Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna geldi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna geldi
Çap edildi 05.08.2015
1251

Aşgabat-Bişkek, 5-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Gyrgyzystanyň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp, hormatly Prezidentimiziň uçary Bişkek şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Manas-2” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanyndan resmi wekiliýetler zalyna çenli haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy boldy. Uçaryň ýanynda türkmen Liderini Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew mähirli garşylady. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri howa menziliniň Resmi wekiliýetler zalynda özleri üçin ýörite bellenilen ýere geçýärler. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirilenden soňra Hormat garawulynyň serkerdesi döwlet Baştutanlaryna dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Iki ýurduň Liderleri Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdagyna hormat goýýarlar we Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň öňünden geçýärler. Prezident Almazbek Atambaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Gyrgyz Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra türkmen Lideri öz gyrgyz kärdeşini Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Howa menzilinden Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni bilelikde “Ala-Arça” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow