Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2022-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2022-nji ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 09.06.2022
1650

Geçen aýyň köp sanly halkara derejedäki çäreleri — syýasy geňeşmeler, işewür gepleşikler, forumlardyr sergiler ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmak üçin meýdança bolmak bilen, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bu ugurda alyp baran işlerini aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrýan giň gerimli işleri ýardam berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyklar aýry-aýry döwletler bilen bolşy ýaly, abraýly halkara we sebit guramalary bilen hem dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berip, ata Watanymyzyň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini has-da artdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, maý aýynyň başynda Seul şäherinde sanly ulgam arkaly geçirilen XV Bütindünýä tokaý kongresine türkmen wekiliýetiniň gatnaşandygyny bellemek gerek. Forumyň çäklerinde guralan “Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýokary derejeli duşuşyk” atly plenar mejlisiň dowamynda daşky gurşawy goramagyň Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Ähli ulgamlara “ýaşyl” ykdysadyýetiň ýörelgelerini we tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada çykyşlar diňlenildi.

3-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Çykyşlarda täze edebi-filosofik eserde esasy ahlak ýörelgeleriniň şöhlelendirilýändigi bellenildi. Bu ýörelgeleriň häzirki günde-de wajyp bolmagy milli däplerimiziň we ruhy kadalarymyzyň dowamat-dowam bolýandygyny subut edýär.

4-nji maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşyklarynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklara hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Duşuşygyň dowamynda hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirildi.

6-njy maýda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň duşuşygynda özara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Ýewropa Bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag ulgamlary, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzyň ilçihanasy tarapyndan 9-njy maýda Yslamabat şäherinde Pakistanyň Parahatçylyk we diplomatik ylmy-barlag instituty bilen bilelikde “Türkmen-pakistan gatnaşyklaryna 30 ýyl — öňe tarap ýol” atly okuw maslahaty geçirildi.

10-njy maýda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparyň hem-de BMG-niň ýurt boýunça toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Onda adam hukuklaryny goramak, raýat jemgyýetini pugtalandyrmak, şahsyýetiň, döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça meýilnamalary amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri hem-de beýleki halkara guramalar bilen ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda, adam hukuklaryny, şol sanda mümkinçilikleri çäkli adamlaryň hukuklaryny, gender deňligini üpjün etmekde enäniň we çaganyň saglygyny goramakda, ýaşlar syýasaty ulgamynda, daşky gurşawy goramakda bilelikdäki maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. Şeýle-de mejlisde adam hukuklaryny we halkara ynsanperwer hukugyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, bu ugurda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň degişli Konwensiýalara we olaryň fakultatiw teswirnamalaryna goşulmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

10-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny dürli ugurlarda, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi.

11-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomali bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

12-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Forumyň dowamynda netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygyň, döwletleriňdir halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolan parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ekologik meseleleri çözmek we daşky gurşawy goramak, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ilerletmek, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda, şeýle-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň arasynda ikitaraplaýyn Ylalaşyklara gol çekildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça jemleýji resminama — Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytow, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşiniň başlygy Eldar Allahýar ogly Guliýew bilen duşuşyklary boldy. Olaryň dowamynda taraplar netijeli hyzmatdaşlygy, ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

13-nji maýda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy sebit hyzmatdaşlygyny hem-de birek-birege ynanyşmagy pugtalandyrmaga, gender deňligini ilerletmek üçin hökümetlere ýardam bermäge, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge, syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryndaky möhüm meseleleriň çözgütleriniň kabul edilmeginde olaryň ornuny işjeňleşdirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açdy.

Forumyň jemleri boýunça Jarnama kabul edildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň Düzgünnamasyna hem-de özünde dürli derejedäki çäreleri jemleýän 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi. Bu çäreleri Türkmenistanda we dialoga gatnaşyjy beýleki ýurtlarda geçirmek göz öňünde tutulýar.

13-nji maýda Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda Merkezi Aziýany XXI asyrda ösdürmek maksady bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk baradaky Şertnamanyň taslamasy boýunça pikir alşyldy.

Şol gün Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, kiber we biologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda ýakyn geljek üçin GDA-nyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi, birnäçe bilelikdäki taslamalara garaldy.

15-nji maýda ýurdumyzyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň diplomatik gullugynyň baş direktory hanym Kerol Peres hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisiniň birinji orunbasary Din Tompson bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ulgamlarda ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassyklap, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit ähmiýetli meselelere degip geçdiler. Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljegi hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

16-njy maýda BAE-niň daşary işler hem-de halkara hyzmatdaşlyk döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeg bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň, şeýle-de halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi nygtaldy. Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu komitetiň işi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, dokma senagatynda, maýa goýum, nebitgaz, energetika, ekologiýa, azyk howpsuzlygy, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär.

16-njy maýda Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy Türkmen-awstriýa jemgyýeti bilen bilelikde iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň ganaty” atly halkara maslahaty gurady. Maslahata gatnaşyjylar bu duşuşygyň Ýewropa ýurtlaryndan we beýleki ýurtlardan atşynaslar üçin arassa tohum atlaryny ýetişdirmek boýunça pikir alyşmakda möhümdigini bellediler. Şeýle hem “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly meselä deglip geçildi.

16-njy maýda Brýussel şäherinde türkmen wekiliýeti Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary jenap Kunio Mikuriýa, Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary jenap Gi Lens, şeýle hem Ýewropanyň daşary gatnaşyklar gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, sebit hyzmatdaşlygy hem-de ÝHHG boýunça dolandyryjy direktory Maýkl Zibert bilen duşuşyklary boldy. Olaryň dowamynda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabatda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň sebitleýin okuw merkezini açmak, gümrük amallaryny sanly ulgama geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek, energiýa serişdeleriniň halkara üstaşyr geçirilmegi üçin hukuk çäklerini döretmek, energiýa netijeliligi, ulag, daşky gurşawy goramak, bilim we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

16 — 20-nji maýda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Jenaýatçylygyň öňüni almak hem-de jenaýat adyl kazyýetlilik boýunça komissiýasynyň Wena şäherinde utgaşykly görnüşde geçirilen 31-nji mejlisine gatnaşdy. Ýurdumyzyň wekilleri çärä gatnaşyjylar bilen jenaýatçylyga hem-de beýleki umumy wehimlere garşy durmagyň dürli ugurlary boýunça tejribe alyşdylar. Syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” dialogynyň 17-nji maýda Brýussel şäherinde geçirilen mejlisiniň gün tertibine Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşine howp salýan ählumumy wehimler babatda möhüm meseleler girizildi. Ýurdumyzyň wekilleri Türkmenistanyň dünýä syýasatynda jedelli meseleleri hem-de gapma-garşylykly ýagdaýlary çözmek boýunça syýasy-diplomatik tagallalary goldamak üçin Bitaraplyk syýasatynyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmagy dowam etdirýändigini bellediler.

Şol gün ýurdumyzyň daşary işler ministriniň Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ý.D.Grigorýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem rus kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çägindäki düzümleýin gurluşyk taslamalaryna gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

17-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Çärede çykyş edenler bu kitabyň rus diline terjime edilmegi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistany has ýakyndan tanamaga, türkmen halkynyň taryhy, onuň milli medeni özboluşlylygy, däp-dessurlary hem-de durmuş ýörelgeleri bilen has içgin tanyşmaga, türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan saldamly goşandynyň ähmiýetine çuňňur düşünmäge mümkinçilik alandygyny nygtadylar.

19-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyrdy we şol ýerde hormatly myhman hökmünde Wolga Bulgariýasynyň yslamy kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere, “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine, “Russiýa — yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň her ýylda geçirilýän mejlisine gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow, Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Tatarystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» atly orden gowşuryldy.

22-nji maýda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň direktory doktor Hans Klýugeniň gatnaşmagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň duşuşygynda Merkezi Aziýa sebitinde “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ilerletmek, Merkezi Aziýada saglygy we abadançylygy goldamak boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» bilen bagly meselelere garaldy.

23-nji maýda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Izabel Ginel bilen duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we maýa goýum ulgamlarynda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ähli ugurlarda, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa, durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy.

23-24-nji maýda ýurdumyzyň wekiliýeti Tähran şäherinde YHG-nyň Sekretariatynyň sebitde özgertmeleri amala aşyrmakda hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze çözgütleri işläp düzmek boýunça mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda sebitde söwdany ösdürmek, agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere garaldy.

Mejlisiň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk — Günorta geçelgesi boýunça ýük gatnawlary, nebiti, gazy we elektrik energiýasyny üstaşyr geçirmek, sebit ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek babatda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy nygtaldy.

23-24-nji maýda türkmen wekiliýeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Polşanyň Lodz şäherinde geçirilen Ykdysady-ekologiýa forumynyň 2-nji taýýarlyk mejlisine gatnaşdy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty Hazar deňziniň ulag halkasy hökmünde möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝHHG bilen söwdany, «ýaşyl» portlary hem-de ulag gatnawlaryny ösdürmek, suw serişdelerini dolandyrmak, energetika howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak ulgamlarynda işjeň gatnaşyk saklaýandygy nygtaldy.

24-nji maýda Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki ýolbaşçy hem-de utgaşdyryjy komitetiň mejlisi geçirildi. Mejlisde bu maksatnamany durmuşa geçirmekde ýetilen sepgitler, 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny maliýeleşdirmegiň meýilnamasynyň hem-de serişdeleri herekete getirmek we hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň ýerine ýetirilişi, Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmak hem-de olara uýgunlaşmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde 2022-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

25-nji maýda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de onuň ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleriniň işjeň ulanylmagyna bagyşlanan utgaşykly görnüşli brifing geçirdiler. Nygtalyşy ýaly, şu gezekki duşuşyk milli teleradioýaýlymlaryň, çaphana we elektron neşirleriň wekillerine netijeli wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmäge, ýokanç keselleriň öňüni almak, hususan-da, sanjym geçirmek, şahsy arassaçylyk baradaky zerur maglumatlary sada we düşnükli dilde ilata ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Riz, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen duşuşyklarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.

Taraplar ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini, dürli maksatly desgalaryň hem-de ulag düzümleriniň gurluşygynda hyzmatdaşlygyň uly kuwwatynyň bardygyny nygtap, düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çözgütleri işjeň ornaşdyrmaga, daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini çekmäge, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan täze bilelikdäki taslamalary ilerletmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

25-26-njy maýda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi paýtagtymyzyň şähergurluşyk ulgamynda ýeten sepgitlerini, şeýle hem bu ulgamda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny açyp görkezdi.

26-njy maýda BMG-niň Wena şäherindäki edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory Gerd Mýuller bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, hususan-da, wodorod energetikasy babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine deglip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝUNIDO-nyň hereket edýän çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin “ýaşyl” başlangyçlar ulgamynda iri ykdysady taslamalara aýratyn uly üns berýändigi nygtaldy.

29-njy maýda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Arşyň nepisligi — türkmen halysy” atly halyşynaslaryň Bütindünýä jemgyýetiniň ХХII mejlisinde haly dokamak senediniň gelip çykyşy, bu gadymy milli sungatymyzyň däplerini gorap saklamak hem-de wagyz etmek, pudaga täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak baradaky çykyşlar diňlenildi.

Çykyş edenler — dünýäniň iri muzeýleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, alymlar, sungaty öwrenijiler, işewürler, sungat eserlerini toplaýjylar türkmen halyçylyk sungatynyň umumadamzat gymmatlygynyň hatarynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky hökümetara komitetiniň 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen 14-nji mejlisinde türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň milli gymmatlyga berilýän ýokary bahadygyny nygtadylar.

31-nji maýda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekiliniň Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň Baş direktory Daren Tang bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem ýöriteleşdirilen halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy hem-de Ýewraziýa patent guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Merkezi Aziýanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň ýörite wekilleriniň owgan meselesi boýunça Almaty şäherinde geçirilen nobatdaky duşuşygynda owgan meselesini parahatçylykly ýol bilen çözmek boýunça halkara we sebit tagallalaryny birleşdirmek, Owganystany sebitde goşulyşmak işlerine çekmek, ýurdy ykdysady taýdan dikeltmek, onuň çäklerinde dürli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň netijeleri boýunça bu görnüşdäki duşuşygy yzygiderli esasda geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy hem-de Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Mahlasy, geçen aýyň “Açyk gapylar” syýasaty bilen bagly möhüm wakalary döwletimiziň dünýäde durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýasyna üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow