Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara
Çap edildi 13.09.2025
2565

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!
Eziz watandaşlar, mähriban doganlarymyz!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ösüşiň, berkararlygyň we rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan milli baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň agzybirligimizi, jebisligimizi hem-de doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligimiziň hem-de buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik işlere galkyndyrýan güýji, watansöýüjiligimiz, döredijilik hyjuwymyz, zähmet joşgunymyz bilen ajaýyp geljegimizi gurýarys. Şoňa görä-de, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň milli we halkara ähmiýetli wakalaryny örän möhüm şanly senelerimiz — Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bilen baglanyşdyryp, bu mukaddes gymmatlyklarymyza bolan sarpamyzy we söýgimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýarys. Bularyň ählisi eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyny beýikligiň, mukaddesligiň täze derejesine götermek bilen, ählimizde egsilmez buýsanç duýgularyny döredýär, parahatçylyk söýüjilik, dostluk, ynsanperwerlik baradaky ýörelgelerimizi hem-de taglymatlarymyzy dünýä ýaýýar.

Hormatly adamlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleri netijesinde Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň sütünlerini berkitmekde ägirt uly işler amala aşyrylyp, eziz Watanymyz syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän döwletleriň biri hökmünde ykrar edilip, parahatçylygyň, dostlugyň, bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmak babatda gazanylanlara daýanyp, ýurdumyzy gülledip ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine milli maksatnamalarymyzy, giň gerimli özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirip, Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün edýäris. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny, sebitlerimizde häzirki zaman obalaryny, şäherçeleri, täze önümçilikleri, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurup, döwletimizi täze sepgitlere tarap aýgytly gadamlar bilen öňe alyp barýarys.

Milli Liderimiziň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny, döredijilikli syýasatymyzy, müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, dostluk, bitaraplyk, ynsanperwerlik ýörelgelerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrmak, eziz Watanymyzyň köpugurly ösüşlerine goşant goşmak, doganlyk gatnaşyklary ösdürmek babatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň we bu guramanyň watansöýüjiligi baýdak edinen agzalarynyň alyp barýan işleri bizi örän guwandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen köpugurly gatnaşyklary ýola goýup, eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýarys. Dünýä bileleşigi bu gün ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyna uly sarpa goýýar we öňe sürýän başlangyçlarymyzy işjeň goldaýar. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk taglymatymyza, ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatymyza, parahatçylyk, ynanyşmak däplerini rowaçlandyrmak ugrundaky başlangyçlarymyza berlen ýokary bahadyr. Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem-de onuň çäklerinde kabul edilen resminamalar ýurdumyzyň halkara abraýynyň belentdigini ýene-de bir gezek dünýä ýaýdy. Bu taryhy wakalar biziň mähriban halkymyzda hem-de Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan eziz doganlarymyzda çäksiz buýsanç duýgularyny döredýär.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!
Eziz watandaşlar, mähriban doganlarymyz!

Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende götermek, dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.03
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
13.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.03
Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow