Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aýdym-saz halklary birleşdirýär
Medeniýet
Aýdym-saz halklary birleşdirýär
Çap edildi 28.06.2022
2463

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada halkara döredijilik dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlary gatnaşdylar.

Ýurdumyzda ähmiýetli wakalaryň öň ýanynda konsertleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Aşgabatda geçiriljek VI Hazar sammitiniň öňüsyrasynda baýramçylyk şowhunyny döretmäge gönükdirilen dabara ýerine ýetirijileriň özboluşly zehinini hem-de žanrlaryň köpdürlüligini görkezdi. Oňa meşhur daşary ýurt artistleriniň gatnaşmagy döredijilik işjeňligine täze itergi berip, ýurdumyzyň medeni durmuşynda ajaýyp waka öwrüldi.

Şeýle konsertler ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli çäreleriň ähmiýetini has-da belende göterýär, olar döredijilikli zähmetiň we ylhamyň hakyky baýramyna öwrülip, türkmenistanlylary jebisleşdirýär.

Tomaşaçylar Watanymyzyň üstünliklerini wasp edýän aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylaýarlar. Munuň özi olaryň zähmetine we zehinine berilýän ýokary bahadyr.

Bu ajaýyp aýdym-saz baýramy Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän, giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn syýasatynyň üstünlige beslenýändiginiň hem-de dünýäde ykrar edilýändiginiň özboluşly subutnamasydyr.

Dünýäniň köp ýurtlary bilen medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk dostluk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmäge ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde halkara hyzmatdaşlyk döredijilik işgärleriniň ussatlygyny kämilleşdirmek, tejribe alyşmak hem-de medeniýetiň we sungatyň gazananlaryny kämilleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Baýramçylyk konsertinde ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlary bilen birlikde birnäçe daşary ýurtlardan görnükli aýdymçylar, aýdym-saz toparlary, şol sanda Täjigistan Respublikasyndan Fardaws Hoşimow, Russiýa Federasiýasyndan aýdymçy Mari Kraýmberi, “Artik-Asti” topary, bu ýurduň Tatarystan Respublikasyndan “Jukebox Trio” topary, Tunisden Amani Suissi, Şwesiýadan Doktor Alban, Birleşen Arap Emirliklerinden Balkis, Russiýa Federasiýasyndan hem-de Azerbaýjan Respublikasyndan Emin Agalarow, Türkiýe Respublikasyndan Demet Akalin, ABŞ-dan Aýkon çykyş etdiler.

Meşhur aýdymçylaryň çykyşlarynda milli däpleriň özboluşlylygy beýan edilip, aýdym-sazlar halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda medeniýetiň we sungatyň uly ähmiýetniň bardygyny ýüze çykardy.

Konsert tomaşaçylarda agzybirlik, jebislik duýgularyny döretdi. Olar artistleriň çykyşlaryny dowamly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Dag eteginiň bu ajaýyp düzlüginde giç agşama çenli ýaňlanan joşgunly milli we daşary ýurt owazlary kalplary gurşap alyp, parahatçylygyň, dostlugyň hem-de bagtyýarlygyň mekanyna — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana söýgini artdyrdy. Bu bolsa dabara gatnaşyjylaryň kalbyny ajaýyp zamanamyzda abadançylykda ýaşamak mümkinçiligi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk duýgusyndan doldurdy.

Türkmen artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen “Küştdepdi” tansy baýramçylyk çäresine aýratyn joşgun berdi. Onuň jadylaýjy mukamy hem-de tanslar arkaly ýerine ýetiriliş usuly hiç kimi biparh goýmaýar. Daşary ýurtlaryň ýerine ýetirijileri hem türkmen kärdeşleri bilen birlikde “Küştdepdiniň” akabasyna goşuldylar.

Konsertiň ahyrynda “Arkadagly Serdara şöhrat!” diýen aýdym ýerine ýetirilip, ol bu ajaýyp medeni çäräniň jemleýji bölegine, özboluşly sena öwrüldi. Onuň ruhuňy galkyndyryjy sözlerinde hem-de joşgunly mukamynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine bolan tüýs ýürekden buýsanç duýgusy, Gahryman Arkadagymyzyň döreden we Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirýän ýol-ýörelgeleri esasynda ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan Watanymyzyň ajaýyp geljegine belent ynam beýan edildi.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow