25.10
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şanly baýramçylygyň öňüsyrasyndaky giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Oňa Mejlisiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýurdumyzyň diplomatlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
25.10
2017
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere, hem-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy- enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça bu edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere garaldy.
25.10
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň pagtaçy kärendeçileriniň “ak altyn” taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi. Balkan welaýatynyň häkimi bolsa sebitiň gök ekerançylarynyň gazanan zähmet ýeňşi barada habar berdi.
25.10
2017
Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde taslamany makullap, degişli Buýruga gol çekdi.
23.10
2017
Paýtagtymyz Aşgabatda ýüzlerçe maşgala täze görnüşli jaýlara göçüp geldiler. Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
23.10
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen demirýolçularyny lokomotiw deposynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Onda şeýle diýilýär: Döwlet we halkara ähmiýetli demir ýollaryň, inženerçilik we dolandyryş desgalarynyň gurluşyklarynda siziň gazanan üstünlikleriňiz, çekýän halal we tutanýerli zähmetiňiz eziz Diýarymyzyň ynamly ösüşine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, halk hojalygynyň beýleki ulgamlarynyň pugtalanmagyna uly goşant goşýar.
22.10
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gana Kabul şäherinde we Gur welaýatynda ýerleşýän metjitlerinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
22.10
2017
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýürdumyzyň babadaýhanlary möhüm oba hojalyk möwsümi bolan güýzlük däne ekişini tamamladylar we Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.
21.10
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleribilen tanyşdy hem-de atly gezelenç etdi.
21.10
2017
Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakobdan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Aşgabatda Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.