Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy (ikiçäk)
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy (ikiçäk)
Çap edildi 05.08.2015
1162

Men size, siziň ajaýyp ýurduňyza döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygyňyz üçin hem-de mähirli kabul edilendigimiz üçin minnetdarlygymy beýan edýärin hem-de siziň geçen ýylyň güýzünde biziň ýurdumyza bolan resmi saparyňyzy mähirli duýgular bilen ýatlaýaryn. Şu günki gepleşiklerimiz siziň şol saparyňyzyň kanunalaýyk dowamy bolup durýar. Biz gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Biz size we doganlyk Gyrgyzystanyň ähli halkyna biziň halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Energetika howpsuzlygy, ulag-ustaşyr geçelgeleri boýunça ähli başlangyçlarymyzy goldaýarsyňyz. Biz doganlyk ýurtlaryň - Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň üstünden geçiriljek gazgeçirijisiniň taslamasyna uly ähmiýet berýäris. Biziň ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigi sebäpli, Gündogar-Günbatar ulag geçelgesiniň taslamasy uly ähmiýete eýedir. Biziň bu başlangyçlarymyzy goldaýandygyňyz üçin ýene bir gezek minnetdarlygymy beýan edýärin. Siz söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyny döretmek baradaky teklibimizi hem goldadyňyz: Onuň ilkinji mejlisiniň Aşgabatda geçirilendigi guwançly ýagdýadyr. Statistika maglumatlara görä, ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy 50 göterimden gowrak artdy. Biz bu görkezijini has-da artdyrmak üçin tagallalar ederis. Şeýle hem bu ýerde iki ýurduň işewürleriniň duşuşyklary geçirildi. Ol hususy telekeçiligiň ösdürilmegine oňyn täsir eder. Medeni-ynsanperwerlik ulgamyndaky hazmatdaşlyk hem işjeňleşdirilýär. Biziň halklarymyzyň däp-dessurlarynyň umumylygy bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şu ýylyň maý aýynda siziň ajaýyp ýurduňyzda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi üçin örän minnetdardyrys. Biz hem gyrgyz medeniýet we sungat işgärlerini Türkmenistanda kabul etmäge taýýardyrys. Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegine 20 ýyl dolýar. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan gaýtadan tassyklanyldy. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli halkara maslahaty we beýleki dabaraly çäreler geçiriler. Biz Sizi uly hormat bilen şol çärelere gatnaşmaga çagyrýarys. Siz sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýarsyňyz. Size belent jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikler, doganlyk gyrgyz halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş we bagt arzuw edýärin. Sag boluň!

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow