Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenilýär
Jemgyýet
Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenilýär
Çap edildi 09.05.2025
81

Şu gün eziz Diýarymyzda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýär. Paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. 

Dünýäniň paýhasly ýörelgeleri esasy ugur edinýän halklaryň arzuw-umytlaryny, güýç-gaýratyny we zähmetini birleşdiren Ýeňiş baýramy ata-babalaryna buýsanýan, olaryň sargytlaryny bitirmegi özleri üçin parz iş hasaplaýan merdana halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýeňiş baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzy ösdürmäge, ýaş nesilleri watançylygyň, mertligiň belent ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge uruş we zähmet weteranlarymyzyň örän uly goşant goşýandyklary barada aýdylýar. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrülýän ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen weteranlarymyzyň, urşuň gazaply günlerini başdan geçiren enelerimiziň, gaýduwsyzlyk bilen zähmet çeken raýatlarymyzyň sylag-hormaty örän ýokarydyr. Eziz Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä sarpa goýmagy ündeýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.

Gazaply urşuň söweş meýdanlarynda edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezen ýüzden gowrak watandaşlarymyz Gahryman diýen belent ada mynasyp boldular. Müňlerçe türkmenistanlylar söweş ordenleri we medallary bilen sylaglanyldy. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, gahrymançylygyň we belent adamkärçiligiň nusgasydyr. 

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Beýik Watançylyk urşundaky Ýeňşiň 75 ýyllygynyň baýram edilen günleri ýurdumyz we halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli waka beslendi. Şol gün Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşmak hem-de Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň nyşanyny gowşurmak üçin paýtagtymyza gelipdi. Bu şanly waka Beýik Watançylyk urşunyň ýyllarynda beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, duşman bilen gaýduwsyz göreşen hem-de umumy Ýeňşe mynasyp goşandyny goşan türkmenistanly esgerlere çuňňur hormatyň hem-de Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ynanyşmagyň we dostluk gatnaşyklarynyň mizemez nyşany boldy. 

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň ýurdumyz üçin ýene-de bir şanly sene bolan hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda baýram edilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr. 

Soňky habarlar
09.05
Parahat we asuda durmuşyň goragçylaryna baky şöhrat!
09.05
Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenilýär
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
08.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kanslerini gutlady
08.05
Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
07.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow