Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2022-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen
Teswirlemeler
2022-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen
Çap edildi 21.04.2022
839

Geçen aýda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler we beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Şol strategiýa ählumumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. «Açyk gapylar» syýasaty bilen baglylykda geçirilen bu çäreleriň ählisi ata Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny açmaga, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — aýry-aýry döwletlerdir iri halkara we sebit guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ýardam etdi.

1-2-nji martda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynyň barşynda dünýäde we sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ählumumy howplara — terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmäge aýratyn üns berildi. Bu çärä ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Lu, iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Şunda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ekologiýa ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns çekildi. Energetika we ulag ulgamlarynda milli hem-de halkara düzümleýin taslamalary amala aşyrmakda, Türkmenistanda ylym bilen baglanyşykly we innowasion önümçilikleri ösdürmäge amerikan maýa goýumlarynydyr tehnologiýalaryny çekmekde uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

3-nji martda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-ä agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ösüşi kepillendirmekde dialogyň orny” atly dabaraly duşuşyk geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň Aşgabatda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Nygtalyşy ýaly, bu waka möhüm ähmiýetli başlangyçlaryň başyny başlady, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etdi.

Bu şanly senä gabatlanan çäreleriň çäklerinde Maslahatlar merkezinde ikitaraplaýyn resminamalara, hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we olarda hereket etmegi utgaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasyndaky Bilelikdäki hereketleriň 2022-nji ýyl üçin meýilnamasyna; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek atly Taslama resminamasyna üýtgetmelere; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda “Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” atly taslama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň arasynda “Türkmenistanda gidrohlor-ftor-uglerody (GHFU) dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak meýilnamasyny ýerine ýetirmek (II tapgyr)” atly taslama, “Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar baradaky Monreal Teswirnamasynyň ýerine ýetirilmegini institusional taýdan berkitmek (V tapgyr)” atly taslama gol çekmek dabarasy boldy.

13-nji martda paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasynda daşary döwletleriň hem-de ýurdumyzyň iri habarlar agentlikleriniň, elektron we metbugat neşirleriniň, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylarynyň, halkara synçylaryň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi.

Nygtalyşy ýaly, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä saýlawçylaryň 97,17 göterimi gatnaşdy. Munuň özi halkymyzyň ýokary raýatlyk işjeňliginiň hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere gönüden-göni gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly abraýly düzümlere wekilçilik edýän halkara synçylaryň şol gün geçiren brifinglerine milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, merkezi saýlaw toparynyň agzalary gatnaşdylar. Çäreleriň çäklerinde Prezident saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyna syn etmegiň netijeleri beýan edildi. Saýlaw möwsüminiň ýurdumyzda demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolandygy aýratyn bellenildi.

14 — 18-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň utgaşykly görnüşde geçirilen nobatdaky 65-nji mejlisine gatnaşdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz bu ulgamda halkara we sebit hyzmatdaşlygyny işjeň ilerletmek bilen, Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de garyşyk meseleler boýunça kiçi toparyň 55-nji mejlisini şu ýylyň noýabr aýynda geçirmegi göz öňünde tutýar.

14-nji we 16-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iňlis we rus dillerinde neşir edilen “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitabynyň hem-de “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Olara ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar hem-de talyplar gatnaşdylar. Çykyşlarda agzalan eserlerde daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar, halkymyzyň köpasyrlyk däpleri, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary baradaky pikirleriň jemlenendigi nygtaldy.

15-nji martda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi geçen aýyň şanly wakalarynyň biri boldy. Bu resminamanyň awtordaşlary bolup 62 döwlet çykyş etdi. Munuň özi Türkmenistanyň halkymyzyň saglygyny berkitmek, dünýä derejesinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn ýaşlary kemala getirmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek meselelerine jogapkärli çemeleşýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Şol mejlisde Türkmenistan 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna saýlandy. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrdy.

17-nji martda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasy Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ilçihanalary hem-de ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanalar bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň howandarlygynda Halkara Nowruz gününe gabatlap, medeni çäre gurady. Onuň çäklerinde baýramçylyk konserti boldy, milli tagamlar hödürlenildi we sergi geçirildi.

22-23-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Musulman ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “Agzybirligiň, adalatlylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň guralmagy” şygary astynda geçen her ýylky duşuşygynda türkmen tarapy döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna beren goldawy, YHG-nyň synçylarynyň saýlaw möwsümine syn etmäge işjeň gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň teklibi boýunça “YHG sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda Bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnama kabul edildi. Bu Kararnamada döwletimiziň ählumumy başlangyçlaryny ilerletmek, halkara gatnaşyklaryň “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly täze filosofiýasyny kemala getirmek baradaky teklipleri goldanylýar. Şol filosofiýa halklaryň parahatçylykly we özara ynanyşmak ýagdaýynda ýaşamak, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetini hemmetaraplaýyn berkarar etmek däplerini pugtalandyrmakda Milletler Bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.

24-nji martda Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde sanly ulgam arkaly BMG-niň «COP-26» diýlip atlandyrylan maslahatynyň 2021-nji ýylda howanyň üýtgemegi boýunça gazanan netijelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Forumda bellenilişi ýaly, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak babatda döwletimiz tarapyndan möhüm kanunlaryň, maksatnamalaryň we strategiýalaryň birnäçesi kabul edildi.

25-nji martda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek baradaky Hökümet toparynyň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, BSG-niň Sekretariatynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň BSG-niň ýanyndaky hemişelik wekili hem-de garaşsyz bilermenler gatnaşdylar.

Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagyna hem-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde söwda işlerini ýeňilleşdirmäge bagyşlanan maslahat beriş duşuşygy guraldy. Onda Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändigi bellenildi.

28-29-njy martda türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen dabaraly mejlisine gatnaşdy. Bu mejlis GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Çykyşlaryň esasy ugurlary geçen ýyllaryň dowamynda assambleýanyň alyp baran işleri bilen bagly boldy.

28-nji martda Daşary işler ministrliginde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegine hem-de Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna saýlanmagyna bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şol gün “Türkmendemirýollary” agentliginiň, Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň hem-de “KORAIL” milli demir ýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygynda Türkmenistanyň esasy ulag ýollaryny birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Serhetabat — Turgundy, Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýol geçelgeleriniň, ýokary tizlikli ýollaryň, howa menzilleriniň we deňiz portlarynyň gurulmagynyň we ösdürilmeginiň ýurdumyzyň hem-de sebitiň döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi.

28-29-njy martda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan utgaşykly görnüşdäki okuw maslahatynyň barşynda sebitde ykdysady taýdan ýakynlaşmagy pugtalandyrmak we ulag kuwwatyny artdyrmak, ulaglaryň ähli görnüşlerinden netijeli peýdalanmak boýunça strategiýa bilen tanyşdyryldy.

29-30-njy martda utgaşykly görnüşde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Bu forum “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde “Gaffney Сline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.

Forumyň maksady energetika ulgamynda durnukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybarat boldy. Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň hem-de olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda geljekki gatnaşyklaryň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

30-31-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Tunsi şäherinde geçirilen üçünji duşuşygyna gatnaşdy. Bu duşuşyga ýurdumyz tarapyndan Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, bu döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmäge utgaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň mümkinçiligi hökmünde garaldy.

Bellenilişi ýaly, Owganystanyň gatnaşmagynda halkara düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurulmagy, Türkmenistandan Owganystana hem-de Pakistana elektrik geçiriji ulgamyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi, Türkmenistandan Owganystana demir ýollaryň gurulmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

30-njy martda Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň ministrler duşuşygyna gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň, Owganystanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak, hususan-da, haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara meselelere, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen bilen sanly ulgam arkaly geçirilen gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik ulgamda hem-de gaz pudagy, söwda, ulag-kommunikasiýalar, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depgini bellenildi. Taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen anyk teklipleriň birnäçesini beýan etdiler.

Şeýlelikde, geçen aýyň wakalarynyň syny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanýan täze üstünliklerini aýdyňlyk bilen görkezdi. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, aýry-aýry döwletler hem-de abraýly guramalardyr sebit düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürýär hem-de pugtalandyrýar.

Soňky habarlar
28.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
28.11
Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde parlament diplomatiýasynyň täze ugry
28.11
Türkmenistanda dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
28.11
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň arasynda nebit we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär
27.11
«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara