Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
23.02 2018
Meniň üçin şu gün bu ýerde bolmak uly hormatdyr diýip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna başlanmagyna bagyşlanan dabarada çykyş edende aýtdy.
23.02 2018
“Bu gün biz diňe bir gaz geçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimiz üçin binýady, hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýarys” diýip, Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine başlanmagyna bagyşlanan dabarada aýtdy.
23.02 2018
Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan diwersifikasiýa ýoly bilen, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny köptaraply düzümleri döretmegiň hasabyna artdyrmak arkaly mawy ýangyjy eksport etmek boýunça tutumly işleri alyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda aýtdy.
23.02 2018
Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hemTürkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi.
22.02 2018
Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Şa­hid Ha­kan Ab­ba­si­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Be­lent mer­te­be­li myh­man Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tä­ze des­ga­la­ry­nyň, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň we op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň baş­lan­ma­gy hem-de Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açy­ly­şy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za gel­di.
22.02 2018
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler döw­let mi­nist­ri je­nap Mo­ba­şar Ja­wed Ak­bar bi­len du­şuş­dy. Ol öňü­miz­dä­ki da­ba­ra­ly çä­re­le­re gat­naş­mak üçin öz ýur­du­nyň we­ki­li­ýe­ti­ne ýol­baş­çy­lyk edip, Türk­me­nis­ta­na gel­di.
22.02 2018
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Sul­tan Bin Said Al-Man­su­ry ka­bul et­di.
22.02 2018
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry, “Uz­bek­nef­te­gaz” paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Ali­şer Sul­ta­no­wy ka­bul et­di. Ol Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gyna ba­dal­ga be­ril­me­gi, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň we op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy hem-de Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açyl­ma­gy my­na­sy­bet­li çä­re­le­re gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za gel­di.
22.02 2018
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na ge­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry As­kar Ma­mi­ni ka­bul et­di.
22.02 2018
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň Mer­ke­zi we Gün­ba­tar Azi­ýa bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti­niň baş di­rek­to­ry Wer­ner Li­pa­gy ka­bul et­di.
833 sahypa
Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY