Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Çap edildi 08.04.2015
1301

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri Suşma Swarajy kabul etdi. Hanym Suşma Swaraj türkmen Liderine Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de Premýer-ministriniň ýollan mähirli salamyny ýetirip, öz ýurdunyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Şunda Hindistanda türkmen döwletiniň sebit hem-de dünýä möçberinde alyp barýan abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine gabat gelýän döredijilikli parahatçylyk söýüji syýasatyna ýokary baha berilýändigi we goldanylýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylygyna iň oňat arzuwlaryny beýan edip, üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belledi hem-de Hindistanyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýän ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz täze taryhy eýýamda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň döwrüň wakalaryna we özara bähbitlere gabat gelýän täze hile we mazmuna eýe bolýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berildi. Ol Aziýa sebitiniň döwletleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşmaga hem-de umuman, Ýewraziýa yklymynda parahatçylygyň, dostlugyň we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň hakyky körpüsine öwrülip, dünýäde energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir. Şu babatda Türkmenistan tarapyndan başy başlanan iri möçberli bu taslamanyň çalt durmuşa geçirilmegine hindi tarapynyň uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda özara bähbitli türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça giňelýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň we medeni-gumanitar gatnaşyklarynyň artýan depgini, häzirki zaman maglumatlar tehnologiýasy ulgamynda özara hereketleriň geljeginiň uludygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen we hindi halklarynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy we medeni kökleriniň umumylygy bilen birleşendigi nygtaldy. Türkmen we hindi halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksadynda medeni alyşmalary we ylmy gatnaşyklary has-da giňeltmegiň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň beýik ogly Baýram hanyň we onuň ogly Abdyrahym hanyň Hindistanyň taryhyna şöhratly sahypalary ýazandyklaryny belledi. Dostlukly ýurtda olaryň mirasyna uly hormat bilen garalýar. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Hindistan Respublikasynyň daşary işler ministri ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna iň oňat arzuwlaryny beýan etdiler. Duşuşyga Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Nagendra Prasad hem gatnaşdy.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow