Baş sahypa
\
Teswirlemeler
Teswirlemeler
01.08 2018
Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň we gülläp ösüşiň dabaralanmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryň herekete girizilmeginiň möhümdigini belleýär. Munuň özi Owganystandaky ýagdaýa goldaw bermäge, onuň ykdysadyýetiniň ösüşine, sebitleýin gatnaşyklar ulgamyna täze senagat, ulag we maýa goýum taslamalarynyň çekmek ýaly anyk işlerde öz beýanyny tapýar.
16.07 2018
Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň gör­nüş­le­ri­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň öňün­de goý­ýan esa­sy we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýar.
12.07 2018
Şu ýyl Türkmenistanyň milli intellektual eýeçiligi ulgamyna 25 ýyl dolýar. Häzirki döwürde intellektual eýeçiligiň desgalaryny goramak pudagynda döwlet kadalaşdyrylyşyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken Karary bilen döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçiligi gullugy (mundan beýläk Gulluk) alyp barýar.
10.07 2018
Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, 2018-nji ýylda orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady.
01.07 2018
Ozal habar berlişi ýaly, şu aýda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki syýasy forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 28-nji iýunda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň wekiliýetiniň öňde boljak foruma gatnaşmagyna görülýän taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu forum BMG-ä agza döwletleriň 193-sini we halkara guramalaryň 50-den gowragyny özünde jemleýär.
13.04 2018
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýene iki Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde ynsanperwerlik ýörelgelerini berkitmek başlangyçlarynyň, onuň döredijilik we parahatçylyk söýüji mümkinçilikleriniň giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrdy.
10.04 2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, mart aýynda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen geçirilen köp sanly çäreler milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň we işjeňliginiň aýdyň subutnamasy boldy.
28.02 2018
Jem­gy­ýet­de sag­dyn we iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­ni mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri hök­mün­de jar ed­ýän mil­li Li­de­ri­miz spor­tuň at­çy­lyk, we­lo­si­ped we aw­to­mo­bil spor­ty, yl­gaw, ten­nis hem-de beý­le­ki dür­li gör­nüş­le­ri bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­la­nyp, äh­li wa­tan­daş­la­ry­my­za, oza­ly bi­len hem ýaş­la­ra nus­ga bol­ýar. Öz döw­let iş­le­ri­niň köp­dü­gi­ne ga­ra­maz­dan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz her gün ýo­ka­ry us­sat­ly­gy gör­ke­zip, be­den maşk­la­ry we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga wagt tap­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz yzy­gi­der­li tür­gen­le­şi­giň ada­my di­ňe be­den taý­dan tap­la­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, on­da güýç­li erk­li­li­gi, düz­gün-ny­zam­ly­ly­gy, zäh­me­te söý­gi­ni we mak­sa­daok­gun­ly­ly­gy ter­bi­ýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär.
27.02 2018
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 2019-2020-nji ýyllar döwür üçin Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) içerki ulag boýunça komitetiniň düzümine saýlanyldy. Bu habar BMG-niň Ženewadaky (Şweýsariýa) bölüminden gelip gowuşdy. Şol ýerde 20-23-nji fewralda abraýly hökümetara guramasynyň nobatdaky–80-nji mejlisi geçirilip, onuň işine türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
02.01 2018
“Biz 2018-nji ýyla «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip at berdik. Ata Watanymyz üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda aýtdy.
25 sahypa
Soňky habarlar
21.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 130 müň dollaryndan gowrak boldy
20.04
Parahatçylyk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerip
19.04
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşdy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
17.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar