Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
09.06 2015
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň netijeliliginiň ählumumy ykrar edilmegi bilen şertlendirilen Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagy we onuň dünýäniň syýasy giňişligindäki ornunyň berkidilmegi ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňünde ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine doly möçberli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak ugruny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda goýlan wezipeleri çalt ýerine ýetirmek üçin olaryň işini işjeňleşdirmegi talap edýär.
09.06 2015
Aşgabat, 9-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz we onuň töweregi boýunça dikuçarda iş saparyny amala aşyryp, guşuçar belentlikden birnäçe möhüm desgalarda alnyp barylýan işleri synlady. Milli Liderimiz 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly käbir meselelere aýratyn üns berdi.
08.06 2015
Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kazakstan temir joly” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Askar Mamini kabul etdi.
08.06 2015
Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbiriniň, pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly ileri tutulýan wezipelere, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.
05.06 2015
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisine gatnaşýan wekiller «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky rezolýusiýasyny makulladylar. Olar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandyklaryny beýan etdiler.
05.06 2015
Aşgabat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň 5 aýynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri jemlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy.
03.06 2015
Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki döwletiň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dostlukly ýurduň uly wekiliýetine Wengriýanyň daşary işler ministriniň orunbasary doktor Laslo Sabo ýolbaşçylyk edýär.
02.06 2015
Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
29.05 2015
Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Abdul Maligi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
28.05 2015
Hormatly Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň agzalary! Hormatly adamlar! Geçen ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar öz işine başlady. Biz şu gün bu Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirýäris.
834 sahypa
Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara