Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan — melhemler mekany
Jemgyýet
Türkmenistan — melhemler mekany
Çap edildi 22.07.2020
1369

3-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara sagaldyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk derejede guramagy, şeýle hem zähmet rugsatlaryny «Arçmanda» ýa-da «Ýyly suwda» we ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç almak üçin ulanmagy maslahat berdi. Adamlaryň saglygy hakynda aladanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz munuň şeýledigini iş ýüzündäki hereketleri bilen, şol sanda ýurdumyzyň şypahana ulgamyny ösdürmek, dünýä syýahatçylygynda onuň ornuny giňeltmek boýunça işler bilen tassyklaýar. Bu ugurda anyk çäreleriň amala aşyrylmagy, hususan-da, pudaga gönükdirilýän uly möçberdäki maliýe serişdeleri netijeli dynç alyş ulgamyny döretmäge hem-de raýatlarymyzyň oňaýly dynç almagyna ýardam edýär, bu bolsa halkymyzyň saglygyna gös-göni maýa goýmak, ýagny ýurdumyzyň adam maýasyna serişde goýmak bolup durýar. Şypahana ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu resminamanyň kabul edilmegine şu ýyl 25 ýyl dolýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, jemgyýetiň we her bir raýatyň döredijilik kuwwatyny doly açmaga ýardam edýän durmuş gurşawyny kemala getirmekde onuň ornuny berkitmek şol maksatnamada esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ilatyň saglygyny goramak baradaky meseleleriň diňe lukmançylyk ulgamyna degişli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetçilik, döwlet, şahsy ugurlar toparyna degişli bolup durýandygyny, durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlaryny gurşap alýandygyny görkezýär. Eger häzir Hökümetiň degişli ugurda alyp barýan syýasaty her bir adamyň öz saglygy üçin jogapkärçiligini artdyrýan bolsa, beýleki tarapdan, döwletimiz munuň üçin ähli şertleri döredip, uly mümkinçilikleri we goldawy berýändigini göz öňünde tutýar. Şypahana ulgamynyň gazananlarynyň hatarynda täze gurlan hem-de durky düýpli täzelenen şypahanalar: Aşgabatdaky «Berzeňňi», Ahal welaýatyndaky «Arçman» hem-de «Ýyly suw», Lebapdaky «Farap», Mary welaýatyndaky «Baýramaly», deňizýaka welaýatdaky «Mollagara», demirgazyk sebitdäki «Daşoguz» şypahanalary, şeýle hem köp sanly çagalar sagaldyş merkezleri bar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, olaryň hemmesi döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, ýylyň dowamynda diňe türkmenistanlylara däl-de, eýsem, ýurdumyzyň myhmanlaryna ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Bu bolsa olaryň halkara derejä eýe bolandygyny tassyklamaga mümkinçilik berýär. Kiçi we mekdep ýaşly çagalaryň, ýaşlaryň, işe ukyply ilatyň hem-de gartaşan adamlaryň saglygyny berkitmek, olaryň ömrüni uzaltmak Türkmenistanyň şypahana pudagynyň ileri tutýan ugurlary bolup durýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täsin tebigy şertler, düzümi boýunça seýrek duş gelýän melhem suwlary we bejeriş palçygy köp dertden saplanmaga ýardam edip, özüňi duýşuňy gowulandyrmaga kömek edýär, ýadawlygy aýryp, gujur-gaýraty dikeldýär. Toplumlaýyn sagaldyş-öňüni alyş çäreleriniň saglyk derejesini 1,5 esse ýokarlandyrýandygy, tebigy bejeriş serişdeleriniň täze lukmançylyk tehnologiýalary bilen utgaşdyrylyp ulanylmagy bolsa, raýatlaryň saglyk derejesini 25 — 30 göterim gowulandyrýandygy subut edildi. Ýurdumyzda döredilýän düýbünden täze şypahana ulgamy ilatyň saglygyny netijeli berkitmegiň umumy düzüminiň bir bölegi bolmak bilen, iň gowy milli we daşary ýurt tejribesini öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan degişli ulgamda giň halkara hyzmatdaşlyga tarap kesgitlenen ugur Türkmenistanyň şypahanalaryny dünýäniň önüm öndürijileriniň döwrebap ýörite enjamlary bilen üpjün etmäge ýardam edýär, olar doly barlag we bejeriş geçirmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň şypahana iş tejribesinde sowuk howanyň akymy bilen täsir etmek (krioterapiýa), duzlaryň ownuk böleklerinden ybarat bolan howadan dem almak (galoterapiýa), ozonoterapiýa, aromoterapiýa, gyzgyn daşlar bilen owkalamak (stounoterapiýa), gyzgyn çäge bilen bejermek (psammoterapiýa) ýaly lukmançylyk usullary we beýlekiler işjeň ulanylýar. Şypahanalarda SPA-bejergiler üçin şertler döredilip, oňurgany çekmek ýaly usullar ulanylýar, gidroterapiýa bölüminde otaglar hereket edip, olarda mineral we galwaniki wannalar, duş, suwasty owkalama arkaly bejergiler geçirilýär, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin wanna göz öňünde tutuldy. Dynç alyş-sagaldyş edaralaryna barylmagy dynç alýanlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine ýardam edýär. Ol ekologiýa taýdan amatly giňişligiň guralmagyny, dogry iýmitlenmegiň, bedenterbiýäniň we işjeň peýdaly dynç almagyň esaslaryny öz içine alýar. Bu ýerde hereket edýän fitobarlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy ensiklopediýasyndan hem-de «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabyndan dürli maglumatlaryň esasynda taýýarlanan çaýlar hödürlenilýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde fitoterapiýa uly ähmiýet berip, saglygy dikeltmek üçin ata-babalarymyz tarapyndan öňden ulanylýan bu usulyň häzir hem ýurdumyzda, aýratyn-da, sanatoriý-şypahana lukmançylygyny kämilleşdirmek babatda zerur bolup durýandygyny belleýär. Şeýle hem dynç alýanlaryň ygtyýarynda kitaphanalar, Internet-kafe, restoranlar, dükanlar we beýleki medeni-durmuş desgalary bar. Bulardan başga-da, ýakynda ýerleşen tebigy ýerlere gezelençler hödürlenilýär. Bejeriş we sagaldyş nukdaýnazaryndan, türkmen şypahanalary bu gün halkara derejesine çykyp, lukmançylyk hyzmatlarynyň, melhemlik serişdeleriniň eksport gymmatlygyny ýokarlandyrýar. Olaryň ençemesi özboluşly ugurlar bolup durýar. Türkmenistan dynç alyş-sagaldyş kuwwatyna eýe bolmak bilen, mineral suwlaryň dürli görnüşi, howa zolaklarynyň we şypahanalaryň köp sanlysy bilen tanalýar. Birnäçe ölçegler boýunça olaryň deňi-taýy bolman, dünýäde iň gowy merkezler hasaplanylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde, eziz Watanymyzyň şypahanalarynyň meşhurlygynyň artmagy diňe özboluşly tebigy bejeriş şertleri we täze lukmançylyk tehnologiýalary bilen däl-de, eýsem, hyzmatlaryň ýokary derejesi bilen hem şertlendirilendir. Bejeriş-öňüni alyş edaralary ajaýyp tebigat hem-de binagärlik ýadygärlikleri bilen gurşalandyr. Çünki bu ýerler gadymy döwürlerden bäri ýaşamak üçin amatly hasaplanypdyr. Mysal üçin, «Baýramaly» böwrek şypahanasy Türkmenistanyň baýry we meşhur, halkara ähmiýetli şypahanalarynyň biridir. Gurulyga, gyzgynlyga we Gün şöhlesine, ajaýyp bejeriş häsiýetlerine eýe bolan türkmen topragynyň bu gözel künjegi baradaky şan-şöhrat baryp XIX asyryň ahyrynda — 1887-nji ýylda ýurdumyzyň çäklerinden daşarda ýaýraýar. Ine, häzir hem ol Merkezi Aziýa we Ýewropa sebitlerinde ýeke-täk şeýle merkez bolup, bu ýerde howa terapiýasy esasy bejeriş şerti bolup durýar. Şypahana ýakymly şemallaryň öwüsýän ojagynda, bir tarapy Garagum sährasy, beýleki tarapyndan Murgap derýasynyň geçýän zolagynda, deňiz derejesinden 242 metr belentlikde, hemişe gök öwüsýän ösümlikler, özboluşly howasy bolan, 44 gektar meýdany eýeleýän saýaly seýilgähde ýerleşýär. Bu ýerlerde gurak, yssy howa tomus paslynda kölegede 40 gradus gyzgynlyga çenli ýetýär, ýazda we güýzde bolsa, 30 — 35 gradus derejede saklanýar, howanyň çyglylygy 10 — 35 göterim aralygynda saklanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda belleýşi ýaly, bu ýerde geçirilýän barlaglar Baýramalyda bejergiň böwrek keselli adamlara oňyn täsirini ýetirip, gan basyşy, peşew ýollarynyň sowuklamagy hem-de böwrek keselli adamlaryň gan düzümi ýaly möhüm görkezijileri gowulandyrýar. Ýer üstüniň ýokary derejede bugarmagy, iýun — sentýabr aýlary aralygynda ýagyş-ýagmyryň bolmazlygy hem-de beýleki aýlarda ýagmyryň az ýagmagy böwrek, garyn-içege, ýürek-damar we nerw ulgamlary kesellerinden ejir çekýänleriň saglygyny dikeltmek üçin tebigatyň özi tarapyndan guralýan ýalydyr. Şypahanada bolýanlar bejergi çärelerinden boş wagtlaryny nähili geçirmelidigini özleri saýlap alýarlar — şol döwürde olar seýilgählerde gezelenç edip, kitaphanalarda kitap okap, tennis, woleýbol ýa-da badminton oýnap bilerler, ýerli teatryň sahna oýunlaryna tomaşa edip ýa-da gadymy Merwiň ýadygärliklerine gezelençleri gurap bilerler. Türkmen paýtagtyndan bary-ýogy ýedi ýarym kilometr günorta tarapda, Köpetdagyň eteginiň täsin künjeklerinde «Berzeňňi» şypahanasy ýerleşýär. Onuň mineral suwly çeşmeleriniň penakärlik aýratynlyklary gadymy döwürden bäri bellidir. Bu ýerleriň gadymdan bäri üýtgemän galan tebigaty, arassa dag howasy hem-de çeşmesiniň suwunyň bejeriş aýratynlyklary saglygy dikeltmek üçin ajaýyp şertleri emele getirýär. Suwuň düzüminde 24 mikroelementiň bolmagy ynsany köp sanly kesellerden bejermek hem-de olaryň öňüni almak üçin örän peýdalydyr. Aşgabatdan günbatar tarapda, 130 kilometr uzaklykda, Köpetdagyň täsin künjekleriniň birinde ýerleşýän «Arçman» we «Ýyly suw» şypahanalary hem Türkmenistanyň çäklerinden daşarda-da bellidir. Arçman suwunyň penakärlik aýratynlyklary barada gadymy döwürlerden bäri ençeme rowaýatlar düzülipdir. Bu şypahana 100 ýyldan gowrak wagt mundan ozal esaslandyryldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça onuň durky düýpli täzelenilenden soňra, sebitiň iň gadymy sagaldyş merkezleriniň biri häzirki zaman şypahana-sagaldyş toplumyna öwrüldi. Onda adamlary tutuş ýylyň dowamynda kabul etmäge mümkinçilik bar we lukmançylyk hyzmatlary babatynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahanada ýaşamak üçin amatly şertler döredilendir. Mineral suw çeşmeleri bu saglygy dikeldiş edarasynyň esasy artykmaçlyklarynyň biridir, suwuň düzüminde 24 himiki elementiň bardygy ýüze çykaryldy. Suwda kükürtli wodorodyň agdyklyk etmegi, ony bejeriş-agyz suwy hökmünde peýdalanmaga mümkinçilik berýär. «Ýyly suw» şypahanasynyň tebigy çeşmeleriniň täsin aýratynlyklary hünärmenler tarapyndan düýpli öwrenilendir. Gyzgynlyk derejesi 46 gradusa ýetýän kükürtli wodorod suwlarynyň ýeriň göwsünden joşup çykmagy netijesinde, bu ýerde dürli keselleri, şol sanda daýanç-hereket agzalarynyň, nerw-periferiýa we endokrin ulgamlarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly keselleri bejerýärler. Tenekar çeşmeler, şeýle hem ýod we brom düzümli mineral suwlara baýdyr, bu suw garyn-içege ulgamy, öt, bagyr, sowuklama keselleri bejerilende peýdalanylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kitaplarynda dürdäne setirlerini ýurdumyzyň meşhur şypahanalarynyň birine — «Mollagara» şypahanasyna bagyşlap, onuň bejeriş aýratynlyklary Ysraýyldaky meşhur Asuda deňzine meňzeşdir diýip belleýär. Häzirki wagtda dünýäniň köp sanly şypahanalary bu sagaldyş merkeziniň tehniki taýdan enjamlaşdyryş derejesine ýetmäge çalyşýarlar. Bu ýerde lukmanlar ylmy-barlag işleri bilen hem meşgullanýarlar, hususan-da, bejeriş palçyklarynyň aýratynlyklaryny, bu ülkäniň bejeriş serişdeleriniň adam bedenine täsirini, palçygy hem-de elektrik toguny, owkalamak usulyny, mehanoterapiýany we beýlekileri toplumlaýyn peýdalanmagyň usullaryny öwrenýärler. Ýurdumyzyň şypahana zolaklarynyň — adamlara saglyk we şatlyk eçilýän ajaýyp künjekleriň tebigy şertleriniň jadyly güýji hem-de oňaýly täsiri barada näçe gürrüň berseň hem azdyr. Türkmenistanlylar mynasyp derejede dynç almak we saglygy berkitmek üçin özleriniň göwün halan şypahanasyny saýlap almak mümkinçiligine eýedirler, munuň özi diňe bir tomusky dynç alyş döwürlerinde däl-de, ýylyň islendik wagty hem şeýledir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şypahana toplumyny innowasiýa derejesinde ösdürmek meselelerine hemmetaraplaýyn çemeleşmegi netijesinde, gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň şypahana binýady döwrebaplaşdyryldy, ol täze tehnologiýa derejesine çykaryldy, netijede bolsa, keselleriň öňüni almak we ilatyň saglygyny berkitmek ulgamynda ýokary sepgitlere çykyldy. Hormatly Prezidentimiziň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, türkmen topragy, hakykatdan-da, bejeriş serişdelerine örän baýdyr, onuň jümmüşinde saglygy dikeltmek we berkitmek üçin ägirt uly mümkinçilikler toplanandyr. Käbir tebigy çeşmeler heniz özüniň açylmagyna garaşýar, beýlekiler bolsa, olaryň bejergi üçin peýdasyny anyklamak maksady bilen, ylmy-barlaglaryň hem-de tejribeleriň geçirilmegine degişlidir. Şeýle köpdürli mineral çeşmeleri Köýtendagyň gowaklarynda, Sünt-Hasardagyň jülgelerinde, Garagumuň gyzgyn sähralyklarynda, Bathyz çöllüklerinde we beýlekilerde ýerleşýär. Dürli geografiýa zolaklarynyň tebigy-howa şertleriniň we bejeriş aýratynlyklarynyň ylmy esasda öwrenilmegi, oýlanyşykly peýdalanylmagy Türkmenistany sebitde we dünýäde şypahana-bejeriş syýahatçylygynyň öňdebaryjylarynyň hataryna çykaryp biler. Şypahana-dynç alyş ulgamynyň ägirt uly ösüş mümkinçiliklerine eýe bolan pudak hökmünde peýdalanylmagyna täzeçil çemeleşmegiň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi türkmen saglygy goraýyş ulgamyny we tutuşlygyna, milli ykdysadyýeti ösdürmegiň kuwwatly şerti bolup biler. Döwlet Baştutanymyz tutuş ýaşaýyş-durmuş we häzirki zaman lukmançylyk edaralarynyň medeniýet ulgamynyň hiliniň ýokarlandyrmagyna gönükdirilen saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde bu pudagyň öňünde möhüm wezipeleri goýýar, şunda saglygy dikeltmegiň we dynç almagyň, şeýle hem tebigy bejeriş serişdelerini peýdalanmak ulgamynda ylmy-barlaglaryň geçirilmeginde öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, şypahanalaryň işlerine täze guramaçylyk we dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak ileri tutulýan wezipelerdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň şypahana-dynç alyş toplumyny örän baý ýerli çeşmeleriň binýadynda ösdürmek meselelerine bagyşlanan «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda türkmen topragynda öz açylmagyna we öwrenilmegine garaşýan bejeriş häsiýetli künjekleriň heniz köpdügini belleýär. Bu baýlyklaryň ählisi halkymyzyň bähbidine gönükdiriler diýip, milli Liderimiz nygtaýar.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow