Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Çap edildi 12.04.2015
1207

Tegu, 12-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda geçirilýän VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşmagynyň barşynda Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri Abdelila Benkiran bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Marokko Patyşalygynyň Hökümetiniň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, bar bolan tejribeleri we köpugurly mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda premýer-ministr Abdelila Benkiran Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berip, onuň Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm şertidigini belledi. Marokko Patyşalygynyň Hökümetiniň Baştutany Türkmen döwletiniň Lideriniň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine, ykdysady, durmuş hem-de ekologiýa meseleleriniň çözgüdiniň çäklerindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady. Söhbetdeşligiň barşynda tutuş dünýäde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde möhüm şert bolan bu wajyp ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň ýolunda wajyp ädimi alamatlandyrýan Bütindünýä suw forumynyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça pikir alşyldy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň doly möçberli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmaga bolan gyzyklanmalary aýan edildi we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlenildi. Maýa goýum, söwda-ykdysady, dynç alyş we syýahatçylyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Abdelila Benkiran ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns çekip, Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň arasynda medeni, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we giňeltmek barada aýtdylar. Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-marokko gatnaşyklarynyň iki dostlukly ýurduň halklarynyň hoşniýetli erki we döwletara hyzmatdaşlygynyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri esasynda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow