22.12
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Ýagşygeldi Elýasowiç Kakaýew Döwlet baştutanynyň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.
22.12
2017
BMG-niň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul eden (Ikinji komitetiň (A/72/420) nutugy boýunça) Rezolýusiýasy
20.12
2017
Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi, oňa bu ýurduň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň wekilçilikli topary gatnaşýar.
20.12
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilçilikli toparyny kabul etdi. BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň baştutanlygyndaky bu wekilçilikli toparyň düzüminde BAE-niň energetika ministri Suheýl Al Mazrui, BAE-niň infrasruktura ösüşi ministri Abdulla bin Mohammed Belhaif Al Nuaimi we Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi bar.
18.12
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlarynyň häkimleriniň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
15.12
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli wajyp çözgütler kabul edildi.
15.12
2017
“Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, awtorlyk hukugynyň obýektlerini hasaba almak bilen bagly hereketler üçin ýygymlaryň Tertibi, hereketleriň sanawy we ýygymlaryň möçberleri tassyklanyldy.
15.12
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazguly Öwezgylyjowiç Mämmedow şol bir wagtda Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi wezipesine bellenildi.
14.12
2017
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolandan soňra Türkmenistan sebitde durnuklylygyň kepiline öwrüldi. Siziň başlangyjyňyz boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi Siziň ýurduňyzyň sebitde we bütindünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň kemala gelmegine goşýan goşandynyň ykrarnamasydyr. Türkiýe geljekde hem Siziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyňzy goldar diýlip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen hatynda bellenilýär.
14.12
2017
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda giňden bellenýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda giň gerim bilen amala aşyrýan işleriňizde rowaçlyk we üstünlik arzuw edýärin.