Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
DIM-DE Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi
Syýasy habarlar
DIM-DE Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi
Çap edildi 05.10.2018
1353

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda beýan eden başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga DIM-iň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, syýasatşynaslar, Türkmenistanda resmi taýdan işleýän halkara guramalaryň we ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurt neşirleriniň žurnalistleri gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden milli Liderimiziň öňe süren netijeli başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan köptaraply we giň möçberli işleriň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan öz daşary syýasatynda bütin dünýä we sebit möçberinde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek meselelerini ileri tutup, ýaragsyzlanmak meselelerinde, terrorçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek we häzirki zamanyň beýleki howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär. Bu baradaky meseleleri abraýly halkara maslahatlarda yzygiderli öňe sürmek bilen, ýurdumyz bu ugurda anyk çäreleri görýär. Şol çäreleriň hatarynda Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ählitaraplaýyn kömek we ýardam berilmegi bardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan goňşy dostlukly ýurtdaky ýagdaýlaryň parahatçylykly düzgünleşdirilmegine yzygiderli ygrarly bolup, syýasy gepleşikleriň geçirilmegi üçin ygtybarly binýady döretmek ugrunda çykyş edýär we şunuň bilen baglylykda, halkara jemgyýetçiligiň netijeli tagallalaryny jemlemegiň tarapdarydyr. Duşuşykda BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Ý.Panowa, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň başlygy N.German, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Ş.Nilofer, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekili P.Karwowska we beýlekiler çykyş etdiler. Olar milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynda Durnukly ösüş maksatlary babatda aýdanlaryna aýratyn ünsi çekdiler. Olaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzda anyk ýüze çykan durmuş ugruna eýedir. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan, toplumlaýyn häsiýete eýe bolan iri möçberli özgertmeler şol maksatlar bilen ysnyşykly arabaglanyşyklydyr. Şeýle hem çykyş edenler iş ýüzünde Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika we ulag ýaly strategik ulgamlarda gatnaşyk etmäge degişli başlangyçlarynyň öňe ilerlemeginiň ýardam berýändigini nygtadylar. Bu teklipleriň wajypdygyna hem-de olara isleg bildirilýändigine BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmekde möhüm orny eýeleýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri ulag-kommunikasiýa ulgamy bolup durýar diýip, çykyş edenler bellediler. Multimodal üstaşyr-ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürüp, Ýewraziýa yklymynyň sebitara ugurlarynyň çatrygynda, häzir täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde taryhy taýdan ýerleşen Bitarap Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, bu ulgamda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan suw serişdeleriniň bolmagyny hem-de rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek ýaly maksatlaryň amala aşyrylmagyna uly üns berýär. Ýurdumyz şu garaýyşlar bilen yzygiderli çykyş edip, sebitimizde suw-energetika meseleleriniň diňe halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, her bir ýurduň bähbitlerini hasaba almak bilen hem-de halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidigini hemişe nygtaýar. Sebitiň ýurtlarynyň halkara bileleşik bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda milli Liderimiz Aral deňzini halas etmek meselesini hem görkezdi. Bu meselä eýýäm köpden bäri içerki, sebit meselesi hökmünde garalyp bilinmez. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milletler Bileleşigine agza döwletlere Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Aral meselesini guramanyň alyp barýan işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldamak baradaky çagyryş bilen ýüzlendi. Çykyşlaryň netijeleri boýunça, bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Nýu-Ýorkda adamzadyň geljegine gönüden-göni bagly bolan ählumumy meseleleriň sazlaşykly çözgüdini tapmakda özüniň işjeň ýörelgesini hem-de öňdengörüjilikli çemeleşmesini nobatdaky gezek görkezendigi barada bir pikire geldiler.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
top-arrow