18.06
2015
Aşgabat, 18-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň häkimleri, käbir düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, milli senenamamyzyň şanly senelerini mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çärelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.
17.06
2015
Ýurdumyzyň durmuşynda boljak şanly seneleriň öň ýanynda bize ilkinji gezek çapdan çykjak aýratyn neşirler hem garaşýar. Bular, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamyndan çykan täze kitaplardyr.
17.06
2015
Aşgabat, 17-nji iýun (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda “Migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda halkara hyzmatdaşlyk” atly sebit maslahaty öz işine başlady.
16.06
2015
Aşgabat, 16-njy iýun (TDH) . Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Haled ben Muhammed Al Atiýýa bilen duşuşyk geçirildi.
13.06
2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň duşuşygy
Aşgabat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň arasynda gepleşikler geçirildi.
12.06
2015
Şu gün – 13-nji iýunda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Pan Gi Munuň arasynda duşuşyk bolar.
12.06
2015
Baku,12-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Baku-2015” I Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
11.06
2015
Şu hepdede Sýurihde söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewür aragatnaşyklary hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilen iki günlük Türkmen-şweýsar işewürlik maslahaty geçirildi.
11.06
2015
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Baku şäherine ugraýar, döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewyň çagyrmagy boýunça hormatly myhman hökmünde “Baku — 2015” ilkinji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.
11.06
2015
Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.