Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ýanwar — 2022: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
Ýanwar — 2022: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 16.02.2022
894

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda häzirki döwrüň meselelerini çözmekde, ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy, sebit we halkara derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi üpjün etmekde amatly şertleri döretmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Döwletimiz dünýä bileleşiginiň bu babatdaky tagallalaryna işjeň gatnaşyp, parahatçylyk döredijilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýoly bilen ynamly hem-de üstünlikli ilerleýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän 2022-nji ýylyň ilkinji aýy hem bu babatda bellärliklidir. Şu geçen döwürde möhüm wakalaryň hatarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlardyr sergiler bar.

Garaşsyz Türkmenistan “Açyk gapylar” syýasatyna eýermek bilen, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlar, ilkinji nobatda bolsa, sebit boýunça goňşy döwletler bilen hemmetaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeň ösdürýär.

8-9-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde iş saparynda boldy hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, duşuşyklary geçirdi.

Iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy kabul etdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyza hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkara derejede uly abraý getiren parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Eýran Yslam Respublikasynyň birinji Wise-prezidenti Mohammad Mohber, EYR-nyň Wise-prezidenti Mohsen Rezaýi hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hossein Amir Abdollahiýan bilen bolan duşuşyklarda köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Şonuň ýaly-da, bu dostlukly ýurduň käbir ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň, şol sanda ýol we şäher ösüşi ministri Rostam Gasemi hem-de nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklar türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklady. Şol hyzmatdaşlyk iki döwletiň Baştutanlarynyň özara ynanyşmak syýasaty netijesinde deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda has-da depginli häsiýete eýe bolýar.

Şol bir wagtyň özünde, ýene-de bir türkmen wekiliýeti goňşy Owganystanda boldy hem-de bu dostlukly ýurduň Hökümetinde duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Hususan-da, Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi, daşary işler ministriniň orunbasary Şer Mohammad Abbas Stanikzaý, magdan we nebit önümleri ministri Şahabuddin Delawar, oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministriniň orunbasary Möwläwi Sader Azan bilen duşuşyklar boldy.

Taraplar esasy ulgamlarda bilelikdäki taslamalary depginli güýçlendirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Türkmenistandan Owganystanyň käbir welaýatlaryna demir ýollary çekmegiň gurluşyklaryny ilerletmek boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardygy beýan edildi.

Duşuşyklaryň barşynda Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň goňşy Owganystanda tizden-tiz parahatçylygyň, ylalaşyklylygyň hem-de agzybirligiň berkarar bolmagyna ýardam etmäge taýýardygy ýene bir gezek tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak, serhetüsti awtoulag hem-de demir ýol ulgamlaryny giňeltmek, ynsanperwerlik kömegini bermek, Owganystanyň jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ulgamlaryna goldaw bermek boýunça tabşyryklary esasynda amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň bu ugra ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýetiniň ýanwar aýynda ýurdumyza bolan saparynyň çäginde Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Iki goňşy ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Sebit howpsuzlygy ulgamynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi.

Owgan wekiliýetiniň agzalary ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginde tutýan işjeň ornuna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýangyç-energetika toplumynda, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda sebit hem-de ählumumy derejede umumy maksatlara ýetmäge gönükdirilen iri taslamalaryň möhüm ähmiýetini nygtadylar.

10-njy ýanwarda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýld bilen duşuşyk geçirildi. Onda şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da, taraplar köpugurly hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerinde başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň ähmiýetini bellediler.

11-nji ýanwarda Türki Döwletleriň Guramasynyň daşary işler ministrleriniň sanly ulgam arkaly nobatdan daşary duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň guramanyň agza döwletleriniň ählisi bilen parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin ýakyndan hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Bu bolsa sebitiň ýurtlarynyň ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer taýdan ösüşini kepillendirýär.

Ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, duşuşyklary geçirdi.

Wekiliýetiň ýolbaşçysyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew kabul etdi. Ol özbek tarapynyň ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iki ýurduň arasyndaky dostluk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin aýratyn hoşallyk bildirildi.

Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi, olaryň ynanyşmak we açyklyk häsiýetine eýe bolmagy hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, şol sanda söwda-ykdysady, ulag hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär.

Daşkende iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri S.Umurzakow bilen hem duşuşyk geçirdi.

Iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalar geçirilen gepleşikleriň netijeliligine aýdyň şaýatlyk edýär.

17-nji ýanwarda Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar bar bolan uly mümkinçilikleri göz öňünde tutmak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtap, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň ornuny aýratyn bellediler.

21-nji ýanwarda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Kitaplarda beýan edilýän wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik syýasatyny tutuş aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bütin dünýäde depginli ösýän, syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň baş ugruny durmuşa geçirýän döwlet hökmünde giňden tanalýar.

Maslahatda çykyş edenler «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda neşir edilen täze kitaplaryň şu günki we geljekki nesiller üçin Watanymyzyň häzirki şanly sepgitlerini açyp görkezýän gymmatly miras boljakdygyny bellediler.

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlikde şu ýylyň 22-23-nji martynda Yslamabatda geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji mejlisine taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy şol gün Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda hem nygtaldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge, soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary gysga wagtda durmuşa geçirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.

25-nji ýanwarda Ženewanyň (Şweýsariýa Konfederasiýasy) Halkara barlaglar we ösüş institutynyň binasynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy ýurdumyzyň 2022-nji ýyl we ondan soňky döwür üçin daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan brifing gurady. Bu çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly başlangyjyny wagyz etmek we 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli guraldy.

Maslahata Ženewada ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we abraýly guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Onda 2021-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemlerine, şonuň ýaly-da Türkmenistanda daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm tapgyr bolan iri çärelere aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjy dünýäniň halklarynyň parahatçylyk medeniýetini hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.

26-njy ýanwarda ÝHHG-niň Ykdysady-ekologiýa komitetiniň nobatdaky mejlisinde türkmen wekiliýeti “Türkmenistanyň ykdysadyýet hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda ileri tutýan ugurlary” atly mowzuk boýunça çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, netijeli ykdysady dolandyryş, ulag arkaly özara baglanyşyga hem-de söwda goldaw bermek, şonuň ýaly-da, energetika howpsuzlygyna ýardam etmek ýurdumyzyň ÝHHG bilen ykdysady hem-de ekologiýa babatdaky hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde energetika howpsuzlygy boýunça gatnaşyklary ösdürmegi goldaýandygy, energetika ulgamlaryny goramaga, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän hem-de durnukly çeşmelerini, energiýanyň netijeliligini ilerletmäge aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Şonuň ýaly-da daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini ulanmak, zenanlaryň energetika taslamalaryna gatnaşmagy ýaly meselelere hem garaldy.

26-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimou bilen duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryna, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine garaldy. Diplomatlar ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän her ýylky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň gün tertibi boýunça pikir alyşdylar, şonuň ýaly-da şu ýyl Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmegiň zerurdygyny bellediler.

Şol gün Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de amaly-haşam sungatynyň sergisi öz işine başlady.

Çykyşlarda taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamagyň hem-de dünýäde wagyz etmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Türkmen alabaýlarynyň seçgiçiligini ösdürmek we köpeltmek bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhüm ugrudyr. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi bu ugurda ähmiýetli waka boldy.

Ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňziniň “Dostluk” ýatagynda uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Ylalaşygy işläp taýýarlamak hem-de ylalaşmak boýunça Bilelikdäki iş toparynyň dördünji duşuşygy geçirildi. Onlaýn duşuşykda bilelikdäki işde gazanylan öňegidişlikler bellenildi. Bilermenler toparlaryna mümkin bolan potratçy maýa goýujynyň bähbitlerine degişli resminamalary taýýarlamak hem-de ylalaşmak boýunça işleri çaltlandyrmak tabşyryldy.

27-nji ýanwarda ýurdumyzyň DIM-inde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirildi. Onda taraplar türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara durmuşyň aýry-aýry ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň derejesinde syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, şonuň ýaly-da döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.

Şol gün Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň wideomaslahat görnüşde geçirilen ýedinji mejlisinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmagyň, ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmegiň, özara bähbitli taslamalary bilelikde durmuşa geçirmegiň hasabyna söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

27-nji ýanwarda onlaýn görnüşde Türkmenistanyň we Rumyniýanyň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, ýokary derejede hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.

Şu ýylyň iýulynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygy mynasybetli birnäçe çäreleri, şol sanda onlaýn çykyşlary, “tegelek stol” maslahatlaryny we beýlekileri geçirmek teklip edildi.

28-nji ýanwarda DIM-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň we BMG-niň, şonuň ýaly-da onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi, ýurdumyzyň terrorçylyga garşy göreşiň halkara ulgamyny pugtalandyrmaga, terrorçylyk wehimine, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça halkara tagallalary jebisleşdirmäge berk ygrarlydygy tassyklanyldy.

2011-nji ýylyň Aşgabat Jarnamasynyň hem-de Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy durmak boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň düzgünlerine esaslanyp, sebit hem-de halkara howpsuzlygyň, hususan-da, BMG-niň Terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny sebit derejesinde durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berildi.

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygy, hususan-da, ýurdumyzyň milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky teklipleri bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamasy barada bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar golaýda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň degişli sanawyna girizilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdiler. Munuň diňe bir medeni däl, eýsem, diplomatik ähmiýetli wakadygy nygtaldy. Ol ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk hem-de medeniýet dialogyny berkarar etmäge gönükdirilendir.

Ýanwar aýynyň daşary syýasy wakalary ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de döwrüň wajyp meseleleri boýunça netijeli halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ugry durmuşa geçirmekde yzygiderli we giň gerimli işleri alyp barýandygyny görkezýär.

Soňky habarlar
28.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
28.11
Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde parlament diplomatiýasynyň täze ugry
28.11
Türkmenistanda dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
28.11
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň arasynda nebit we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
27.11
«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara