Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 08.05.2025
111

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si, hususan-da, ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we ýük markalary hakynda halkara Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak bilen bagly Kanunlar kabul edildi. Şeýle hem Jenaýat, Arbitraž, Raýat we Jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlar degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek arkaly kämilleşdirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 9-sy kabul edildi. Häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, ýurdumyzda raýat-hukuk gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek bilen bagly we beýleki kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 5-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Mejlisde ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 19-sy geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň BMG-niň düzüm birlikleri, beýleki abraýly halkara guramalar bilen bilelikde guralan okuw maslahatlarynyň 36-syna gatnaşdylar. Milli parlamentiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 11-si amala aşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda täze kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň hem-de olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,6 göterime, gurluşykda 4,4 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,7 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Şu ýylyň dört aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,2 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi 97,6 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,4 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, önümçiligi artdyrmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,9 göterim ýerine ýetirildi. Bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,4 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 111,7 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 103,5 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri alyp barmagyň, önümçilik desgalaryny doly kuwwatyna çykaryp, bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyryp, guýulary işe girizmegi dowam etdirmek, bu ugurda ylmyň soňky gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 101,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 104,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 140,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 129,9 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 114,1 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,3 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,9 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 353,5 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýazlyk ekilen ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleri alnyp barylýar. Pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle hem suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak babatda degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň we netijeliligini ýokarlandyrmagyň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de bol hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112 göterim berjaý edildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 113,1 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 116,7 göterim, Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň hem-de amala aşyrylan işleriň meýilnamasy 107,5 göterim boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 113,7 göterime deň boldy. Hasabat döwründe Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106,9 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasy 112,7 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere mineral dökünleriň, gurluşyk serişdeleriniň we beýleki gurluşyk harytlarynyň hilini hem-de möçberini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri alyp barmagy, hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak we täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 123,6 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,6 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 112,8 göterim üpjün edildi. Şol sanda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 138,2 göterime, nah matalaryňky 148 göterime, gön önümleriniňki 131 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 98 birža söwdasy geçirilip, olarda 9 müň 479 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 101,3 göterim boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 112,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,5 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, zerur bolan beýleki harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde saklamagyň, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň hilini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýörite tassyklanan meýilnama laýyklykda, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli çäreler we aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy. Aprel aýynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň konserti geçirildi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy.

Bellenilişi ýaly, halkara derejede hem dürli çäreler geçirilip, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň many-mazmuny giňden dabaralandyryldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleri dünýäniň dürli döwletlerinde, şol sanda goňşy ýurtlarda geçirilen çärelere gatnaşdylar. Şeýle-de kitaphanalar, muzeýler, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň, ýurdumyzdaky taryhy ýadygärlikleri we gymmatlyklary aýawly saklap, olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça zerur işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurdumyzyň üstünliklerini giňden beýan etmek boýunça degişli işleri alyp barmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyryldy, bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçylar we talyplar halkara bäsleşiklerde ýokary işjeňlik görkezip, jemi 523 medal gazandylar. Şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirilip, okuw kitaplarydyr gollanmalaryň 559-sy makullanyldy. Aspirantura, doktorantura hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige jemi 114 adam kabul edildi.

Hasabat döwründe amaly lukmançylyga öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Pediatriýanyň, onkologiýanyň, amaly lukmançylyga sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajyp meselelerine bagyşlanan saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy geçirildi. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş, Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda dürli medeni-sport çäreleri guraldy. Türgenlerimiz jemi 135 medala mynasyp boldular. Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek işine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi, bu ugurda lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmagy, ýaşlary bedenterbiýe, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlar bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmekden ybaratdygy bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşe, ekologiýa, suw serişdelerine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz sebitimiziň döwletleri bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek maksady bilen, “Merkezi Aziýa — Fransiýa” täze formatyny döretmegi teklip etdi.

Milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça möhüm başlangyçlary, şol sanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň işini güýçlendirmek hem-de onuň çägine ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlary goşmak baradaky başlangyçlary-da öňe sürdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy maýa goýum we işewürlik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak, maliýe-bank ulgamynda bilelikdäki işleri giňeltmek, şunuň bilen baglylykda, Türkmen-fransuz işewürler geňeşini döretmek we bu geňeşe ýolbaşçylyk etmek üçin iki tarapdan tejribeli işewürleri bellemek baradaky teklipleri beýan etdi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan tarapyndan işlenip düzülen we işjeň öňe sürülýän ulag-logistika syýasatyny, iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyjy öňe sürüldi. Şeýle hem sebitimiziň tebigy-howa şertleriniň aýratynlyklaryny nazara alyp, Türkmenistanda suw üpjünçiligi, tebigy gurşawy goramak boýunça amala aşyrylýan taslamalara fransuz tejribesini ornaşdyrmakda bilelikde işlemegiň mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda fransuz diliniň öwredilişini ýola goýmak boýunça ikitaraplaýyn iş alyp barmagyň mümkinçiliklerine seretmegi, saglygy goraýyş ulgamynda özara hereketlere itergi bermek, hususan-da, lukmançylyk enjamlaryny, bu ugurda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işleri güýçlendirmegi teklip etdi.

Türkmen-fransuz ykdysady forumy saparyň möhüm çäreleriniň birine öwrüldi. Oňa dostlukly ýurduň meşhur kompaniýalarynyň we guramalarynyň 40-synyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Forumyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri anyk teklipleriň birnäçesini, şol sanda türkmen bazarynda fransuz önümlerini we hyzmatlaryny, hususan-da, olary nebitgaz pudagy, kosmos tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, farmasewtika we beýleki ugurlarda ulanmak baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle-de ýurdumyzyň şäher ösüşi, metan zyňyndylaryna gözegçilik etmek, geologiýa gözlegleri, “ýaşyl” we wodorod energetikasy ýaly ugurlarda öňdebaryjy fransuz tejribesini ulanmaga gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz kiçi we orta fransuz kärhanalaryny ýurdumyzda iş alyp barmaga çekmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Fransiýanyň syýahatçylyk babatda dünýäde öňdäki orunlary eýeleýändigini we Türkmenistanyň örän uly syýahatçylyk mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, geljegi uly bu pudakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi beýan etdi. Şeýle hem ýokarda agzalan ähli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatda degişli teklip öňe sürüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň we kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi beren saparyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 9-syna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýewropa döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şolaryň arasynda Fransiýa Respublikasynyň aýratyn ornuny bellemek bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň resmi saparynda hem Fransiýa Respublikasy bilen gatnaşyklary berkitmek boýunça netijeli gepleşikler geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýer, daşary işler ministrine dostlukly ýurt bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip, şu ýylyň dört aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýär. Döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlardyr gepleşiklere aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 3-4-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrandygy hem-de Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşandygy bellenildi. 13 — 16-njy aprel aralygynda döwlet Baştutanymyz Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygynda saparda boldy. 21 — 24-nji aprel aralygynda Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparlary amala aşyrdy. Fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany ýurdumyzda iş saparynda boldy. Mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary boldy. Aprel aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi.

Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara bolan saparlary özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 237-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 908-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri halkara resminamalaryň 54-sine gol çekildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar we geňeşmeler hem yzygiderli häsiýete eýedir. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdygyny, şeýle hem ýurdumyzyň halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky gatnaşyklary kämilleşdirmegi hem-de ösdürmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,6 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 103,7 göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 102,3 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň dört aýynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110,1 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 123,9 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 110,6 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 121,2 göterime deň boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag-kommunikasiýalar toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna aragatnaşyk-kommunikasiýa kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagy, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda dünýä döwletleri bilen tejribe alyşmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurulmagy dowam edýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegiň, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda uly baýramyň — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gahrymanlarymyzy hatyralap gül goýmak dabarasynyň geçiriljekdigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ministrler Kabinetiniň agzalaryny hem-de mähriban halkymyzy Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň agzalary hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy Beýik Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy bilen mähirli gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
09.05
Parahat we asuda durmuşyň goragçylaryna baky şöhrat!
09.05
Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenilýär
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
08.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kanslerini gutlady
08.05
Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
07.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow