Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 09.05.2025
2347

Eziz watandaşlar!

Hormatly uruş weteranlary!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Parahatçylygy, dostlugy, erkana hem-de abadan durmuşa bolan belent söýgini dabaralandyrýan bu baýramyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha özgerýän we gülläp ösýän eziz Watanymyza buýsanyp, egsilmez yhlas bilen tutanýerli zähmet çekip, bagtyýar durmuşda ýaşaýan mähriban halkymyzyň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Bu gün hatyra dessurlarymyza eýerip, dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda gurban bolan merdana esgerlerimiziň hormatyna bina edilen ýadygärliklerimize ter gül desselerini goýýarys. Ýalynly uruş ýyllarynda mertligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzy, arzyly Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan zähmetkeş watandaşlarymyzy uly hormat bilen ýatlaýarys. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlarymyza baýramçylyk sowgatlaryny gowşurýarys. Bularyň ählisi müňýyllyklardan gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgelerimizi dabaralandyryp, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.

Eziz watandaşlar!

1941 — 1945-nji ýyllar adamzat taryhyna iň gazaply döwür bolup girdi. 1418 güne çeken bu uruş öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy, halklaryň parahatçylygyny we dostlugyny, unudylmajak gahrymançylygyny, gaýduwsyzlygyny dabaralandyrdy. Urşuň ilkinji günlerinde türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesi meýletinlik bilen fronta gidip, aldym-berdimli söweşlerde watansöýüjiligiň we edermenligiň belent nusgasyny görkezdi. Ýanbermez edermenligi hem-de gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň ýüzlerçesi «Gahryman» diýen belent ada mynasyp boldy, müňlerçe esgerlerimiz orden-medallar bilen sylaglandy. Bu ýowuz döwürde Türkmenistanyň ähli ilaty — zenanlar, gojalar we çagalar «Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!» diýen ählihalk şygaryna eýerip, ýagty geljege, parahatçylyga we ynsanperwerlige synmaz umyt bilen, gijesini gündiz edip yhlasly zähmet çekdiler. Bol bugdaý hem-de pagta ýygnalyp, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşuldy. Bütin durky bilen adamzat mukaddesliklerine ygrarly türkmen zenanlary Goranmak gaznasyna gymmatly şaý-seplerini, ýyly egin-eşikleri tabşyryp, şeýle hem «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly halyny dokap, watançylygyň, ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezdiler.

Parahat durmuş ugrunda görkezilen gahrymançylyklar, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, adamzada ýetiren zyýany, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan wakalar hiç haçan unudylmaz! Gahrymanlarymyzyň ýagty ýadygärliginiň ebedileşdirilmegi, olaryň gaýduwsyzlygynyň kino we sahna sungatynda janlandyrylmagy, edebi eserleriň, aýdym-sazlaryň döredilmegi, «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplarynyň neşir edilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Gaýduwsyzlygyň, edermenligiň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzyň hatyrasy hemişe belentdir. Merdana pederlerimiziň gahrymançylyga beslenen durmuş ýollary watansöýüjiligiň beýik nusgalyk mekdebidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzy ösdürmäge, ýaş nesilleri watançylygyň, mertligiň belent ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge uruş we zähmet weteranlarymyz örän uly goşant goşýarlar. Dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrülýän ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen weteranlarymyzyň, urşuň gazaply günlerini başdan geçiren enelerimiziň, gaýduwsyzlyk bilen zähmet çeken raýatlarymyzyň sylag-hormaty örän ýokarydyr. Eziz Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä sarpa goýmagy ündeýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.

Hormatly adamlar!

Biziň ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi we netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilen syýasatymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýokary halkara abraýyny üpjün edýär. Türkmenistanyň dünýäde dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edip, döwrüň möhüm meseleleriniň göwnejaý çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy has-da buýsandyrýar. Biziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň syýasatydyr. Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahat durmuşa, dostluga we hoşniýetlilige bolan buýsanjymyzyň nyşany hökmünde 2025-nji ýyl dünýä bileleşigi tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.

Eziz watandaşlar!

Hormatly uruş weteranlary!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
09.07
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
08.07
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
08.07
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
08.07
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
07.07
Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine döredijilikli strategiýa
07.07
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy
06.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.07
Ýokary tizlikli aragatnaşyk hyzmatlary — döwrüň okgunly ösüşiniň nyşany
06.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
06.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 81 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow