Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna geldi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna geldi
Çap edildi 11.04.2015
1218

Aşgabat-Tegu, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Sekiz sagada golaý uçuşy amala aşyran hormatly Prezidentimiziň uçary Koreýa Respublikasynyň Tegu şäheriniň howa menzilinde gondy. Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny koreý tarapynyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden kaşaň “Interburgo Tegu” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady. Ertir, 12-nji aprelde hormatly Prezidentimiz VII Bütindünýä suw maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. 13-nji aprelde Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seulda ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri geçiriler. Bellenilişi ýaly, gepleşikler netijeli syýasy gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi berer. Ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň gün tertibine, ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekiljek ylalaşyklaryň taslamalaryna 10-njy aprelde Seulda geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň mejlisinde jikme-jik garaldy. Mejlisiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häziki ýagdaýy we geljegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi we özara gatnaşyklaryň täze mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, 12-nji aprelde Seulyň “Prezident” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan maslahat, ertesi gün bolsa Songýungwan Uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan fotosergini geçirmek meýilleşdirilýär.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow