Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
Ykdysadyýet
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
Çap edildi 08.08.2025
65

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlaryň hem-de ýokary derejeli “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi, Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy we Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi.

Ilki bilen, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag we energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, sebit integrasiýasy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan mowzuklaýyn “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri diňlenildi. Şunda “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň interaktiw formatynyň tejribe alyşmaga, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde ykdysady ösüşe gönükdirilen anyk maslahatlary işläp taýýarlamaga ýardam berendigi bellenildi. Mejlise gatnaşyjylar bu maslahatlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge, has inklýuziw, durnukly we abadan geljegi gurmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.

Maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlar baradaky hasabatlara aýratyn üns berildi. Mejlise gatnaşyjylar bu forumlaryň döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň, ýaşlaryň, parlamentarileriň we raýat jemgyýetiniň arasyndaky dialog üçin netijeli meýdança bolandygyny, maýa goýumlardyr innowasiýalar üçin täze mümkinçilikleri ýüze çykarmaga şert döredendigini nygtadylar. Şeýle çäreler hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, DÇBÖBD üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmäge ýardam berer.

Soňra Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy. Bu resminama DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäni beýan edip, ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak, söwdany ösdürmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri özünde jemleýär. Mejlise gatnaşyjylar Jarnamany ylalaşmagyň hem-de onuň milli we halkara derejede netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin öz wagtynda kabul edilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de wekiller bu Jarnamanyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüş, halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydyklaryny tassyklaýan wajyp syýasy resminama bolup durýandygyny bellediler.

Çykyşlarda DÇBÖBD-niň duş bolýan meselelerini çözmek üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, maliýe serişdelerini herekete getirmegiň, tehnologiýalary alyşmagyň zerurdygyna üns çekildi. Mejlise gatnaşyjylar Jarnamanyň düzgünleri bilen ylalaşýandyklaryny beýan edip, ony amala aşyrmaga raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynyň möhüm ähmiýetini bellediler. Munuň özi durnukly netijeleri gazanmak üçin esasy şertleriň biri bolup durýar.

Soňra mejlisiň gün tertibiniň degişli bendine laýyklykda, maslahatyň hasabaty tassyklanyldy. Mejlise gatnaşyjylar hasabatyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň esasy netijelerini hem-de maslahatlaryny beýan edýändigini, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini tassykladylar. Wekiller hasabatyň Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek hem-de baha bermek üçin möhüm gural boljakdygyny nygtap, forumyň netijeleriniň milli ösüş strategiýalarynda işjeň ulanyljakdygyna ynam bildirdiler.

Mejlisiň jemleýji bölegi maslahatyň ýapylyşyna bagyşlandy. Döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri jemleýji beýannamalarynda çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny bildirdiler. Mejlise gatnaşyjylar BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we DÇBÖBD üçin durnukly strategiýalary işläp taýýarlamagyň ýolunda möhüm ädim bolandygyny nygtap, döwletleriň, halkara hyzmatdaşlaryň, hususy pudagyň bilelikdäki tagallalarynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga ýardam berjekdigini bellediler.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima öz çykyşynda maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi we bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna hoşallygyny beýan etdi. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa maslahaty açyp, onuň üstünlikli geçirilmegini üpjün edendigi üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.

Rabab Fatima maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belläp, Hereketleriň Awaza maksatnamasynda, Awaza syýasy Jarnamasynda bu ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin anyk çäreleriň hem-de çözgütleriň beýan edilýändigini aýtdy. Şeýle-de ol agzalan maksatnamanyň anyk netijelere getirmegi üçin BMG-niň halkara we sebit guramalary, beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, foruma gatnaşyjylaryň ählisine hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow maslahatyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň syýasy erk, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, umumy jogapkärçilik arkaly özleriniň geografik päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge we sebit hem-de ählumumy ösüşiň hereketlendiriji güýji bolmaga ukyplydyklaryny görkezendiklerini belledi.

Nygtalyşy ýaly, şu günki kabul edilen hem-de yglan edilen iki möhüm resminama geljek on ýylda umumy tagallalar üçin ýol görkeziji bolup hyzmat eder. 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda üstaşyr ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetleri diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly özgertmeleri tizleşdirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, maýa goýumlary çekmek, deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan döwletlerde inklýuziw hem-de durnukly ösüş üçin binýat döretmek boýunça anyk çäreler beýan edilýär.

Awaza syýasy Jarnamasy jebisligiň we raýdaşlygyň beýan edilmegi bolmak bilen, BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyny üpjün etmäge umumy ygrarlylygy tassyklaýar.

Türkmenistan maslahaty guramaçy ýurt hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlere we edaralara, sebit komissiýalaryna, halkara maliýe institutlaryna, raýat jemgyýetine, ýaşlara, hususy pudagyň wekillerine maslahata goşan goşantlary we hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk bildirýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri mejlisi jemlemek bilen, hemmelere umumy borçnamalary halklarymyzyň we geljek nesilleriň bähbidine anyk netijelere öwürmek üçin öňe gitmäge, hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi ilerletmäge, has inklýuziw hem-de durnukly geljegi gurmaga çagyrdy.

Foruma gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen resminamalaryň mundan beýläk-de bilelikde hereket etmek üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirip, kabul edilen çözgütleriň we maslahatlaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi resmi taýdan ýapyk diýlip yglan edildi. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň milli we ählumumy derejede durmuşa geçirilmeginiň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Şeýlelikde, bu maslahat halkara hyzmatdaşlykda möhüm waka boldy. Bitarap Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdançany üpjün etdi, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa gatnaşyjylaryň arasynda dialogy alyp barmaga we ynanyşmak, açyklyk ýagdaýyny döretmäge ýardam berdi.

Türkmenistan kabul ediji tarap hökmünde öz üstüne alan halkara borçnamalaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezip, dünýä syýasatyndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrdy. BMG-niň bu giň möçberli çäresiniň Awazada geçirilmegi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berip, dürli sebitleriň we medeniýetleriň arasynda dialog üçin platforma hökmünde ähmiýetini has-da artdyrdy.

Soňky habarlar
09.08
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
08.08
Umumy maksat — röwşen geljegi gurmak
08.08
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
08.08
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasy
08.08
Awaza geljekki ösüşler üçin täze mümkinçilikleri açyp, raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýär
08.08
Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar
07.08
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.08
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
07.08
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
07.08
Abadan geljegiň hatyrasyna tagallalary birleşdirip
top-arrow