Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň hökümetiniň çakylygy boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň jemleri boýunça maslahat geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, beýleki döwlet düzümleriniň, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzda täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy üstünlikli göreşmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çärelere we dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýa baha bermäge bagyşlanyp geçirilýän metbugat maslahatyna dünýäniň birnäçe döwletleriniň metbugat we elektron maglumat serişdeleriniň köp sanly wekilleri wideomaslahat arkaly gatnaşmak mümkinçiligine eýe boldular. Ozal geçirilen metbugat duşuşyklarynyň jemleri boýunça ählumumy internet ulgamynda ýerleşdirilen synlaryň hem-de makalalaryň netijesinde, dünýä bileleşiginiň wekilleri Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň çäginde koronawirus we beýleki howply ýokanç keselleriň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almagy boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen tanyşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesine we bu ugurda gazanýan üstünliklere bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen işlenip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde, bu pudak soňky ýyllarda dünýä ölçegleriniň ýokary derejesine çykdy. «Milletiň saglygy — ýurduň baýlygy» diýen syýasy şygardan ugur alnyp, Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we hilini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu gün ýurdumyzda BSGG-niň tekliplerine laýyklykda we milli kanunçylyk nazara alnyp, işlenip taýýarlanylan saglygy goramak boýunça wajyp maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaramaz täsiri zerarly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, ýurdumyza tutuş adamzada çynlakaý wehim salýan ýokanç keseliň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur işleriň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda geçirilýän öňüni alyş çäreleri bilen tanyşmak, bu howply ýokanjyň ýüze çykan halatynda, oňa dessin çäreleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistana Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň maslahat beriş-tehniki toparynyň bilermenleri çagyryldy. Ýerli ilatyň arasynda COVID-19 ýokanjynyň ýüze çykmazlygy geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýedigini tassyklaýar. Saparyň çäklerinde, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri 6-njy iýuldan başlap, Lebap we Balkan welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň dürli lukmançylyk edaralarynda, barlaghanalarynda, şeýle hem Özbegistan we Owganystan bilen serhetleşýän çäklerde, Türkmenistanyň deňiz derwezesi hasaplanylýan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda boldular. Olar arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, barlaghana-anyklaýyş, hassalaryň kliniki barlagy, öňüni alyş we gözegçilik çäreleri bilen tanyşdylar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri ýurdumyzda bolýan on günlük saparynyň jemleri boýunça teklipleri taýýarladylar. Şolary türkmen tarapy milli saglygy goraýyş ulgamynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmekde nazara alar. Bu işleriň baş maksady ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak üçin durmuşa geçirilýän çäreleri mundan beýläk-de kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bellenilişi ýaly, dünýäde täze koronawirus ýokanjynyň dörändigi hakynda maglumatlaryň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, wehime gyssagly garşy durmak we ýurdumyzyň çäklerini bu keseliň getirilmeginden we ýaýramagyndan goramak boýunça netijeli öňüni alyş çärelerine girişildi. Şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda döwlet serhedinden geçmegi tapgyrlaýyn esasda çäklendirmek çäreleri girizildi. Serhetde sanitar-karantin gözegçiligi güýçlendirildi. Adam bedeniniň gyzgynlygyny ölçeýän enjamlar ulanylyp başlandy. Gelýän we gidýän raýatlara edilýän gözegçilik güýçlendirildi. Düzüminde degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bolan Adatdan daşary epidemiýa garşy göreş toparynyň çözgüdine laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanynda gelip çykyşy näbelli bolan howply ýiti ýokanç keseli döredijileriň ýurdumyza girizilmeginiň öňüni almak boýunça çäreleri işjeňleşdirmek babatda Dolandyryş merkezi döredildi. «24/7» tertipde işleýän şeýle merkezler sebitleýin derejelerde döredildi. Täze koronawirus ýokanjynyň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça wagtlaýyn gollanma işlenip taýýarlanyldy. Ol ylmy geňeş tarapyndan tassyklanyldy. Ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň hemmesi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň çäklerinde milli kanunçylyga laýyklykda ýerine ýetirilýär. Onuň esasynda raýatlaryň saglygyny goramaga we epidemiýa abadançylygyna bolan konstitusion hukuklary bar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda birnäçe kanunçylyk namalarynyň milli we döwlet maksatnamalarynyň kabul edilendigini bellemeli. Bu kadalaşdyryş-hukuk namalary döwrüň talaplaryna hem-de BSGG-niň maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýokanç keselleriň öňüni almak we olara epidemiologiýa gözegçiligi boýunça usulyýet resminamalary kämilleşdirildi. Dürli hojalyk desgalarynyň işine, şeýle hem daşky gurşawyň desgalarynyň, şol sanda suwuň, azyk önümleriniň, howanyň, topragyň we beýlekileriň barlaghana işlerine döwlet sanitar gözegçiligi ýola goýuldy. Halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan dünýäde sekizinji we BSGG-niň Ýewropa sebitinde birinji bolup, 2016-njy ýylyň iýun aýynda ýurduň jemgyýetçilik saglygy goraýyş we Halkara lukmançylyk-sanitariýa düzgünleriniň talaplaryny girizmek boýunça adatdan daşary ýagdaýlara ýurduň taýýarlygyna Bilelikdäki daşarky barlagy meýletin ýagdaýda geçdi. Howply ýokanjyň aralaşmagynyň we onuň ýaýramagynyň öňüni almagyň çäklerinde şu ýylyň mart aýyndan başlap, daşary ýurtlardan gelýän howa gämileriniň hereketi wagtlaýynça saklanyldy. Şeýle hem raýatlaryň ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýurdumyza girmegi we çykmagy çäklendirildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň gulluklary, ilkinji nobatda bolsa, Arassaçylyk we keselleriň öňüni almak boýunça döwlet gullugy tarapyndan ýurdumyzyň içinde möwsümleýin kesellere gönükdirilen barlag babatda toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Mekdep okuwçylarynyň ýazky dynç alyş möwsüminde mekdepleriň synp otaglarynda we onuň çäklerinde ýörite serişdeler bilen zyýansyzlandyryş işleri geçirildi. Jemgyýetçilik ýerlerinde we şäher ulaglarynda zyýansyzlandyryş işleri yzygiderli we hemmetaraplaýyn esasda alnyp barylýar. Raýatlaryň içerki migrasiýa ýagdaýyna hemişelik gözegçilik ýola goýuldy. Welaýatlaryň çäklerinde raýatlaryň saglyk ýagdaýlary baradaky kepilnamalaryna gözegçilik edýän bölümler hereket edýär. Häzirki döwürde Aşgabatda we ähli welaýatlarda ýokanç keseller hassahanalarynyň binýadynda ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň ýüze çykan halatynda hassalary kabul etmek üçin ýörite bölümler taýýarlanyldy. Ozal hereket edýän bölümler ýüze çykýan ýokanç keselleri we karantin-tertip çärelerini üpjün etmek üçin gaýtadan gurnalýar. Bejeriş-öňüni alyş edaralarynda we bölümlerde şahsy gorag serişdelerini dürs ulanmak we epidemiýa garşy çäreleri berjaý etmek üçin hünärmenler bilen okuw sapaklary yzygiderli geçirilip durulýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, wirusa we bakteriýa garşy serişdeler, keselleri bejermek üçin dermanlyk serişdeleri we zyýansyzlandyryş serişdeleri şahsy gorag we beýleki zerur bolan enjamlar bilen doly üpjün edilen bölümler döredildi. Birnäçe lukmançylyk edaralary ýokarlandyrylan taýýarlyk tertibinde işleýärler. COVID-19 ýokanjyny anyklaýan enjamlar ýeterlik möçberde satyn alyndy. Olaryň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň barlaghanasynda anyklaýyş işleri alnyp barylýar. Ol dümewiň Milli merkezi derejesine eýe boldy. Şeýle hem welaýatlaryň bäşisinde kepillendirilen barlaghanalar hereket edýär. Anyklaýyş işlerini alyp barýan hünärmenleriň hemmesi deslapdan ýörite taýýarlaýyş okuwlaryny geçirdiler. Häzirki döwürde ähli geçiriş bölümlerinde awtomobil we demir ýol ulaglarynda ýük daşamak, harytlary geçirmek bilen meşgullanýan adamlar döwlet serhediniň çäklerinde COVID-19 ýokanjynyň barlagyndan geçýärler we olar 14 günlük karantin bejergini alýarlar. Şeýle hem zyýansyzlandyryş terminallary gurlup ulanmaga berildi. Awtomobil we demir ýol ulaglarynda ýurdumyzyň çägine girmezden öňürti zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär we ösdürilip ýetişdirilen önümlere degişli barlag işleri ýerine ýetirilýär. Serhet çäklerinde ekzogen ýagdaýlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen, adamlaryň saglygyna bolşy ýaly, daşky gurşaw üçin ýaramaz täsiri bolmadyk zyýansyzlandyryş serişdelerini howpsuz ulanmak boýunça taraplar bilen üpjün edilen uçarlar arkaly degişli işler alnyp barylýar. BSGG we BMG-niň beýleki düzümleýin bölümleri bilen bilelikde COVID-19 ýokanjynyň ýüze çykan halatynda ýurdumyzyň gyssagly hereket etmäge taýýarlygyny üpjün edýän meýilnama taýýarlandy. Ol 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklandy. Onda meýilleşdirilen ähli çäreler BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň we BMG-niň dürli agentlikleriniň hem-de ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde işjeň amala aşyrylýar. Bu meýilnamanyň çäklerinde zerur bolan dürli enjamlar, serişdeler we beýlekiler satyn alynýar. Ýakynda ýurdumyza lukmançylyk maksatly dürli önümleriň we enjamlaryň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edaralarda we kärhanalarda öňüni alyş we zyýansyzlandyryş işleriniň Meýilnamasy tassyklandy. «Türkmenistanyň Döwlet serhediniň hereket edýän barlag-geçiriş bölümlerinde gulluklaryň işgärleri üçin şahsy gorag serişdelerini ulanmagyň tertibi hakynda» düzgünnama, «Täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralarda we guramalarda sanitariýa talaplaryny ýerine ýetirmek we degişli zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek boýunça gollanma» herekete girizildi. Lukmançylyk edaralarynda şahsy gorag serişdelerini peýdalanmak, epidemiýa garşy, şeýle hem zyýansyzlandyryş çärelerini geçirmek boýunça türgenleşik we okuw sapaklary yzygiderli geçirilýär. Ol COVID-19 ýokanjy bilen şübhelenýän we şeýle keseli bolan näsaglar bilen işlemekde howpsuzlyk çäreleriniň ýerine ýetirilmegini öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Maglumat-gollanma kitapçalary taýýarlandy. Ilatyň ähli gatlaklarynyň arasynda şahsy gigiýena we saglyk durmuş ýörelgeleriniň düzgünlerini wagyz etmek işleri güýçlendirildi. Emele gelen ýagdaýlar bilen baglanyşykly ähli soraglara jogap almaga mümkinçilik berýän telefon aragatnaşygy yzygiderli işleýär. Metbugat maslahatynda bellenilişi ýaly, türkmen lukmanlarynyň, ekologlaryň we hünärmenleriň köpýyllyk ylmy-barlaglarynyň netijesinde, gidrometeorologiýa we beýleki degişli ylmy ugurlarda adam saglygy üçin howply bolan ýagdaýlary, şol sanda wiruslary anyklamak, olaryň Merkezi Aziýanyň duýgur ekologiýa gurşawynda howa arkaly geçip bilmek mümkinçiligini ýüze çykarmak başartdy. Şunuň bilen baglylykda, epidemiýa garşy göreş boýunça Adatdan daşary döwlet toparynyň 5-nji iýulda geçirilen nobatdaky mejlisinde lukmanlar, söwda senagatynyň işgärleri, awtoulaglaryň sürüjileri we hyzmat edaralarynyň işgärleri üçin agyz-burun örtüklerini hökmany ulanmak baradaky çözgüt kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şypahana-dynç alyş hyzmatlaryny ýola goýmakda birnäçe özgertmeler amala aşyryldy. Şypahanalaryň binalary döwrebaplaşdyryldy, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Olarda raýatlaryň saglygyny berkitmekleri we göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertler döredildi. Şypahanalaryň gurluşygynda degişli desgalara bildirilýän talaplar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem deňiz suwunyň we beýleki suw howdanlarynyň ýaramlylyk derejeleri barlagdan geçirildi. Häzirki döwürde Aşgabatdaky «Berzeňňi», Ahal welaýatyndaky «Arçman», «Ýylysuw», Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatyndaky «Baýramaly», Balkan welaýatyndaky «Mollagara» we Daşoguz welaýatyndaky «Daşoguz» şypahanalarynda ilata hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär. Şeýle hem epidemiýa garşy göreş boýunça Adatdan daşary döwlet toparynyň mejlisinde raýatlaryň tomus möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alşyny çäklendirmek boýunça çözgüt kabul edildi. Bellenilişi ýaly, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BSGG-niň milli mümkinçiliklerimizi pugtalandyrmaga we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ähli teklipleri nazarda tutular. Ýerine ýetirilen işleriň netijeleri Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň ähmiýetlidigini tassyklaýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň pandemiýa garşy göreşde raýdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň amala aşyrylmagyna taýýardygyny belläp, BSGG-niň wekiliýetiniň baştutany Ketrin Smollwuddan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-niň Baş direktory Tedros Gebreisusa hem-de BSGG-niň Ýewropa sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy Hans Klýugä biziň ýurdumyza maslahat beriş-tehniki topary ibermek baradaky çözgüdi üçin aýdan minnetdarlygyny ýetirmegi haýyş etdi. Bellenilişi ýaly, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk türkmen lukmanlary bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleriniň arasyndaky ýokary derejeli netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady emele getirýär. Bu saparyň çäklerinde geçirilen işler täze wehime garşy göreşmek boýunça strategiýalary we meýilnamalary milli tagallalara utgaşdyrmaga bolan çemeleşmeleriň emele gelmegine mümkinçilik berdi. Ol BSGG-niň, hususan-da, onuň Ýewropa sebit edarasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy. Çykyşda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan çäreler barada jikme-jik gürrüň berildi. Howply ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça döredilen Hökümet toparynyň soňky mejlisiniň netijeleri boýunça kabul edilen çözgütlere aýratyn ähmiýet berildi. Şu hepdäniň başynda Türkmenistan ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilen çäreleriň has täze görnüşlerini girizdi. Aýratyn-da, köpçülikleýin medeni, jemgyýetçilik we sport çärelerini geçirmek, resmi maslahatlary, baýramçylyk çärelerini we dini çärelerini geçirmek, arassalaýyş we zyýansyzlandyryş çärelerini geçirmek maksady bilen, iri söwda merkezleriniň, Aşgabat bilen welaýatlaryň arasynda hereket edýän demir ýol we awtomobil ulaglarynyň hereketini çäklendirmek we çagalar sagaldyş merkezleriniň indiki tapgyrynyň işini bes etmek çäreleri girizildi. Şeýle hem giriş synaglaryny ýerlerde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde geçirmek bellenildi. Jemgyýetçilik degişli aradaşlygy üpjün etmek boýunça talaplary berjaý etmegiň kadalary işlenip taýýarlanyldy. Metbugat maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň halkara guramalar we birnäçe döwletler bilen özara gatnaşyklary boýunça amala aşyrýan işleriniň halkara ugurlaryna üns berdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň pandemiýa garşy göreşmek, onuň durmuş-ykdysady häsiýetdäki täsirlerini peseltmek boýunça işiniň möhüm ugurlaryna ähmiýet berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmekde halkara bileleşiginiň işini utgaşdyrmakda, ählumumy howpa garşy utgaşykly, özara ylalaşykly işleri taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belleýşi ýaly, köptaraply tagallalaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy ähli döwletleriň köpugurly we ylmy taýdan esaslandyrylan düzgünleri we BSGG-niň koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça öňe süren tekliplerini berk berjaý etmegine bagly bolup durýar. Halkara gatnaşyklara, täzeçil çemeleşilmeleri işläp taýýarlamak meselelerinde ylalaşygyň, şol bir wagtyň özünde ýokanç kesellere garşy göreşmekde köptaraply gatnaşyklaryň bar bolan gurallaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin ähli tagallalaryň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň şu ýyl köptaraply sammitlerde we ýokary derejede geçirilen onlaýn maslahatlarda ylmy diplomatiýanyň guralyny işjeňleşdirmek hem-de alym-lukmanlaryň Halkara geňeşini döretmek baradaky teklipleriniň ähmiýetiniň artýandygy bellenildi. Milli Liderimiziň täze başlangyçlary birnäçe möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag işleriniň toparlaýyn netijelere eýe bolmagynyň anyk ugurlarynyň mümkinçiliklerine garamakda wajyp bolup durýandygy barada aýdyldy. Şeýle başlangyçlaryň hatarynda koronawirusyň ýüze çykmagyny kesgitlemek babatda hyzmatdaşlyk; täze görnüşli ýokanç häsiýetli keselleriň ýüze çykmagynyň görnüşlerini öwrenmek babatda lukmançylyk bileleşiginiň ylmy işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak; aýratyn howply ýokanç keselleri bejermegiň görnüşlerini, usullaryny we serişdelerini bilelikde gözlemek we waksinalary, beýleki lukmançylyk serişdelerini işläp taýýarlamak, keseliň öňüni almak we başga-da birnäçe ugurlar bar. Anyk başlangyçlar bilen çykyş edip, Türkmenistan şol bir wagtyň özünde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tekliplerini, abraýly halkara düzümleriň öňe sürýän başlangyçlaryny jikme-jik öwrenýär we seljerýär. Şunuň bilen baglylykda, COVID-19 ýokanjyna garşy durmagyň tehnologiýalaryna Elýeterlilik binýadyny (С-TAP) döretmegiň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 ýokanjyna garşy göreşiň gurallaryna bolan elýeterliliginiň üpjün edilmegi baradaky başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. BSGG-niň hünärmenlerine saparyň çäklerinde geçirilen anyk we hemmetaraplaýyn düşündirişler üçin hoşallyk bildirildi. Şeýle hem pandemiýa garşy göreşde umumy tagallalary birleşdirmek üçin taýýarlanylan gurallaryň we mümkinçilikleriň ähmiýeti bellenildi. Şeýlelikde, С-TAP guralynyň baş maksady netijeli lukmançylyk serişdelerine, ilkinji nobatda, waksinalara bolan deňeçer elýeterliligi üpjün etmekden ybaratdyr. Munuň özi ilatyň has mätäçlik çekýän toparyna möhüm ähmiýet berilmegini öz içine alýar. Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda Ýörite çärede С-TAP Binýadynyň maksatlaryny we wezipelerini işjeňleşdirmek hakyndaky mesele işlenip taýýarlanylar. Ýörite çäräni ýiti ýokanç keselleriň ählumumy ýaýraýan döwründe çaga keselleriniň meseleleri boýunça BMG-niň sebit maslahatynyň çäklerinde geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň toplumyny geçirmegi meýilleşdirýär. Ol 25 ýyllyk wagtyň dowamynda kemala gelen ynsan saglygyny goramagyň täze milli ugruna esaslanýar. Ol, ilkinji nobatda, saglygy goraýşyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadyna, ýokary hünärli lukmanlaryň işine, lukmançylyk ylmynyň yzygiderli ösüşine, dürli keselleri bejermegiň we öňüni almagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna daýanýar. Häzirki döwürde hut şu kuwwatly binýat boýunça Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyna garşy işler alnyp barylýar. Bu işler anyk tertip we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan meýilnamalara hem-de maksatnamalara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Birinji tapgyrda serhet, gümrük, migrasiýa tertiplerini güýçlendirmek, sanitariýa we epidemiologiýa hem-de weterinar we beýleki gözegçilikleri işjeňleşdirmek boýunça birnäçe çäreler amala aşyryldy. Şeýle hem ýokanjyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagyny aradan aýyrmak maksady bilen, zerur işler ýerine ýetirildi. Şol bir wagtyň özünde ilaty ynsanyň saglygyny berkidýän dermanlyk serişdeleri bilen mugt üpjün etmek ýola goýuldy. Häzirki döwürde ilaty ählumumy barlagdan geçirmek maksatnamasy amala aşyrylýar. Türkmenistanyň geografik aýratynlyklaryny nazara alyp, ýokanç keseliň serhetüsti ýaýramagyny aradan aýyrmak boýunça öňüni alyş çäreler toplumy amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, her günde Hazar deňziniň we serhetýaka derýalaryň suwlary degişli barlagdan geçirilýär. Türkmen tarapy tebigy şertleriň dürli görnüşdäki ýokanç keselleriň döremegine we ýaýramagyna bolan täsiriniň bardygyny birnäçe gezek mälim etdi. Hut şonuň üçin hem bu mesele aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda, Aral deňziniň guramagy bilen ekologiýa taýdan howply zolakda emele gelen howa akymy aýratyn zyýanly bolup durýar. Ol tebigata, howa, Aral sebitinde we onuň daşynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýär. Duzly tozanlar Aral deňziniň guran hanasyndan göterilip, müňlerçe kilometrlere ýaýraýar we adam ömri üçin anyk howp bolup durýar. Häzirki döwürde dünýäde Türkmenistanyň Aral meselesi boýunça eýeleýän orny ykrar edildi. 2012-nji ýylyň 22-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» sammitinde çykyş edip, bu meseläniň häzirki döwürde sebitiň çäginden çykandygyny we onuň ählumumy häsiýete eýe bolandygyny belledi. Şeýlelikde, Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek teklip edildi. Dünýä bileleşigi bu teklibi iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde we 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda Baş Assambleýanyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» iki sany Kararnamasy kabul edildi. Olar BMG-niň çäklerinde Aral meselesini çözmek boýunça köptaraply gatnaşyklar üçin anyk binýady emele getirdi. Bu ugurda köptaraply gatnaşyklar ösdürilip, 2019-njy ýylyň awgust aýynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň töwekgelçilikleriň betbagtçylyklaryny peseltmek boýunça Komitetiň (ESKATO) altynjy mejlisinde BMG-niň Aral deňziniň sebiti Ýörite maksatnamasynyň konsepsiýasynyň taslamasy hödürlendi. Netijeler boýunça ESKATO-nyň ýokarda görkezilen Ýörite maksatnamasynyň üstünde işlemek baradaky kararnamanyň taslamasy taýýarlandy. Komissiýanyň 2021-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek nobatdaky mejlisinde oňa garamak meýilleşdirilýär. Aral deňziniň meseleleriniň çözgüdine durnukly ösüş üçin Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde işlenip taýýarlanan we AHHG-niň 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Özbegistan Respublikasynyň Nukus şäherinde durnukly ösüş boýunça Döwletara toparynyň çözgüdi bilen tassyklanan Sebit maksatnamasynyň taslamasyna möhüm üns berildi. Maslahata gatnaşyjylar alnyp barylýan ylmy-barlag işleri, Türkmenistanda howanyň hapalanmak derejesi zerarly keselleriň käbir görnüşleri bilen kesellemegiň derejesini öwrenmek ýaly ugurda zerur işleriň geçirilýändigini aýtdylar. Oňa ýokanç, onkologiýa, ýürek-damar keselleri, dem alyş ýollarynyň näsazlygy, allergiýa we başga-da birnäçe ýaramaz ýagdaýlar degişlidir. Ýokarda agzalan çemeleşmeleriň dürsdügini tassyklaýan anyk netijelere ýetmekde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy üçin degişli milli ülňülerini işläp taýýarlamak çärelerine girişilmelidir. Aral deňziniň ekologiýa ýagdaýynyň Türkmenistanda howanyň hapalanmagyna göni täsir edýändigini we onuň birnäçe ýokanç keselleriň döremek töwekgelçiligini döredýändigini nazara alyp, 14-nji iýuldan başlap, ýurdumyzda ýörite uçar tehnikalaryny ulanmak arkaly kesel ýaýradyjy serişdeleriň howa we ýagyn arkaly ýaýramagynyň öňüni almak boýunça zyýansyzlandyryş çärelerine giň gerim berildi. Şeýle hem ýygnananlara bu barada anyk maglumat berýän degişli wideofilm görkezildi. Ýokarda agzalan öňüni alyş we howply ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça goşmaça çäreleriň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýan işleriň we ýurdumyzyň ýiti ýokanç kesellere garşy durmaga taýýarlygyny üpjün etmek boýunça kabul edilen milli Meýilnamanyň hem-de Türkmenistanda koronawirus ýokanjyna garşy durmak boýunça tassyklanan dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasynyň ähmiýeti nygtaldy. BMG bilen hyzmatdaşlygyň nobatdaky tapgyry СOVID-19 ýokanjyna garşy göreş çärelerinde möhüm orun eýeleýän ynsanperwerlik ugry öz içine alýan üçünji milli meýilnamany taýýarlamakdan ybaratdyr. BMG-niň ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak boýunça Müdirliginiň işläp taýýarlan resminamalary Türkmenistanda sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen bilelikde alnyp barylýan işler üçin anyk gollanma bolup durýar. Türkmen tarapy BMG-niň edaralary bilen ýygjam gatnaşyklary dowam etmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, BSGG-niň wekiliýetiniň ýurdumyza bolan saparynyň jemleri boýunça taýýarlanan teklipleriniň ähmiýetlidigini nygtady. Häzirki döwürde bu teklipler Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de beýleki degişli düzümleriň hünärmenleri tarapyndan öwrenilýär we jikme-jik seljerilýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenlerine hem-de BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň wekillerine COVID-19 ýokanjyna garşy ýurdumyzyň taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmek babatynda milli mümkinçilikleri güýçlendirmek meselelerine maslahat-tehniki goldaw bermek boýunça geçirilen işler üçin çuňňur hoşallyk beýan edildi. Soňra Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt edarasynyň baştutany Paulina Karwowska çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan çemeleşmeleri hem-de täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça umumy tagallalaryň işjeňleşmegine goşýan goşandy üçin hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan pandemiýa garşy göreşmekde netijeli çäreleri durmuşa geçirdi. Şunda, belli aralygy üpjün etmek, lukmançylyk örtüklerini we beýleki şahsy gorag serişdelerini ulanmak ýola goýuldy. Keseliň ýaýramagynyň öňüni almak bilen baglanyşykly geljekki çäreler kesgitlenildi. Bu gezekki saparyň çäklerinde Türkmenistana bu ýokanjyň gelmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça has netijeli çäreler kesgitlenildi, koronawirus ýokanjynyň adamlaryň ömrüne we saglygyna ýaramaz täsirini peseltmek üçin ähli zerur çäreler görüldi. BSGG-niň alyp barýan ähli işi umumy ykrar edilen halkara lukmançylyk-sanitariýa düzgünlerine esaslanýar. Ol raýatlaryň saglygyny goramak bilen baglanyşyklydyr. Saparda beýan edilen teklipler Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň dykgatyna ýetirildi hem-de olaryň resmi hatlarynda, hasabatlarynda we çykyşlarynda beýan ediler. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahat beriş-tehniki toparynyň Türkmenistana gelen baştutany, BSGG-niň adatdan daşary ýagdaýlar meseleleri boýunça Ýewropa sebit edarasynyň baş hünärmeni hanym Ketrin Smollwud duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi we mähirli kabul edilendikleri üçin hoşallyk bildirdi. Welaýatlarda bolan saparyň çäklerinde we Aşgabatda bolmagynyň barşynda BSGG-niň hünärmenleri koronawirus ýokanjynyň ýurda aralaşmagynyň öňüni almak ugrunda amala aşyrylan çäreler bilen tanyşmak maksadynda birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Tutuş dünýä bu ýokanç kesel bilen gurşaldy. Hut şonuň üçin ähli ýurtlaryň lukmanlary СOVID-19 ýokanjyna garşy göreşmekde gahrymançylyk görkezip işleýärler. Koronawirus ýokanjynyň giňden ýaýramagy jemgyýetçilik saglygy üçin adatdan daşary ýagdaý bolup durýar. Ol göni ýa-da gytaklaýyn görnüşde ähli döwletleri öz içine alýar. Bellenilişi ýaly, bu ýokanç kesel bolmak bilen, kesellän näsagdan göni we gytaklaýyn gatnaşyk ýoly bilen başgalara geçýär. Islendik ýurtda epidemiýa ýagdaýynyň üýtgemegini nazara alyp, ähli döwletler ilatyň saglygyny hem-de ömrüni goramak üçin zerur hereketleri we degişli çäreleri amala aşyrmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Ketrin Smollwud Türkmenistanyň СOVID-19 ýokanjynyň ýurduň çägine aralaşmagynyň öňüni almak üçin ägirt uly tagallalary edendigini aýratyn nygtady. Hökümet tarapyndan, şol sanda döwlet serhetleriniň barlag-geçiriş bölümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler ilatyň arasynda keseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesini görkezýär. BSGG bu çäreleri goldaýar hem-de Türkmenistanda ýokanç keseliň ilata ýetirýän howpuny peseltmek boýunça degişli goldawy berer. Ilatyň, ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynyň bir ýere jemlenip, gözegçilik we öňüni alyş çärelerini öz wagtynda geçirmekleri möhüm bolup durýar. Saglygy goraýşyň esasy hyzmatlaryny yzygiderli ýola goýmak aýratyn wajyp hasaplanylýar. BSGG anyk işleri hem-de çäreleri teklip etmek bilen, ozal tassyklanan we esaslandyrylan şertleri gollanmagy maslahat berýär. Dünýäde hiç bir ýurtda bu ýokanç kesel barada anyk maglumat ýok. Häzirki döwürde Türkmenistan ýurtda koronawirus ýokanjynyň tassyklanan pursadynyň ýokdugyny habar berýär. BSGG bu maglumaty tassyklaýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, BSGG mundan beýläk-de hökümetiň milli edaralary bilen koronawirus ýokanjynyň ilata edýän täsiriniň we onuň ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda degişli işleri geçirmäge meýillidir. Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde, bilermenleriň epidemiýa gözegçilik babatda ýerine ýetirilen işleri synlandyklaryny we bu ýerde adamlary barlamak, şeýle hem zerur halatynda bu mümkinçilikleri artdyrmak ugrunda zerur şertleriň döredilendigini nygtadylar. Bu çäreler geljekde halkara söwdasynyň we ulag gatnawlarynyň dowam etmegini şertlendirer. Bilermenler toparynyň agzalary kliniki taýýarlyk bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde etrap, welaýat we umumy döwlet derejesindäki dürli lukmançylyk edaralarynda boldular. Türkmenistan СOVID-19 ýokanjy bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri ykrar edýär we ýurduň çäginde bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda ähli zerur tagallalary görýär. Ilatyň arasynda geçirilýän giň möçberli işler bu çäreleriň üstünlikli boljakdygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň anyk meýilnamasy bar. Biz ony durmuşa geçirmäge goldaw bermäge taýýardyrys diýip, BSGG-niň wekili belledi. Gury ýer, deňiz we howa ugurlarynyň ähli giriş-çykyş bölümlerinde anyk çäreler görülýär. Olar adatdan daşary epidemiýa garşy göreş boýunça toparyň wezipelerini anyk amala aşyrýar. Bellenilişi ýaly, ähli zerur harytlar, şol sanda şahsy gorag, sarp ediş we koronawirus ýokanjyna garşy göreş üçin beýleki zerur çäreler yzygiderli geçirilýär. Milli we beýleki derejelerdäki barlaghanalar bu howply ýokanç keseliň ýüze çykmagynyň öňüni almaga ukyplydyklary bilen tapawutlanýar. Türkmenistana saparynyň jemlerini jemläp, BSGG-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy birnäçe wajyp teklipleri öňe sürdi. BSGG Türkmenistanda goşmaça kabul edilen çärelere esaslanyp, Hökümetiň ýokanç keseliň ýurda aralaşmagynyň öňüni almak we onuň ýaýramak mümkinçiliklerini aradan aýyrmak boýunça ähli zerur çärelerini güýçlendirmeli. Şu maksat bilen, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň işini berkitmek we jogap çärelerini taýýarlamak hem-de ilatyň arasynda bu howply keseliň geçmek ýolunyň öňüni almak üçin mümkinçilikleri güýçlendirmek çäreleri teklip edildi. Munuň özi keseliň ýüze çykan halatynda degişli karantin çärelerini görmek zerurlygyndan, kesellän adamlaryň beýlekiler bilen gatnaşykda bolmazlygyna gözegçilik etmekden we kesellänlere doly bejeriş işlerini geçirmekden ybaratdyr. Jemgyýetçilik bilen gatnaşygy güýçlendirmek, epidemiýa garşy göreş boýunça toparyň kabul edýän ähli çözgütlerini ilatyň arasynda wagyz etmek meseleleri boýunça anyk teklipler öňe sürüldi. Şeýle hem СOVID-19 ýokanjy boýunça degişli işleriň saglygy goraýşyň adaty hyzmatlarynyň derejesinde alnyp barylmagy üçin lukmançylygyň ähli ugurlarynda СOVID-19 ýokanjynyň bejeriş ulgamlaryna gözegçiligi ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi. BSGG-niň bilermenleri tarapyndan Türkmenistanyň ýurtda ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak ugrunda şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren ähli işleriniň goldanylýandygy we makullanylýandygy beýan edildi. BSGG mundan beýläk-de jemgyýetçilik saglygy goraýşy üçin howply bolan ýokanç kesele garşy durmak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr. Bu işler biziň gündelik durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen göni ýa-da gytaklaýyn baglanyşyklydyr diýip, Ketrin Smollwud belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekillerine alyp baran sazlaşykly işleri üçin hoşallyk bildirdi. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa öz tarapyndan Türkmenistanyň hökümetine BSGG-niň wekiliýetini çagyrandygy we duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirdi. Şu hepdäniň başynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň girizilmeginiň wajypdygy aýratyn bellenildi. Ýokanç keseliň ählumumy wehimi durmuşyň iki sany wajyp ugruna ýaramaz täsir edýär: şolaryň biri ilatyň saglygyna, beýlekisi bolsa ýurduň durmuş-ykdysady ýagdaýyna täsir edýär. Soňky aýlarda BMG-niň goldaw bermeginde iki esasy milli meýilnama işlenip taýýarlandy we olar ýokary syýasy derejä eýe boldy. BMG-niň Baş sekretarynyň pandemiýadan soňky durnukly dikeldiş işleri hakyndaky çagyryşyna laýyklykda, birbada ähli ugurlar boýunça işleriň alnyp barylmagy möhümdir. Umumy tagallalaryň esasy wezipeleri durmuşa geçirilende, adam hukuklarynyň berjaý edilmegi wajypdyr. Hut şeýle ýagdaýda biz häzirki döwürde adatdan daşary ýagdaýlary ýeňip geçmegiň has netijeli we toplumlaýyn ugurlaryny tapyp bileris hem-de ertirki sazlaşykly durmuşa gaýdyp geleris. Bu tagallalar degişli görkezmeler boýunça ilat üçin anyk we aýdyň maglumatlary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy belledi. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Türkmenistandaky düzümi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, şeýle hem ähli milli hyzmatdaşlar bilen wekiliýetiň bilermenleri tarapyndan taýýarlanan teklipleri ýerine ýetirmek hem-de ilatyň arasynda üstünlikli amala aşyrylýan meýilnamalaryň çäklerinde zerur çäreleri geçirmek boýunça ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny ynandyrdy. Bu meseleleriň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylmagynyň dowamynda ozal gazanylan we XXI asyryň wehimi bolan koronawirus ýokanjyna garşy raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, berkidilmegine gönükdirilen ylalaşyklary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmäge taýýardygy nygtaldy.