Baş sahypa
\
Teswirlemeler
Teswirlemeler
18.12 2018
Geçen duşenbe güni, 17-nji dekabrda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen geçiren wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara derejeli pudaklaýyn işewür forumlaryň möhümdigine ünsi çekdi.
29.11 2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 28-nji noýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanyp geçirilen halkara ministrler maslahaty daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi. Olar bu maslahatyň “Lapis Lazuli” (Owganystan —Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) multimodal ulag-üstaşyr geçelgesi babatda bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeldýän ýurdumyzyň ulag düzümleriniň mümkinçilikleriniň belende galmagy boýunça ägirt uly ähmiýete eýedigini bellediler.
01.10 2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatyna gatnaşmagy ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
16.08 2018
Özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesine daýanyp, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmek ugrunda strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň parahatçylyk döredijilikli binýatlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardyklaryny tassyklaýarlar.
13.08 2018
1996-njy ýyl­da Türk­me­nis­tan­da Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça baş­la­nan tas­la­ma­nyň ta­mam­lan­ma­gy hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ta­ry­hy wa­ka öw­rül­di. On­dan has ozal Ha­zar deň­zi­niň tä­ze hal­ka­ra-hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky gep­le­şik­ler 1992-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da Täh­ran­da ge­çi­ri­len Ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň bi­rin­ji mas­la­ha­tyn­da baş­lan­dy.
01.08 2018
Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň we gülläp ösüşiň dabaralanmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryň herekete girizilmeginiň möhümdigini belleýär. Munuň özi Owganystandaky ýagdaýa goldaw bermäge, onuň ykdysadyýetiniň ösüşine, sebitleýin gatnaşyklar ulgamyna täze senagat, ulag we maýa goýum taslamalarynyň çekmek ýaly anyk işlerde öz beýanyny tapýar.
16.07 2018
Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň gör­nüş­le­ri­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň öňün­de goý­ýan esa­sy we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýar.
12.07 2018
Şu ýyl Türkmenistanyň milli intellektual eýeçiligi ulgamyna 25 ýyl dolýar. Häzirki döwürde intellektual eýeçiligiň desgalaryny goramak pudagynda döwlet kadalaşdyrylyşyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken Karary bilen döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçiligi gullugy (mundan beýläk Gulluk) alyp barýar.
10.07 2018
Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, 2018-nji ýylda orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady.
01.07 2018
Ozal habar berlişi ýaly, şu aýda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki syýasy forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 28-nji iýunda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň wekiliýetiniň öňde boljak foruma gatnaşmagyna görülýän taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu forum BMG-ä agza döwletleriň 193-sini we halkara guramalaryň 50-den gowragyny özünde jemleýär.
27 sahypa
Soňky habarlar
19.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
19.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
19.09
Täze etraplaryň häkimlikleri döredildi
19.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.” we “Gap Inşaat Yatirim ve Diş Tiсaret Anonim Şirketi” kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
19.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine