09.10
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begli Hezretgulyýewiç Beşerow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.
09.10
2018
Sizi «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
09.10
2018
Sizi ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
08.10
2018
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Meniň gadyrly doganym!
08.10
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
05.10
2018
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda beýan eden başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
05.10
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi, şeýle hem döwletimiziň mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
05.10
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň oba hojalyk tehnikalary we gurallary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hem-de agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 88-nji kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna, onuň esasynda satyn alynmagy bellenen oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny satyn almak barada goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi.
05.10
2018
Myratnyýaz Ärnyýazowiç Berdiýewi Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşatmaly.
04.10
2018
Duşuşyk tamamlanandan soň, Mejlisiň Başlygynyň, hökümet agzalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin Güwänamany, baýragy we ýadygärlik nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy.