Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Bişkekde geçirilen gepleşikleriň jemleri barada gürrüň berdiler
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Bişkekde geçirilen gepleşikleriň jemleri barada gürrüň berdiler
Çap edildi 05.08.2015
1223

Bişkek şäherindäki “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar binasynyň Metbugat maslahaty zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlansoň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler. Onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün geçirilen gepleşikleriň jemlerine garaldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplaryň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydygy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ýagdaýy we ony mundan beýläk hem giňeltmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna we geljegine hem-de ählumumy ösüş meýillerine bolan garaýyşlaryň umumylygy bilen şertlenendir. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň sebitleýin hem-de haklara derejesinde, öňi bilen bolsa BMG-niň çäklerinde ýola goýluýan gatnaşyklaryň meselelerine seredildi. Döwlet Baştutanlary özara peýdaly gatnaşyklaryň, şol sanda energetika, ulag-aragatnaşyk syýahatçylyk we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Gepleşikleriň barşynda özara eksport we import edilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň bar bolan mümkinçiliklerini ulanmagyň ýollary ara alnyp maslahalaşyldy. Döwlet Baştutanlary Hökmüetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň başlamagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, taraplar onuň çäklerinde has ysnyşykly gatnaşyk etmek babatda ylalaşdylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn medeni-gumanitar gatnaşyklary munldan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Ylym we bilim, medeniýet we sungat, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny işjeňleşdrmek hakynda ylalaşyklar gazanyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana döwlet sapary dowam edýär.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow