Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Sýurihde Türkmen-şweýsar işewürlik maslahaty geçirildi
Syýasy habarlar
Sýurihde Türkmen-şweýsar işewürlik maslahaty geçirildi
Çap edildi 11.06.2015
1167

Şu hepdede Sýurihde söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewür aragatnaşyklary hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilen iki günlük Türkmen-şweýsar işewürlik maslahaty geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Şweýsar tarapyndan döwlet düzümleriniň hem-de nebitgaz, elektroenergetika, gurluşyk-binagärlik, maşyngurluşyk, demir ýol pudaklarynda, maglumat-tehnologiýalar, halkara ýük daşamak, azyk senagaty ulgamlarynda işleýän 30 töweregi kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda şweýsar kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, geljegi uly türkmen bazarynda bolmagyny giňeltmäge, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň halkara goldawyna eýe bolan iri möçberli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga ýokary gyzyklanmalary nygtaldy. Maslahatda esasan Türkmenistanyň senagatyna öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak, düzümleýin we gaýtadan işleýän ulgamlarda özara gatnaşyk etmek ýaly meselelere garaldy. Şol meseleler ikitaraplaýyn duşuşyklarda anyklaşdyrylyp, teklipler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, dokma senagatynda, gurluşykda, azyk senagatynda, ylmy-amaly barlaglarda we beýlekilerde täze tehnologik çözgütler hem-de hyzmatlar hakynda gürrüň edildi. Şweýsariýanyň mehanika we elektrotehnika senagaty assosiasiýasynyň, “ABB Schweiz” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşykda özara hereket etmegiň täze mümkinçiliklerine garaldy. Olar transformator podstansiýalaryny taslamak we gurmak boýunça hyzmatlaryny teklip etdiler. “Genomed” kompaniýasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen gen inženeriýasy ulgamynda, has takygy, gen keselleriniň irki ýüze çykarylyşy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdi. Köpri gurluşygynda “Magebanyň” önümi bolan seýsmodurnukly metal gurnamalary peýdalanmagyň, awtomobil we demir ýollaryny, uçuş-gonuş zolaklaryny, ýerasty geçelgeleri, suw böwetlerini, köprüleri (“Walo” kompaniýasy) bina etmekde tehnologik taýdan gatnaşyk etmegiň mümkinçilikleri, halkara ýük daşalyşyny guramak (“Asstra Associated Traffic AG”), ýörite tehnikany we kompressor enjamlaryny, şol sanda suwasty, nebitgaz senagaty üçin (“MAN Diesel & Turbo Shweiz AG”) enjamlary getirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Stadler” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşykda ýurdumyzyň demir ýol binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň Bussnag we Wintertur şäherlerindäki zawodlarynda türkmen hünärmenleri dizel elektrik otlularynyň gurluşy hem-de olary peýdalanmagyň artykmaçlyklary bilen tanyşdylar. Azyk senagaty pudagynyň ugry boýunça geçirilen gepleşiklerde şweýsar işewürleri hem-de maýadarlary ýurdumyzda bina edilmegi meýilleşdirilen süýji-köke öndürjek fabrigiň we azyk önümlerini çykarýan beýleki kärhanalaryň önümçiliklerini bina etmäge we guramaga, şeýle hem önümleri ýewropa bazarlaryna çykarmaga gatnaşmaga çagyryldy. Maslahatyň çäklerinde käbir şweýsar kärhanalaryna saparlar guraldy. Şol kärhanalaryň hatarynda nebitgaz pudagynda ýöriteleşýän “Burckhardt Compression” hem-de “Sulzer Chemtech” kompaniýalary, awtomobil we demir ýollaryny, ýerasty desgalaryny gurmakda ýöriteleşen “Walo Bertschinger”, Ýewropanyň öňdebaryjy, dizel-generator enjamlaryny we beýleki abzallary çykarýan “MAN Diesel & Turbo Shweiz AG” kompaniýalarynyň önümçilikleri bar. Türkmen hünärmenleri olaryň tehnologiýa ugurlary bilen tanyşdylar, ylmy-barlag merkezlerine baryp gördüler hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen täjirçilik tekliplerini ara alyp maslahatlaşdylar. Işewür duşuşygy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Şweýsariýa — Russiýa — GDA bilelikdäki Söwda edarasy, şeýle hem Sýurihiň Söwda-senagat edarasy we Şweýsariýanyň paýtagtynyň häkimligi tarapyndan guraldy.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow