Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Daşky gurşawy goramak häzirki we geljekki nesiller barada aladadyr
Jemgyýet
Daşky gurşawy goramak häzirki we geljekki nesiller barada aladadyr
Çap edildi 11.08.2020
4732

Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiz hökümetiň iýul aýynda bolan giňişleýin mejlisinde çykyş edip, ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyna aýratyn ünsi çekdi. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenildi. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Häzirki döwürde bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň durnukly ösüşiniň maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar. BMG-niň tebigaty goramak baradaky resminamalarynyň – biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak, UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky resminamalar, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň onlarçasy we beýlekiler munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki dürli forumlarda öňe süren hem-de halkara bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolan netijeli başlangyçlarynyň ähmiýetini bellemek zerurdyr. Hususan-da, şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny hem-de BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugruna öwürmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky teklipler we beýlekiler bar. Ýurdumyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, ilkinji nobatda bolsa, bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Onda tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga we daşky gurşawy goramaga döwlet gözegçiligi baradaky düzgün berkidilendir. Şeýle hem döwrüň talaplaryna hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda «Tokaý kodeksi», «Tebigaty goramak hakyndaky», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakyndaky», «Ozon gatlagyny goramak hakyndaky», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakyndaky», «Ösümlik dünýäsi hakyndaky», «Haýwanat dünýäsi hakyndaky» Kanunlar we beýlekiler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň» we «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň» hem-de giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde tebigaty goramak, biologik köpdürlüligi we tebigy landşaftlary aýawly saklamak ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, dünýä bileleşiginiň bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary goldanylyp, senagat ulgamynda ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary ulanmaga geçmek işi amala aşyrylýar. Ýangyç-energetika, dokma we beýleki toplumlaryň kärhanalaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyny anyk mysal hökmünde görkezmek bolar. Täze önümçilik düzümini gurmak hem-de häzir hereket edýän desgalary döwrebaplaşdyrmak işi daşky gurşawa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de tehniki çözgütleri ulanmak arkaly ýerine ýetirilýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Aralýaka sebitinde ekologiýany sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrýar. Bu ulgamdaky taslamalar amala aşyrylanda, ýurdumyz umumy abadançylygyň bähbidine bar bolan uly tejribeden hem-de döredijilik kuwwatyndan peýdalanmaga çalyşýar. Bu gün Aral meselesi aýratyn derwaýyslyga eýe boldy. Suw serişdeleriniň rejesiz ulanylmagy netijesinde emele gelen çylşyrymly ekologiýa ýagdaýy bu sebitde we onuň çäklerinden başda ýaşaýan millionlarça adamyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine täsir etdi. Bu zolakda emele gelýän howa toplumlary aýratyn howp döredýär. Olar tebigata, howa, adamlaryň saglygyna örän ýaramaz täsir edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli forumlarda eden çykyşlarynda bu wezipäni çözmezden, Orta Aziýada durnukly ösüş barada gürrüň etmegiň mümkin däldigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda sebitiň ýurtlarynyň milli derejedäki tagallalary ýeterlik däldir we dünýä bileleşiginiň goldawyny talap edýär. Hususan-da, toplumlaýyn çemeleşme, Birleşen Milletler Guramasynyň bu işe netijeli we yzygiderli gatnaşmagy zerurdyr. 2008-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna BMG-de synçynyň derejesiniň berilmegi hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi Aral meselesiniň bütindünýä häsiýetine eýedigini hem-de bu kynçylyklary ýeňip geçmek üçin halkara tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny tassyklaýan tapgyrlaýyn möhüm waka boldy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işine ägirt uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda bu gazna başlyklyk etdi. Özüniň jogapkärli wezipesini ýerine ýetirmeginiň barşynda Türkmenistan Gaznanyň işini kämilleşdirmäge we netijeliligini ýokarlandyrmaga, Aral deňzi sebitiniň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen bu wezipeleri ýerine ýetirmäge örän oýlanyşykly we çynlakaý çemeleşýändigini görkezdi. Ýurdumyzyň bu ugurda eýeleýän oňyn orny we yzygiderli görýän netijeli çäreleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» baradaky Kararnamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň birinjisi 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde, ikinjisi bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň maý aýynda geçirilen 73-nji sessiýasynyň 85-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan bu resminamalarda BMG bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we utgaşdyrmagyň wajypdygy bellenilýär, şeýle hem bu düzümi esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygynyň netijelerine doly goldaw beýan edilýär. Häzirki wagtda Aralýaka sebitiniň daşky gurşawyny sagdynlaşdyrmak ulgamyndaky işler şu ugurlar boýunça alnyp barylýar: suw serişdelerini toplumlaýyn ulanmak; ekologiýa; durmuş-ykdysady; institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek. Hazar deňziniň ekologiýa goraglylygynyň ygtybarly ulgamyny döretmek hem türkmen döwletiniň tebigaty goramak strategiýasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, onuň aýratyn derejesi bilen şertlendirilendir. Bu iň iri içerki, dünýä ummanyndan aýratyn suw howdany tebigatyň hakyky merjenidir. Ol ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr. Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemiki häsiýete eýedir we sebitiň biologik köpdürlüliginiň bahasyna ýetip bolmajak genofonduny düzýär. Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesiniň deňiz, howa, awtomobil ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşmegi, baý uglewodorod, balyk we beýleki serişdeleri, amatly howa şertleri Hazar sebitini okgunly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürdi. Dünýä ykdysadyýetinde hem oňa möhüm orun degişlidir. Soňky ýyllarda Türkmenistan milli derejede bu ugurda maksadalaýyk işleri alyp barmak bilen, Hazardaky bar bolan ekologiýa meselelerini we bu ugurda ýüze çykyp biläýjek meseleleri özüniň ýakyn goňşulary we hyzmatdaşlary hem-de abraýly guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen bilelikde çözmekde täze çemeleşmeleri teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar ekologiýa forumyny guramak baradaky teklibi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Türkmen döwleti öz tarapyndan, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, Hazar deňziniň ekologiýa deňagramlylygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak baradaky ähli wezipeleri netijeli çözýär. Hazaryň kenarynda gurulýan döwrebap şypahanalara we myhmanhanalara hem-de senagat kärhanalara bildirilýän esasy talaplaryň biriniň olaryň ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara ülňülerine laýyk gelmegi bilen baglanyşyklydygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty, «Garabogazkarbamid» zawody, Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody we abraýly guramalaryň bu desgalaryň daşky gurşawa howpsuzdygyny tassyklaýan güwänamalar gowşurylan beýleki birnäçe toplumlar munuň mysalydyr. Giň gerimli bag ekmek işi hem şu maksatlara ýetmäge ýardam edýär. Bu işleriň geçirilmegi netijesinde, ýylyň dowamynda gök öwüsýän tokaýlar peýda bolýar, täze seýilgäh zolaklary döredilýär, ýerli ilatyň hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň saglygyna oňyn täsir edýän jana şypaly howa ýagdaýy emele gelýär. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda beýan eden başlangyçlarynyň ägirt uly ähmiýetini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda eden maksatnamalaýyn çykyşynda bu sebitiň ählumumy ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda bu meselä, deňziň dünýäde deňi-taýy bolmadyk täsin ekoulgamyny gorap saklamaga aýratyn üns berildi. Milli Liderimiz deňziň baý tebigy gorlaryny gorap saklamaga, rejeli peýdalanmaga gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde Hazaryň täze ekologiýa maksatnamasyny döretmegiň tarapdary bolup çykyş etmek bilen, «Biz ekologiýanyň ykdysady we täjirçilik bähbitlerine bakna bolup bilmejekdigine berk ynanýarys» diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň, halkara agentlikleriniň, ekomerkezleriň we habar beriş serişdeleriniň tagallalaryny çekmek bilen Hazar üçin «ýaşyl diplomatiýanyň» netijeli ýollaryny işe girizmek teklip edildi. Mälim bolşy ýaly, daşky gurşawy goramagyň meseleleri bütin dünýäniň gün tertibinde ileri tutulýar, sebäbi ol siwilizasiýanyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem Hazary ýerleşişi babatynda hem, durmuş-ykdysady manysynda hem BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Strategiýasynyň ugurlarynyň biri hasaplaýan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleri Birinji HYF-na gatnaşyjylaryň we onuň myhmanlarynyň giň goldawyna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň durnuklylygy, energetika howpsuzlygy, ekologiýa deňagramlylygy umumy Hazar sebitiniň esasy binýady bolup durýandygy baradaky sözleri köpugurly hyzmatdaşlygyň taglymatynyň esasy bolup hyzmat eder. Onuň durmuşa geçirilmegi bolsa Hazar deňziniň sebitine dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamynda öňdebaryjy orny eýelemäge ýardam eder. Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlarynyň wajyplygynyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Milletler Bileleşigindäki barha artýan abraýynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky aýdyň tassyknamasy hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilen we bu Guramanyň resmi dillerinde neşir edilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygynyň Beýannamasyny ýatlap geçmek möhümdir. Biziň ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamyndaky netijeli işiniň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde soňky ýyllarda Türkmenistanda amala aşyrylýan ýerleri suwarmagyň meselelerini çözmekde täzeçil çemeleşmeleri göz öňünde tutýan ägirt uly suw hojalyk taslamalaryny görkezmek bolar. Bu ulgamdaky özgertmeler welaýatlarda amala aşyrylýan, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini täze derejelere götermäge gönükdirilen düýpli işlerde möhüm ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ulgamdaky iri möçberli maksatnamalaryň esasy ugurlary hökmünde tygşytlaýjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny durmuşa geçirmek, dürli ähmiýetli, şol sanda infrastruktura desgalarynyň gurluşygynda öňdebaryjy tejribäniň giňden ulanylmagy bolup durýar. Täze inžener-tehniki işläp düzmeleriň hatarynda Marydaky bug-gazly elektrostansiýasy bar. Onuň täzeçilligi, ykdysady netijeliligi we ekologiýa howpsuzlygy Şweýsariýanyň federal tehnologiýa institutynyň, «Max Plank» energiýa institutynyň, Amerikanyň sagdyn ekologiýa gaznasynyň güwänamalary bilen tassyklandy. Arid zolagynda ekerançylygyň we suwdan peýdalanmagyň ägirt uly tejribesine eýe bolmak bilen Türkmenistan bu ulgamdaky ylmy barlaglaryň öň hatarynda çykyş edýär, beýleki döwletleri suw gorlaryna şunuň ýaly tygşytly çemeleşmäge çagyrýar. Şu babatda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň ähmiýetini bellemek möhümdir. Merkezi Garagumda döredilen bu täsin suw desgasy dünýäniň iň uly çölüniň howa gurşawynyň gowulanmagyna ýardam edip, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýar hem-de tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň oňyn özgermegine getirýär. Taslamanyň baş maksady hojalygara we baş zeý akabalaryny bir bitewi ulgama birleşdirmek arkaly zeý suwlaryny ýygnamagy hem-de şolary daşky gurşaw babatynda howpsuz ýere, Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda, üç welaýatyň- Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäkleriniň galtaşýan diýen ýaly ýerinde ýerleşýän ägirt uly Garaşor tebigy çöketligine akdyrmak bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda bu çylşyrymly gidrotehniki ulgamynyň birinji nobatdakysynyň işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Taslamanyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda suw hojalyk toplumynyň bitewi ulgam hökmünde sazlaşykly işlemegini ýola goýmak maksady bilen şor suw akabalarynyň hanasyny giňeltmek we geçirijilik mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça, şeýle hem zerur suw sowujylary we degişli desgalary, köprileri gurmak, çägäni berkitmek işleri ýerine ýetirilýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda ýerleşýän «Ak ýaýlada» durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygynyň taslamasy hem amatly daşky gurşaw ýörelgesine eýerýän ýaşaýyş giňişligine laýyk gelýär. Täze obada ýaş alymlaryň, barlagçylaryň we işläp düzüjileriň, oýlap tapyjylaryň hem-de tejribe geçirijileriň işlemegi üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutular. «Paýhasly» ekerançylygy we maldarçylyk we balykçylyk pudaklarynyň önümlerini öndürmegiň häzirki zaman usullary, galyndysyz işleýän senagat kärhanalaryny döretmek boýunça ylmy barlaglar aýratyn zerur bolar. Gürrüňimizi dowam etdirip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl gol çeken degişli Karary bilen tassyklanan kölüň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Maksatnamasynyň we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Resminamalara laýyklykda, Türkmen kölüni rejeli peýdalanmak, Garagum çölüni özleşdirmek, tokaý zolaklaryny döretmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, golaýda ýerleşýän çäklerde we şor suw akabalarynyň ugrunda täze obalary gurmak bellenilýär. Täze önümçilikleriň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň biologiki köpdürlüligini artdyrmaga, sebitiň daşky gurşawyny gowulandyrmaga, kölüň suwuny arassalamaga we netijeli ulanmaga gönükdirilen ylmy barlaglar bilen utgaşdyrylmagy bu taslamanyň ähmiýetini artdyrýar. Bu babatdaky möhüm barlaglaryň ulgamlaýyn häsiýete eýe bolmagy üçin ýörite barlaghanany döretmek meýilleşdirilýär. Onuň esasy wezipesi çöl we ýakyn geljekde Türkmen kölüniň kenarynda ösüp ýetişjek medeni ösümlikleri, miweli baglary ylmy esasda düýpli öwrenmek bolup durýar. Şu ýylyň 3-nji iýulynda geçirilen Hökümet mejlisinde çykyş edip, milli Liderimiz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyryp, önümçilige suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden girizmegiň möhümdigini belläp, müňýyllyklaryň dowamynda özüniň köp görnüşliligini saklap gelýän we eziz Watanymyzyň baky baýlygy bolan Garagumuň ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmagyň maksatnamasyny durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmegiň möhümdigine üns çekdi. Merkezi Garagum Türkmenistanyň tebigy täsinlikleriniň biri bolup, onuň ýerüsti, haýwanat, ösümlik, hojalyk-daşky gurşaw, gadymy döwürlerden bäri üýtgewsiz saklanyp galan düzlük we çöllük ekoulgamlaryny öwrenmek üçin barlaglary geçirmek jähtinden deňi-taýy ýokdur. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garagum çölüniň täsin goraghana zolaklaryny gorap saklamagyň we dünýäde wagyz etmegiň meselelerine berýän aýratyn ünsi netijesinde ýurdumyzda olaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda goraghanalaryň 9-sy we çäkli goraghanalaryň 16-sy, tebigy ýadygärlikleriň 15-den gowragy bar. Bu toplum tebigat ewolýusiýasynyň, biziň planetamyzyň geologiki ösüşiniň aýdyň subutnamalaryny saklap galan we dünýäniň genefondy, ekologiýa deňagramlylygyny we ýer ýüzüniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin aýratyn gymmatlylyga eýe bolan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp sanly seýrek görnüşleriniň taryhy watany bolup durýar. Bu desgalaryň esasy maksady biologiki köpdürlüligi gorap saklamak haýwanat we ösümlik dünýäsiniň genetiki goruny, täsin ekologiýa we geologiýa ulgamlaryny we landşaftlary öwrenmek tebigy prosesleriň we hadysalaryň tebigy akymyny üpjün etmek üçin şertleri döretmek bolup durýar. Häzirki wagtda tebigaty goramak çäreleriniň tejribesi we türkmen ylmynyň ägirt uly mümkinçilikleri bütindünýäde uly gyzyklanma döredýär. Muňa biziň ýurdumyzyň iri ekologik çäreleriniň, maslahatlarynyň we seminarlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde ençeme gezek saýlanyp alynmagy hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamdaky hyzmatlarynyň halkara derejesindäki ykrar edilmesiniň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde ekologiýa boýunça geçirilen iň uly sapagyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegini görkezmek bolar. Umuman alanyňda, mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklaryny we köpdürlüligini artdyrmaga we gorap saklamaga gönükdirilen netijeli çäreleriň geçirilmegi arkaly milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli we öňdengörüji syýasaty netijesinde amala aşyrylýan giň möçberli işler Watanymyzyň gülläp ösmeginiň kepilidir.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow