Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
29.06 2015
Aşgabat, 29-njy iýun /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
27.06 2015
Türkmenabat, 27-nji iýun /TDH/. Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Daýşiro Ýamagiwa bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabatda geçiriljek türkmen-ýapon işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.
27.06 2015
Türkmenabat, 27-nji iýun (TDH). Amyderýanyň kenarynda festiwal öwüşginlerine beslenen Medeniýet hepdeligi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy—şu gün bu ýerde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenildi.
27.06 2015
Türkmenabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary çagyryldy.
26.06 2015
Lebap welaýaty, 26-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Amyderýa jülgesindäki täze desgalaryň – Serdarabat etrabyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, Garabekewül etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhananyň açylyş dabaralaryna, şeýle hem Türkmenabat şäherindäki täze metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
25.06 2015
Lebap welaýaty, 25-nji iýun /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitine başlanan iş saparynyň barşynda Amyderýa jülgesiniň möhüm durmuş-ykdysady ulgamynyň desgalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, täze iri senagat we ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
24.06 2015
Mary, 24-nji iýun (TDH) Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow elektroenergetika pudagynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan täze iri maýa goýum taslamasy – ýurdumyzda ilkinji utgaşdyrylan bug gaz elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň taslamasy bilen tanyşdy.
23.06 2015
Mary welaýaty, 23-nji iýun /TDH/. Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň täze desgasy bolan--Sakarçäge etrabynda gurlan we ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen pagta arassalaýjy kärhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
22.06 2015
Aşgabat—Mary, 22 –nji iýun (TDH). Şu Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady.
19.06 2015
Aşgabat, 19-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
834 sahypa
Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara