Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2022-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2022-nji ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 06.07.2022
699

Geçen aý halkara ähmiýetli wakalara baý bolup, onuň dowamynda Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzda we daşary ýurtlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýän möhüm syýasy gepleşikler, işewürlik duşuşyklary, forumlardyr giň gerimli medeni dabaralar, sergiler, maslahatlar we beýleki çäreler guraldy.

4-nji iýunda ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde meýdan şertlerinde okuw maslahatlary, Köneürgenjiň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy ýadygärliklerine gezelençler, daşary ýurtly hünärmenleriň sanly ulgam arkaly çykyşlary guraldy. Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly saklamak hem-de wagyz etmek, Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda, gadymyýetiň binagärlik desgalaryny gorap saklamak, ekologiýa babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy.

5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp geçirilen ylmy-amaly maslahata abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilleri, şol sanda sanly ulgam arkaly BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýada ekologiýa boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň, ÝHHG-niň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler häzirki döwürde ýurdumyzda Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyna we Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ekologik abadançylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, baý tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we olary artdyrmak, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň biodürlüligini köpeltmek, ata Watanymyzy gülläp ösýän ýurda öwürmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny bellediler.

5-nji iýunda Owganystanyň Akina şäherinde “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Demir ýollary guramasynyň arasynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, Akina — Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygyny dowam etdirmek maksady bilen, türkmen hünärmenleriniň Balh welaýatynyň Demir ýollary guramasynyň hem-de beýleki pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy.

7-nji iýunda Halkara Zähmet Maslahatynyň sanly ulgam arkaly geçirilen 110-njy mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekiliýeti mejlise gatnaşyjylara Türkmenistanda zähmet we ilatyň durmuş goraglylygy ulgamynda döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler, ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasynyň esasy we beýleki Konwensiýalaryna goşulyşmagynyň mümkinçilikleri barada habar berdi.

7-8-nji iýunda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Nur-Sultan şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we HHR-iň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Şolaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem iri halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine deglip geçildi. Sebitde we yklymda howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, döwrebap guryýer we deňiz ulag düzümlerini doly derejede ulanmak, energetika, oba hojalygy, senagat taýdan ýakynlaşmak ulgamlarynda bilelikdäki işleri dowam etdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşyklaryň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasy”, Merkezi Aziýa döwletleri bilen HHR-iň arasynda özara baglanyşyk babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Başlangyç, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen HHR-iň arasynda sanly maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk babatda Başlangyç kabul edildi.

8-nji iýunda Türkmenistanyň ulag ulgamynyň hem-de Çehiýa Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygynda ugurdaş pudaklarda hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da, howa we demir ýol ulaglarynda gatnaşyklary ýola goýmak, raýat awiasiýasy ulgamynda hukuk binýadyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

9-njy iýunda ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Uest bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz netijeli başlangyçlary öňe sürmek bilen, bu işe işjeň gatnaşýar. Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmegiň, bu döwlet bilen ykdysady, ynsanperwer ugurly gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

9-10-njy iýunda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde “Ýaş parlamentariler — Arkalaşygyň geljegine garaýyş” atly şygar astynda geçdi. Bu çäre iki şanly senä — GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygyna hem-de onuň çäklerindäki Ýaşlar parlamentara assambleýasynyň 10 ýyllygyna bagyşlandy.

Forumyň çäklerinde plenar mejlisler, strategik mejlisler, pikir alyşmalar, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, ussatlyk sapaklary we beýleki çäreler boldy. Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy, häzirki döwrüň wehimleri hem-de ýaşlaryň jemgyýetçilik diplomatiýasynyň eýeleýän orny, GDA giňişliginde ýaşlaryň parlament düzümleriniň tejribesi hem-de olary ösdürmegiň mümkinçilikleri forumda garalan esasy meseleler boldy.

9-10-njy iýunda Russiýa Federasiýasyna saparynyň dowamynda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary rus kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. Şolaryň jemleri boýunça ugurlaryň giň gerimini öz içine alýan hem-de iki döwletiň söwda-ykdysady, aragatnaşyk, ulag-logistika, oba hojalyk, gurluşyk, ylmy-tehniki, bilim, medeni-durmuş, ynsanperwer, sport we beýleki ulgamlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklaýan 15 resminama gol çekildi.

10-njy iýunda Berlinde Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Germaniýada işleýän diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, ylmy-jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň wajypdygyny, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklaryň ähmiýetini hem-de parlamentara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.

12-13-nji iýunda paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli utgaşykly görnüşde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly iki günlük halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahata görnükli türkmen alymlary hem-de Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlary, şeýle-de sanly ulgam arkaly Azerbaýjanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Litwanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Özbegistanyň ylmy toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumda çykyş edenler ylmy-barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny ösdürmegiň strategik ugry hökmünde sanlylaşdyrmagyň wezipeleri, dürli düzümlerde, şol sanda himiýa senagatynyň kärhanalarynda ulag hereketini dolandyrmakda, ekologik gözegçilik gullugynda, arheologiýada we rejeleýiş işlerinde täzeçil tehnologiýalary peýdalanmak, daşky gurşawy goramaga ylmy esasda çemeleşmek, türkmen programmaçylarynyň işläp taýýarlamalary, nanotehnologiýalar hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ilkinji nobatda, Gün energiýasy boýunça barlag-synag taslamalary, derman senagaty ulgamynda gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, mineral çig maly gaýtadan işlemek ýaly meselelere degip geçdiler.

14-nji iýunda Manama şäherinde Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen nobatdaky syýasy geňeşmelerde abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şeýle hem maýa goýumlary çekmekde we işewürlik maslahatlaryny geçirmekde gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

15-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň başlyklarynyň duşuşygynda ulag, gämigurluşyk, nebithimiýa, dokma senagaty, oba hojalyk, saglygy goraýyş, ylym we bilim ulgamlarynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kazan şäherinde döredilen Türkmen söwda öýüniň işini işjeňleşdirmek, özara saparlary artdyrmak, guralýan çärelere, şol sanda bilelikdäki sergilere, forumlara gatnaşmak, Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

16-njy iýunda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň jogapkär sekretarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy boldy. Onda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärliklerde arheologik barlaglary geçirmekde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi, bu ulgamda Ylmy-barlag merkeziniň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Şol gün Türkmenistanyň we Çehiýanyň söwda-ykdysady toplumynyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly ykdysady ulgamyň hem-de wodorod energetikasy pudagynyň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmegiň, bu ugurlarda tejribe alyşmagyň we çärelere gatnaşmagyň, iki ýurduň işewür toparlarynyň hem-de Söwda-senagat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda, taraplar Maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygyň hem-de Jenaýatçylykly ýollar arkaly alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy durmak bilen baglanyşykly maliýe maglumatlaryny alyşmak ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamalaryna garamak işiniň çaltlandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

16-njy iýunda ýurdumyzyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ikinji sebit sammitine gatnaşdy. Sammitiň gün tertibine ykdysady, ekologiýa we durmuş ulgamlaryna degişli möhüm meseleler girizildi. Türkmen tarapy ýurdumyzyň pandemiýadan soňky döwürde sebitiň döwletleriniň ykdysadyýetlerini dikeltmek maksady bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zerur bolan serişdeleri netijeli ulanmak üçin maliýeleşdirmegi ösdürmek babatda maksatnamalaýyn çäreleriň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýändigini belledi.

20-nji iýunda Wena şäherinde “Türkmenistan — ÝHHG: ulagy we logistikany ösdürmek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygy” atly utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata ÝHHG-niň, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň, hususy pudagyň wekilleri, bilermenler gatnaşdylar. Ýurdumyzyň ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýetiniň Ykdysady we ekologiýa işini utgaşdyryjynyň edarasy hem-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde guran mejlisiniň dowamynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özara gatnaşyklary üpjün etmek, durnukly multimodal geçelgeleri döretmek boýunça syýasy gepleşikleri dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

21-nji iýunda Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkeziň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen möhüm çäreleri amala aşyrmak bilen, hukuk we logistik binýadyny pugtalandyrmagy, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebit merkezi hökmündäki ornuny güýçlendirmegi dowam etdirýändigi bellenildi.

Goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we ösdürmek däbine, türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerilip, Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolan ýertitremesiniň netijesinde ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, azyk önümlerinden, derman we lukmançylyk serişdelerinden, şeýle hem hojalyk harytlaryndan ybarat ynsanperwerlik ýüki Kabul şäherine ýetirildi.

23 — 25-nji iýunda Seul şäherinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli import harytlarynyň sergisi guraldy. Sergä gelenler ýurdumyzyň ekologik taýdan arassa dokma önümlerini — “Nusaý», “Gala”, “Goza”, “Merw”, “Bedew” haryt nyşanly ýokary hilli egin-eşikleri, trikotaž we jins önümlerini, keteni we beýleki matalary, el halylaryny, amaly-haşam sungatynyň eserlerini, şaý-sepleri synlamaga mümkinçilik aldylar.

23-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, sebitde we dünýäde durnuklylygy pugtalandyrmak, terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmak, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmek üçin zerur şertleri döretmek, geljegi uly düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek, senagat taýdan ýakynlaşmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy ugurlar boldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň täze direktory Artur Andrisýak bilen geçirilen duşuşykda energetika, senagat, ulag, söwda, bank we beýleki ulgamlarda, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

23-nji iýunda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda utgaşykly görnüşde “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygynda Beýik Britaniýanyň “GaffneyСline” kompaniýasynyň ýardam bermeginde guraldy. Onda gaýtadan dikeldilýän energetikanyň mümkinçiliklerine hem-de energetika pudagynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, täze döwrüň energetikasyna geçiş döwründe uglewodorod bazarlarynyň ornuna, nebitgaz taslamalaryny maliýeleşdirmekde häzirki döwrüň meýillerine, tebigy serişdelere aýawly çemeleşilmegine, “geljegiň ýangyjy” strategiýasy hökmünde işlenip taýýarlanylýan wodorod önümçiliginiň ýola goýulmagyna aýratyn üns berildi. Çäräniň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara Energetika Agentligi, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty hem-de beýleki ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň 27-nji iýun — 1-nji iýul aralygynda Wýetnama amala aşyran saparynyň çäklerinde ýurduň daşary işler ministriniň birinji orunbasary, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Gurluşyk hem-de Senagat we söwda ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar, Türkmen-wýetnam işewürlik maslahaty geçirildi. Olarda halkara guramalaryň çäklerinde özara goldawyň wajypdygy nygtaldy. Taraplar Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, syýasy, söwda-ykdysady, şähergurluşyk, ylym-bilim, medeni, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

28-nji iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen altynjy Hazar sammitine taýýarlyk görmek, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygyň käbir ugurlaryna, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de möhüm halkara meselelere garadylar.

Mahlasy, şu synymyzda beýan edilen iýun aýynyň halkara ähmiýetli möhüm wakalary ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan beýik maksatlary hem-de wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alyp baran giň gerimli işleriniň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasy boldy. Bularyň ählisi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bedew batly ösüşler bilen mundan beýläk-de ynamly öňe gitmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
11.08
2022-nji ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.08
Harby-Deňiz Güýçleri eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda
09.08
Halkymyzyň abadançylygynyň we ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine
08.08
Türkmenistanyň Prezidenti Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.08
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
08.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 158 müň dollaryndan gowrak boldy