Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, döredijiligiň ýoly bilen
Hepdäniň wakalary
Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, döredijiligiň ýoly bilen
Çap edildi 11.05.2025
176

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň okgunly ösüşini we özgertmeler kuwwatyny aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, pederlerimiziň mirasyna hormat goýmak, taryhy tejribä ygrarlylyk ýaly ýörelgelere eýerýän halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar ýurdumyzyň dünýäniň gazananlaryna we innowasiýalara açyklygy bilen utgaşyp, özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň, pudagy toplumlaýyn ösdürmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça we bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek boýunça ähli agrotehniki çäreleri, meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak babatda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlara talabalaýyk ideg etmek, Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenen möhletlerde geçirmek, welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile taýýarlamak boýunça aýratyn tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe tabşyryklar berildi. Geçen hepdede döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

7-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Mejlisde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi.

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,6 göterime, gurluşykda 4,4 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,7 göterim artdy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 12,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 2,2 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,4 göterim ýokarlandy.

Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň netijeleri barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşe, ekologiýa, suw serişdelerine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz sebitimiziň döwletleri bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek maksady bilen, “Merkezi Aziýa — Fransiýa” täze formatyny döretmegi teklip etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça möhüm başlangyçlary, şol sanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň işini güýçlendirmek hem-de onuň çägine ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlary goşmak baradaky başlangyçlary-da öňe sürdi.

Hormatly Arkadagymyz maýa goýum we işewürlik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak, maliýe-bank ulgamynda bilelikdäki işleri giňeltmek, şunuň bilen baglylykda, Türkmen-fransuz işewürler geňeşini döretmek we bu geňeşe ýolbaşçylyk etmek üçin iki tarapdan tejribeli işewürleri bellemek baradaky teklipleri beýan etdi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan tarapyndan işlenip düzülen we işjeň öňe sürülýän ulag-logistika syýasatyny, iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyjy öňe sürüldi. Şeýle hem ýurdumyzda suw üpjünçiligi, tebigy gurşawy goramak boýunça amala aşyrylýan taslamalara fransuz tejribesini ornaşdyrmakda bilelikde işlemegiň mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi. Milli Liderimiz Türkmenistanda fransuz diliniň öwredilişini ýola goýmak boýunça ikitaraplaýyn iş alyp barmagyň mümkinçiliklerine seretmegi, saglygy goraýyş ulgamynda özara hereketlere itergi bermek bilen bagly işleri güýçlendirmegi teklip etdi.

Türkmen-fransuz ykdysady forumy saparyň möhüm çäreleriniň birine öwrüldi. Oňa dostlukly ýurduň meşhur kompaniýalarynyň we guramalarynyň 40-synyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Öz çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri anyk teklipleriň birnäçesini, şol sanda türkmen bazarynda fransuz önümlerini we hyzmatlaryny, hususan-da, olary nebitgaz pudagy, kosmos tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, farmasewtika ýaly ugurlarda ulanmak baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle-de ýurdumyzyň şäher ösüşi, metan zyňyndylaryna gözegçilik etmek, geologiýa gözlegleri, “ýaşyl” we wodorod energetikasy ýaly ugurlarda öňdebaryjy fransuz tejribesini ulanmaga gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Gahryman Arkadagymyz kiçi we orta fransuz kärhanalaryny ýurdumyzda iş alyp barmaga çekmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi hem beýan etdi we ýokarda agzalan ähli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatda degişli başlangyjy öňe sürdi.

Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň we kompaniýalarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi beren saparyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 9-syna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurluşyklary dowam edýär. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegiň, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy we şol ýerde Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Moskwa Kremlinde Prezident Wladimir Putin tarapyndan mähirli garşylanandan soňra, GDA ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň wekiliýetleriniň Baştutanlary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberine bardy. Bu ýerde dabaraly Ýeňiş ýörişi geçirildi. Münberiň öňünden Russiýa Federasiýasynyň we beýleki ýurtlaryň goşunlarynyň wekilleri batly gadam urup geçdiler. Şolaryň hatarynda düzüminde ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýän ýaş türkmen esgerleri bolan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň batalýony hem bar.

Asylly däbe görä, döwlet Baştutanlary Aleksandrow bagynda Baky oda gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar.

Türkmenistanda Ýeňiş güni giňden baýram edildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uruş weteranlaryny, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlaryny we tylda zähmet çekenleri sarpalamak dabaralary geçirildi. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrülýän ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen weteranlarymyzyň, urşuň gazaply günlerini başdan geçiren enelerimiziň, gaýduwsyzlyk bilen zähmet çeken raýatlarymyzyň sylag-hormaty örän ýokarydyr. Eziz Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä sarpa goýmagy ündeýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr. Gazaply urşuň söweş meýdanlarynda edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezen ildeşlerimiz “Gahryman” diýen belent ada mynasyp boldular, söweş ordenleridir medallar bilen sylaglandylar. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, gahrymançylygyň, belent adamkärçiligiň nusgasydyr.

Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany esasynda, uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

9-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şolaryň hatarynda “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň binalarynyň şekil taslamalary hem bar. Şunda çagalar üçin sport we oýun meýdançalary, medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen ýerler, amfiteatr, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin niýetlenen meýdança, beýleki ugurdaş desgalar göz öňünde tutuldy. Şeýle-de bu ýerde Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.

Bitaraplyk binasynyň çäginde alnyp barylýan abatlaýyş işlerine degişli taslamalara-da aýratyn üns çekildi. Bu ýerde “Baky ýoluň” we “Bitaraplygy” diýen ýazgylar ýerleşdirilen iki sany muzeý hereket eder. Olarda türkmen Bitaraplygynyň taryhy ýoly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyçlary esasynda kabul eden Kararnamalarynyň many-mazmuny öz beýanyny tapar.

Şeýle-de paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň, Stomatologiýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, saglyk öýüniň gurluşyklarynyň batly depginde dowam edýändigi barada aýdyldy. Aşgabadyň çäklerinde gurulýan binalaryň hatarynda ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, döwrebap bilim edaralary, ýol-ulag düzümine degişli desgalar, 4 müň orunlyk Medeniýet merkezi hem bar.

Gahryman Arkadagymyz abatlaýyş we rejeleýiş işleri batly depginde dowam edýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilýän işlerde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine ünsi çekip, atlaryň çapuw ýodasyna Garagum sährasynyň ylmy esasda kesgitlenen künjekleriniň çägesiniň düşelmeginiň ähmiýetli hasaplanýandygyny belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyz tutuşlygyna ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi, gurluşyklaryň aglaba bölegi bolsa durmuş ulgamyna degişlidir. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Geçen hepdede Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi. Bu çäre «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Çäräniň açylyş dabarasyndaky çykyşynda BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory, doktor H.Klýuge Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ilatyň saglyk babatda sowatlylygyny ýokarlandyrmak, ilaty keselleriň öňüni alyş sanjymlary bilen gurşap almak ugrunda ýeten sepgitleriniň halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini hem-de nusgalyk häsiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň gününiň çäklerinde geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi. Türkmen wekiliýeti Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň ýolbaşçylary we bölüm müdirleri bilen bilelikde «tegelek stol» maslahatyna gatnaşdy. Onda ýurdumyzyň 30 ýylyň dowamynda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda gazanan üstünlikleri beýan edildi. Maslahatyň barşynda şu ýylyň oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň çäklerinde guraljak halkara saglygy goraýyş maslahatyna taýýarlyk görlüşi, onuň gün tertibine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen parahatçylyk söýüjilik, açyklyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Soňky habarlar
12.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 579 müň dollaryndan gowrak boldy
11.05
Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, döredijiligiň ýoly bilen
11.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
09.05
Türkmenistanda Ýeňiş güni baýram edildi
09.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
09.05
Parahat we asuda durmuşyň goragçylaryna baky şöhrat!
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow