Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylygyny, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.
31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagynyň häzirki günüň möhüm talabydygyny hem-de bu işde käbir etraplaryň depgininiň pesdigini belläp, welaýatlaryň häkimlerine bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Bugdaý ekişini bellenilen möhletde tamamlamak, ekişde ulanylýan tehnikalary doly güýjünde işletmek meselelerine aýratyn üns bermek zerurdyr.
Şeýle-de ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak ugrunda ähli tagallalaryň edilmegi möhümdir. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagyny, ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.
2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de asudalygy üpjün etmek, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.
Ministrler Kabinetiniň 4-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine garaldy. Habar berlişi ýaly, on aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklanýar. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 39,1 göterim köpeldi. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,3 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda, doly maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim artdy. Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp baryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda üstünde işlenen 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlanyldy. Şunda serişdeleriň ep-esli bölegi durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdiriler. 2023-nji ýyl üçin bölünip berilýän maýa goýumlary milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga, pudaklar üçin täze önümçilikleri gurmaga hem-de hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmaga, ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda üstünlikli ösmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, jemi içerki önümiň 6,2 göterim ösüş derejesini saklap galmagy başardyk. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Bellenen meýilnamalara laýyklykda, 61 sany iri desga açylyp ulanmaga berildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de birnäçe desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, öndürilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de önümleriň eksport ugurlaryny giňeltmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde bag nahalyny ekip, ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdi. Gündogaryň beýik akyldarynyň ýadygärliginiň we özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasynyň aralygynda ýerleşen bu gözel künjek ýyl-ýyldan täze tokaý zolaklaryna bürelýär.
Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek işiniň nobatdaky tapgyryna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köp sanly ýaşaýjylar öz saldamly goşantlaryny goşdular. Ekologik çärä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem boldy. Güýz paslynyň bu ajaýyp gününde ýurdumyzyň ýaşaýjylary öz joşgunly zähmeti bilen mähriban topragymyzy “ýaşyl begrese” büremek üçin ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdylar. Şeýle-de ozal bar bolan baglara ideg edildi.
Ählihalk bag ekmek dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hormatly Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Bu asylly çärä täze merkeziň ýolbaşçylary, gurluşykçylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Bilelikdäki tagallalar esasynda bu ýerde dürli bag nahallarynyň 5 müňden gowragy ekildi.
Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy, ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ýadygärligini öz içine alýan binagärlik toplumynyň bezeg işlerinde innowasion işläp taýýarlamalaryň ulanylyşy bilen gyzyklandy. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz ak mermerli Aşgabadyň töwereklerinde alnyp barylýan işler, hususan-da, onuň günorta-günbatar künjegindäki tokaý zolaklary, Köpetdagyň gerşinde gurlan Saglyk ýolunyň, Arçabil şaýolunda ýol-ulag düzümleriniň desgalarynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Şunda gurluşyk taslamalary amala aşyrylanda, ekologik ugruň göz öňünde tutulmalydygyna hem-de milli binagärlik ýörelgeleriniň iň täze tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşdyrylmalydygyna üns çekildi.
Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjrani bilen 31-nji oktýabrda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda ara alyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan we Pakistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.
Şol bir wagtda ýurtlaryň ikisi-de sebitde amala aşyrylýan iri energetika hem-de kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar, şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamasyny görkezmek bolar. Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz ýakyn parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de berkitmek, kanunçylyk ulgamynda tejribe alyşmak, parlamentarileriň yzygiderli duşuşyklaryny we geňeşmelerini guramak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletlerimiziň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň üstüni ýetirjekdigine pugta ynam bildirildi.
1 — 3-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynda resmi saparda boldy. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Arkadagymyzyň Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda iki döwletiň hem ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine, zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna mundan beýläk-de ýardam bermegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Resminama Gahryman Arkadagymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy gol çekdiler. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ştab-kwartirasy türkmen paýtagtynda ýerleşýän “Aşgabat görnüşiniň” hemişelik hereket edýän Sekretariatyny döretmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady.
2-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň umumy mejlisinde maksatnamalaýyn çykyş etdi. Öz çykyşynda hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň ýakyndan, başlangyçly özara gatnaşyklarynyň iki döwletiň arasyndaky toplumlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm we aýrylmaz bölegidigini nygtady. Çykyşynyň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy parlament diplomatiýasynyň halkara giňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy we açyklygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşmaga, dünýäniň syýasy gün tertibine oňyn itergi bermäge, ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň, esasy halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň ýoýulmagyna ýol bermezlige gönükdirilendigine ynam bildirdi.
Energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlary, senagat, söwda, oba hojalygy tagallalary birleşdirmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Biz hemişe Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, olara täze hil-häsiýetiň berilmegi, bu gatnaşyklaryň köpugurly ykdysady hyzmatdaşlyk derejesine çykarylmagy we şunda esasy ornuň maýa goýum, maliýe, tehnologiýa ugurlaryna degişli bolmagy ugrunda çykyş edýäris diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýokarda agzalan wezipeleriň çözülmegine iki ýurduň parlamentarileri öz goşandyny goşmalydyrlar, ýagny häzirki döwrüň ykdysady gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän täze kanunlary kabul etmelidirler, bu ugurda milli kanunçylyklarymyzy oýlanyşykly we deňagramly sazlaşdyrmalydyrlar.
Gahryman Arkadygymyz Türkmenistanda rus diline, edebiýatyna, rus halkynyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna uly hormat goýulýandygyny aýratyn nygtady. Ýurdumyzda rus dilinde bilim berýän onlarça mekdep bar, A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus mekdebi hereket edýär, rus dili ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde okadylýar. Häzirki wagtda Aşgabatda Rus drama teatrynyň taslamasynyň we gurluşygynyň üstünde işlenilýär, Türkmen-rus uniwersitetini döretmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň çäklerindäki ýadygärliklerde, heýkel kompozisiýalarynda, edaralaryň atlarynda türkmen halkynyň beýik ogly, filosof, şahyr, akyldar Magtymguly Pyragynyň keşbiniň we adynyň ebedileşdirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň belleniljekdigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, medeni-ynsanperwer ulgamda ýakyndan parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiligine garalmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygy, bu gatnaşyklaryň mazmunyny degişli orta möhletleýin toplumlaýyn maksatnamada beýan edip boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, ýurtlarymyzyň arasyndaky parlamentara dialogy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamaga, özara düşünişmäge, kanun çykaryjylyk işi boýunça giňden tejribe alyşmaga ýardam bermäge, ähli netijeli pikirleri we başlangyçlary höweslendirmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Şol gün hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen gepleşikleri boldy. Taraplar parlamentara ulgamda, ykdysadyýetde, ylym-bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başga-da, ýaşlar syýasaty we gender deňligi ulgamlarynda giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garamak üçin geçiriljek Hazarýaka döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşmak mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň birnäçesi boýunça taraplaryň garaýyşlary beýan edildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bilelikdäki netijeli işe ygrarlydygyny tassyklady hem-de Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Russiýa saparynyň soňky gününde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyza Russiýanyň ýokary döwlet sylagy — IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni gowşuryldy. Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň ählumumy parahatçylygyň, Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan ägirt uly goşandynyň ykrarnamasy boldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Hususan-da, iki ýurduň parlamentleriniň ýokarky palatalarynyň Başlyklarynyň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle-de Moskwada “Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygy: ugurlar we ileri tutulýan wezipeler” atly “tegelek stol” söhbetdeşligi guraldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysynyň Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň baş direktory bilen geçiren duşuşygynyň barşynda sirk sungaty ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy, bu ugurda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Geçen hepdede türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegine 29 ýyl doldy. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bu waka mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumyň dowamynda bank ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hem-de bu ulgamy sanlylaşdyrmagyň aýratynlyklary, taslamalary maliýeleşdirmekde, milli ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn ösdürmekde halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde bank ulgamynyň eýeleýän orny baradaky çykyşlar diňlenildi.
Şanly sene mynasybetli guralan çäräniň çäklerinde pul birlikleriniň nusgalary, şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Garaşsyzlyk ýyllary içinde goýberilen, gymmat bahaly metallardan taýýarlanylan ýadygärlik şaýy pullar, milli zergärçilik şaý-sepleri görkezilýän, ýurdumyzyň numizmatikasynyň taryhyna bagyşlanan maglumatlary özünde jemleýän sergi guraldy.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň nyşany bolmak bilen, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, adamlar baradaky aladanyň bolsa döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny nobatdaky gezek subut etdi.