meseleleriň biri-de deňziň suwunyň çekilmegidir.
Araly halas etmek meselesiniň hem ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistan Aral deňziniň sebiti üçin Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy hem-de Aral meselesini bu guramanyň işiniň aýratyn ugruna öwürmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň kabul eden iki sany Kararnamasy, ýagny «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasy, şeýle hem BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek» atly Kararnamasy netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin gowy esas bolup durýar. Bu örän möhüm resminamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Aral meselesi boýunça ähli halkara işleriň kesgitleýji şertleriniň birine öwrüljekdigine ynanýaryn.
Şeýle hem, umuman, umumy dünýä işleriniň örän möhüm bölegi hökmünde suw meselesi boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda-da aýtmak isleýärin. Munuň özi köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi hem-de abadançylygy üpjün etmegiň geljegini kesgitleýär. Bu meselede suw serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy we adalatly paýlanmagy möhüm bolup durýar. Türkmenistan hemişe suwa deň we adalatly elýeterlilik halklaryň hem-de her bir adamyň tebigy we düýpli hukugydyr diýip, berk we üýtgewsiz çykyş edýär. Şoňa görä-de, biziň düýpli ynanjymyz boýunça tutuş suw meselesi toplumyna seretmek şu üç sany binýatlaýyn kada, ýagny:
— halkara hukugyň berjaý edilmegine;
— bähbitleriň özara hasaba alynmagyna;
— halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagyna esaslanmalydyr.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly Türkmenistanyň teklibi boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Şeýle hem biziň ýurdumyz şu ýyl dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde taryhy senäni — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny belleýär. Bu wakalaryň ikisiniň hem Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen gabat gelmegi simwoliki ähmiýete eýedir.
Parahatçylyk, ynanyşmak, Bitaraplyk düşünjeleri biziň üçin özara aýrylmaz bagly bolup, Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň manysyny we düýp mazmunyny düzýär. Olar biziň halkara giňişlikdäki hereketlerimizi hem-de başlangyçlarymyzy kesgitleýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk döwletimiziň ileri tutýan ugry bolan we bolmagynda galýan daşary syýasatymyzyň filosofiýasyny aňladýar. Bu doly derejede häzirki foruma hem degişlidir. Biz Birleşen Milletler Guramasy, dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan dostlarymyz hem-de pikirdeşlerimiz, abraýly halkara guramalar bilen Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň meseleleri, olary çözmegiň ýollary barada garaýyşlarymyzy beýan edýäris. Özi-de döredijilik we deňhukuklylyk, özara hormatlamak hem-de bähbitleri hasaba almak bilen, biziň halklarymyz, adamlarymyz, olaryň häzirki we geljekki durmuşy barada alada etmek bilen, garaýyşlarymyzy beýan edýäris. Men dogry ýoldan barýandygymyza we bilelikde üstünlik gazanjakdygymyza ynanýaryn.
Ähli wekiliýetlere, hormatly myhmanlarymyza işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk, biziň ýurtlarymyzyň hem-de bütin adamzadyň ösüşi, ilerlemegi we abadançylygy baradaky öňde goýlan maksatlary ýerine ýetirmekde Türkmenistan bilen bilelikde işlemäge taýýardyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýärin.
(Awaza, 2025-nji ýylyň 5-nji awgusty)