Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Paýtagtymyzda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Medeniýet
Paýtagtymyzda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Çap edildi 27.08.2022
2031

Şu gün “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde höwesjeň ýaş aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan zehinli ýaşlaryň bu meşhur gözden geçirilişine 30 ýyl dolýar.

Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan bilelikde guralýan bu telebäsleşik ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna ýardam edýär. Ol 30 ýylyň dowamynda estrada dünýäsinde täze zehinleri ýüze çykardy. Olaryň sany bolsa 700-den hem geçip, bäsleşiklere dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş harby gullukçylar, medeniýet ulgamynyň hem-de Diýarymyzyň dürli künjeklerindäki beýleki pudaklaryň edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň deslapky etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynyň saýlama ýaryşlarynyň dowamynda iň mynasyp wekiller öňe saýlandylar.

Bu gün ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerinde-de ýaşlaryň döredijilik taýdan ösmegi üçin hemme şertler döredildi, döwrebap medeniýet merkezleri, konsert meýdançalary bina edilip, şolarda aýdym-saz gözden geçirilişine gatnaşyjylaryň çykyşlary guraldy. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň köpüsi başlangyç aýdym-saz bilimini sungat mekdeplerinde aldylar, döredijilik bilen meşgullanmak, milli aýdym-saz sungatymyzyň şöhratyny artdyrmaga ukyply, zehinli ýerine ýetirijileri ýüze çykarmak üçin hemme mümkinçilikler döredilen oba medeniýet öýlerinde döredijilik we artistlik ukyplaryny ýüze çykardylar.

Tomaşaçylar üçin bolsa döredijilik bäsleşiginiň tapgyrlary ýaş zehinler bilen tanyşdyrýan hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bäsleşige gatnaşyjylar nusgawy, halk we döwrebap aýdymlary, öz düzen eserlerini ýerine ýetirdiler. Çykyşlara ýokary derejeli eminler tarapyndan halkara ölçeglere görä, bäş ugur boýunça baha berildi. Soňky ýyllarda ses bermek hem-de sesleri sanamak işi sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa çözgütleriň kabul edilmeginiň has anyk bolmagyna ýardam edýär. Bäsleşigiň düzgünine görä, oňa gatnaşyjylaryň saýlan saz kompozisiýalary sazly we sazsyz ýaňlandy. Şunda olaryň aýdym aýdyş ukyby bilen birlikde, ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy, sahnada özüni alyp barşy göz öňünde tutuldy.

Emin agzalarynyň öňünde gowusyndan-gowusyny saýlamak ýaly çylşyrymly wezipe durdy. Netijede, ýaş aýdymçylaryň 12-si “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna hem-de gala konserte gatnaşmaga hukuk gazandy. Şanly sene mynasybetli bäsleşigiň netijeleriniň jemlenmegine we gala konserte geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy. Munuň özi türkmen medeniýetiniň iň oňat däpleriniň dowamat-dowam bolýandygy baradaky pikiriň beýanydyr.

Bu gün “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagy dabaraly ýaňlandy. Döwlet Baştutanymyz döredijiliklerinde täze eýýamyň ruhuny, ägirt uly özgertmeleriň depginini wasp etmeli, şeýle hem şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, ony täze eserler bilen baýlaşdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşmaly zehinli türkmen ýaşlary barada buýsanç bilen belleýär.

“Biz ýaş aýdymçylarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny we eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlerini wasp edip ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryna uly ähmiýet berýäris. Sungat ynsan kalbyny joşdurýan gudratdyr. Aýdym-saz sungatymyz ildeşlerimiziň watançylyk duýgularyny terbiýeleýän we ösdürýän ruhy güýçdür” diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda nygtady.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş zehinleri höweslendirmek we goldamak baradaky meselelere yzygiderli üns bermegi bilen, aýdym-saz medeniýetini ösdürmek üçin berk, ygtybarly binýadyň düýbi tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň ruhubelent çagyryşyna mynasyp jogap hökmünde bäsleşige gatnaşyjylar Aşgabat agşamynyň owadan öwüşginlerinde aýratyn dabaraly bezelen açyk sahna meýdançasynda çykyş etdiler. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň “Altyn asyr” estrada orkestriniň sazandalary olara sazandarlyk etdiler.

Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren “Ýaňlan, Diýarym!” atly aýdymy gala konsertiň joşgunly başlanmagyna itergi berip, döredijilik gözden geçirilişiniň özboluşly senasyna öwrüldi. Soňra sahna ozalky bäsleşikleriň ýeňijileri çykyp, “Dowamatyň dowam boldy, Arkadag!” diýen watançylyk aýdymyny ýerine ýetirdiler. Olaryň köpüsi üçin “Ýaňlan, Diýarym!” baý döredijilik durmuşyna gadam basmagyň gözbaşyna, meşhurlyga eýe bolmagyň başlangyç sahnasyna öwrüldi.

Konsertiň ýokary derejede dabaraly başlanmagy döredijilik hereketleriniň tutuş dowamyna mahsus boldy. Ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde halk aýdym-sazlary, ata Watanymyza, täze taryhy döwrüň beýik işlerine, mähriban topragymyzyň gözelligine we söýgä bagyşlanan häzirki zaman aýdym-saz eserleri tüýs ýürekden hem-de täsirli ýaňlandy. Käbir ýerine ýetirijiler nusgawy şahyrlaryň sözlerine ajaýyp türkmen kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny saýlapdyrlar. Çykyşlaryň maksatnamasyna geçen ýyllaryň meşhur eserleri hem girizildi. Şolarda häzirki zaman äheňleri we gadymy halk mukamlary sazlaşykly utgaşdy.

Konsert maksatnamasyndaky aýdymlar milli sungatyň iň oňat däpleriniň dowamat-dowam bolýandygyny aýdyň görkezdi. Çykyşlaryň her biri özboluşly bezelişi, aýratyn ugry hem-de aýdymçylaryň üýtgeşik ýerine ýetirijilik usuly bilen tapawutlandy. Muňa bolsa tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar arkaly mynasyp baha berdiler.

Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, milli sungatymyzy şöhratlandyrmagyň bähbidine ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bagyşlanan “Alkyş Size, Arkadagly Serdarymyz!” atly aýdymyň aýdymçylaryň hem-de döredijilik baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanmagy gala konsertiň jemleýji bölegine öwrüldi.

Döredijilik bäsleşiginiň tolgundyryjy pursady onuň netijeleriniň jemlenilmegi hem-de ýeňijileriň yglan edilmegidir. Dabaranyň dowamynda bellenilişi ýaly, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi hormatly Prezidentimiziň üns bermegi we goldamagy netijesinde ýaş nesilleriň döredijilik taýdan zehinli wekilleriniň köp sanlysyny öz hataryna çekýär. Olar aýdymlary we sazlary bilen mähriban Watanymyzy, onuň ägirt uly üstünliklerini ussatlarça, joşgunly wasp edýärler.

Tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda ýeňijileriň altysynyň atlary yglan edilip, olar ýörite diplomlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan altyn zynjyr bilen sylaglandylar. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar hem gowşuryldy.

Ýaş höwesjeň aýdymçylar hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de iň beýik ruhy genji-hazynamyz bolan milli sungatymyzy gülledip ösdürmek, ony dünýäde giňden wagyz etmek üçin ähli güýçlerini, zehinlerini, ylhamlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow