Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Türkmenistan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
Hepdäniň wakalary
Türkmenistan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
Çap edildi 08.01.2023
2157

Ýetip gelen täze, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji hepdesi syýasy ähmiýetli wakalara beslenip, olarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi bilen bagly täze taryhy eýýamyň maksatlary öz beýanyny tapdy.

3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki ähmiýetli ornuny belläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň, gowaça ekiljek ýerleri sürmegiň we tekizlemegiň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmegiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, häkimlere ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen işleri gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň çäklerinde häzirki wagtda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň döwrebap bilim almaklary, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak bilen bagly Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Milli Geňeşiň agzalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň we ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagy hem-de 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Şeýle-de ýylyň şygarynyň syýasy we durmuş babatdaky ähmiýetini wagyz etmek boýunça çäreler meýilnamalaýyn esasda geçirilýär.

Ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamlary boýunça 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak, ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, atçylyk pudagyny ösdürmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, dokma senagatynyň bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini giňeltmek, ulag ulgamynyň işini hukuk taýdan düzgünleşdirmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy. Ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny pugtalandyrmak, TÜRKSOÝ bilen bilelikde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, Halkara okuw-ylmy merkezinde teleköpri arkaly X türkmen-german forumyny geçirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Dokma senagaty ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşleriniň bellenilen möçberini degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi, geçiriljek dabaralardyr çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberi tassyklanyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.

5-6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylda daşary ýurda ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene — Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelmegi buýsançly ýagdaýdyr.

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň sapary günlerinde Hytaýyň “Ženmin Žibao” atly merkezi gazeti hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady” atly makalasyny çap etdi. Makalada nygtalyşy ýaly, şeýle abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Häzirki günde Hytaý Türkmenistanyň iň iri ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşydyr. Ýurtlarymyz energetika, ulag, aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy, saglygy goraýyş, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki wagtda taraplar aragatnaşyk pudagynda, ýurdumyzyň telekommunikasiýalar ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, Türkmenistanyň aragatnaşyk hemralarynyň hyzmaty ulgamynda taslamalary amala aşyrmagyň üstünde işleýärler. Ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin giň gözýetimleri açýandygyny aýratyn nygtady.

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň, uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan giň gerimli döwletara hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleri boýunça içgin pikir alyşdylar, halkara we sebit gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Däp bolan ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlary, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlary we beýleki köp sanly ugurlar özara bähbitleriň gabat gelýän möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi baly, bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň üstüne uly wezipeler ýüklenilýär.

Nygtalyşy ýaly, ynsanperwer ugur, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini islendik amatly wagtda döwlet sapary bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda däp bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen birnäçe beýleki möhüm resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda sanly ykdysadyýet babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “ýaşyl” ösüş babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2023 — 2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Sinhua» habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Ženmin Žibao» gazetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Media korporasiýasynyň arasynda habar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş boýunça döwlet komissiýasynyň arasynda saglygy goraýyş pudagynda 2023 — 2027-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasy; Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Hytaý Olimpiýa komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş döwlet müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem saparyň barşynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda we beýleki birnäçe ugurlarda ägirt uly kuwwaty bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyldy. Hytaý kompaniýalarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. Ýurdumyzda bilelikde amala aşyrylan iri infrastruktura taslamalary ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň netijesidir. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hökmünde görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berildi. Li Çžanşu parlamentara hyzmatdaşlygy iki ýurduň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hökmünde belläp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi üçin islendik amatly wagtda Hytaý Halk Respublikasyna gelmegi baradaky çakylygyny beýan etdi. Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda “Merkezi Aziýa — Hytaý” parlamentara geňeşini döretmegiň hem-de “Türkmenistan — Hytaý: zenanlar we ýaşlar” bilelikdäki forumyny geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara komitetiň hytaý böleginiň agzalary bilen gepleşikleri geçirdiler. Onda özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, ony iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Şeýle-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar. Ýaş ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza ýaşlar barada edilýän alada, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny beýan edip, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän 2023-nji ýylda ata Watanymyzyň abraýynyň has-da belende galdyrylmagyna, türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Ýadygärlik hökmünde talyplara hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitaby gowşuryldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen bagly daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapdy. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmeginiň we özara düşünişmek, hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmeginiň esasy şertidir.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow